Mynajat

Eger bir ýaman söz sypsa dilimden
Allajan, sen menden etme aýyp-syn.
Çünki bu dünýäde gören-eşdenmi
Paýyş söz agzaman beýan etmek kyn.

Sen - Hudaý, isleseň, islemeseňem,
Menem özüň bilýäň, ýazykly bende.
Emma mundan beýläk sejde kylmaga,
Jinnek ýalam takat galmady mende.

Sebäbi bäş ýyl öň, gyşyň bir güni,
Hak söz üçin tyg urdular bedenme.
Sen Hudaý halyňa utanmadyňmy
Meni şol günlere duçar edenňe?

Kisäm kör-köpüksiz ýat dilde gepläp,
Kömek sorap, ýada boldum hemşeri.
Bir gögele oglan on sekiz ýaşly,
Huzuryňda durmanmydym kemşerip?

Başym ýaşdy, ýagşy pälimden başga,
Ýokdy meniň ýaşamaga serişdäm.
Niredediň şonda, Gudraty güýçli,
Nirededi on müň sany perişdäň?

Men soňra kem-kemden içgä imrindim,
Höwes etdim zährimarly bokala.
Elbetde, şol günleň ajysy hakda,
Ýazyp bordy kitap ýa-da makala.

Emma men ýazmadym, elim degmedi,
Ile diýmäge-de barmady dilim.
Ýeri, diýdimem-dä, peýdasy näme,
Hiç kimem kireýsiz kakmaýar kilim.

Dogry, içen wagtym teselli tapýan,
Ýöne uzak çydap bilmen beýdibem.
Aý, näm bolsam, şol bolaýyn, owarram,
It çeýnesin, garga çoksun meýdimem.

Barybir ynamsyz ömür sürenden
Ile meňzeş bolup, ölenim ýegdir.
...Her niçigem bolsa, unutmaryn men,
Nämüçin sen meniň göwnüme degdiň?


Çary ÝEGENMYRADOW
3 лайков 432 просмотров
37комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soraber
19 фев 2022, 06:43
Hakykaty ýüzüňe bassalar erbet bolýaňmy minusçy?
Soraber
19 фев 2022, 08:33
*nebsi agyrjaga meňzeýär
Hiayres
Автор 19 фев 2022, 08:50
Цитата: Hidden666
Siziň pikiriňizçe arak içmek harammy?!


Ur diýilse gözüni çykarmaly diýilen zat ýok.

Arak haram bolsun, bolmasyn, ýöne aragyň adam organizmine ýetirýän zyýany bolsa göz görtele görnüp duran fakt. Dowamly arak içmeklik bagyr siriozyny, aşgazanda pankretit, aşgazan asty mäzde rak, ýürekde infark, gende struktura bozulmasy we ýarawsyz, mutasiýalaşan çagalaryň dünýä inmegine we beýnide neýron öýjüklerini öldürip adamy aň taýdan göýdük, duýgy taýdan kütek derejesine getirýär. Şahyram öz goşgusynda arak içmekligiň gowulygyny propaganda edenok.

"Men soňra kem-kemden içgä imrindim,
Höwes etdim zährimarly bakala."

diýen setirlerinde-de aragyň zährimardygyny (zähri-zäher, mar-ýylan; ýylanyň zäheri) belläp geçýär.
Hiayres
Автор 19 фев 2022, 09:08
Eger bir ýaman söz sypsa dilimden
Allajan, sen menden etme aýyp-syn.

Indi nädip şahyr Hudaýa soraga çekip bilýär diýýänler üçin:
Şahyr Hudaýy soraga çekmeýär, goşgusynyň adyndan hem bentlerinden belli bolşy ýaly şahyr Hudaýa mynajat (ispowed) etýär. Ýagny özüniň ejizdigini ("Menem özüň bilýäň, ýazykly bende"), ejizligi arkaly basyşa çydamandygyny we hiç ýerden haraýyň bolmanlygy sebäpli köp ýalňyşanlygyny we ýalňyşynyň ötülmegini (ýagny düşünilmegini) dileýär.
Hanguly
19 фев 2022, 10:11
Hudaýa sen biz düşüner ýaly aňymyz beýik däl. Yslama ynanman bilersiň, ýöne hormat goý.
Hiayres
Автор 19 фев 2022, 10:19
Цитата: Wlad
Hudaýa sen biz düşüner ýaly aňymyz beýik däl. Yslama ynanman bilersiň, ýöne hormat goý.



Maňadymy bu ýüzlenme?!
Hanguly
19 фев 2022, 10:27
Hiayres,
Ýok