Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna

Ajap waspnamasy gadym taryhyň,
Beýik Magtymgulyň şygyr diwany.
Şahyr ýüregimden etjek tarypyň,
Ussadym Pyragy şygyr diwanyň.

Hakykaty diňleýän köp söýende,
Ýoluňy ýöräber ýagşa söýende ,
Hazynasy Türkmen agaň öýünde,
Beýik Magtymgulyň şygyr diwany.

Iki dünýedende bize söz açyp,
Gelipdir dillerden dillere geçip,
Ýitmez hakydadan gitmändir öçüp,
Beýik Magtymgulyň şygyr diwany.

Aglap geldik aglap gidýäs pelekden,
Akly zyýat güýçli müň bir bilekden,
Wyjdanyňy geçiripdur elekden,
Beýik Magtymgulyň şygyr diwany.

Ata babalaryň namysy ary,
Pyragy diýdimi gutardy bary,
Milli mirasymyz asyrlar sary,
Beýik Magtymgulyň şygyr diwany.

Aýdym edip dilden düşürmez bagşy,
Sungatyňam gadry bilinse ýagşy,
Ýürege oýulyp çekipdir nagşy,
Beýik Magtymgulyň şygyr diwany.

Bu gün begenjinden ýaşarýa gözler,
Jennet mekan boldy bu dagy düzler,
Ussadym taryplap gutarmaz sözler,
Bize miras goýan şygyr diwanyň.

Şahyr sen
Akyl derýasynda paýhas gämisi,
Şygyr setirleriň dürler dänesi,
Poeziýa älemniň beýik danasy,
Pir erenler gujak geren şahyr sen.

Akyldar şahyrym sözüň ussady,
Dünýäň çar künjine meşhurdyr ady,
Döwletmämmet Azadynyň öwlady,
Kalby joşup telwas uran şahyr sen.

Aşyk bolup watanyna ýurduna,
Onuň wasnamasyn ýazdyň herdeme,
Elmydam çagyryp öwüt ündewe,
Hak Tagala ylham beren şahyr sen.

Dillermizde hiç gutarmaz aýdym sen,
Ölmez ýitmez eser miras goýduň sen,
Şeýle günler geljegini duýduň sen,
Gelejegi öňden gören şahyr sen.

Zalym pelek elden alypdy ýaryň,
Kalbyňda göterip Meňliniň zaryn,
Eden arzuwlaryň galypdy ýarym,
Ata ýurda arka duran şahyr sen.

Arzuw eýläp gitdiň agzybir döwlet,
Bolduň türkmenime bir ruhy medet,
Galkanyň wyjdanyň gylyjyň döwet,
Şygyrýete binýat guran şahyr sen.

Hakdan içen şahyr dogulýar ýeke,
Hak ýoldan dänmediň zorluklar çeke,
Pata sorap geldim dyzyma çöke,
Päkligiňde döwran süren şahyr sen.

Süleýman Tekäýew
2 лайков 205 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ayralyk_Official
02 сен 2023, 23:27
Beýik şahyr Magtymguly atamyzyň 300-ýyllygy bilen hemmäňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn!!!