Açyk dursyn penjiräň

Açyk dursun,
Açyk dursun gapyňyz,
Size tarap barýandyryn elmydam.
Italmaz Nuryýew

Açyk dursyn açyk dursyn penjiräň,
Ýanyňa ýeterin menziller aşyp.
Gara gözleriňe bakyp eljiräp,
Ýenede diýerin men saňa aşyk.

Ir säherden gözüň açan badyňa,
Şemal bolup penjiräňden girerin.
Ajap pursatlary salyp ýadyňa,
Şar garaja saçlaryňy örerin.

A soňrada güneş bolup öýňüze,
Taýsyz nurum bilen şöhle saçaryn.
Ertirligi alanňyzda öňüňize,
Ol mymyk ýaňagyň sypap geçerin.

Gündüzine saňa hemra bolsamda,
Gije ýyldyzlardan dolanda asman.
Çagyrsaň guş deýin uçar gelerin,
Hatda topragada aýagym basman.

Ýürekdäkim saňa aýdaryn bukman,
Ýanmasam gerekdäl jaýyňda çyraň.
Düýşdemi,huşdamy bararyn hökman,
Açyk dursyn açyk dursyn penjiräň.

Süleýman Tekäýew
2 лайков 90 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bole
15 сен 2023, 10:15
https://drive.google.com/drive/folders/1t8GoFrbxhNNyxj8PjQ3WGzfZeH1VTWbG

Moderator @Telwas (öňki Nirvana barada faktlar

Dusunmeseňiz johndaviesineuropa@gmail.com pocta yazayyn