GALAMDAŞ GYZA

Adaty dünýäde üýtgeşiklik sen,
Uzak sen adaty gürrüňden-gepden.
Kalbyň iň gyzykly kitaplaň biri,
Duýgularyň — galam, ýüregiň — depder.

Ýazgylaň ýaz ýaly.
Göwnüň ýazýany
Goşgy görnüşine giren sedamy?!
Maýyl edýän gürrüňleriň bilen sen
Kül-peýekun edip barýaň edamy...

Erkime erk edýäň.
Soňky döwürler
Ynjyk bir adama öwrülip barýan.
Sözleň aýazyndan üşeýän aşa,
Kalbyň yssysyndan gowrulyp barýan.

Aýdyma meňzeş sen, meňzeş sen saza,
Adyň her harpynda görýän bir şygyr.
(Göwnüme bolmasa, şu zatlar üçin
Biziň şahyrlyga ýetip barşymyz)

Erkana sen, bir uçaňok guş bolup,
Serhet ýok, azat sen zyýandan, nepden.
Adaty dünýäde üýtgeşiklik sen,
Uzak sen adaty gürrüňden-gepden.


Sapa HOMMADOW
9 лайков 380 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Süleýman
21 сен 2023, 11:48
berekella agam üstünlik
Ak-sary
21 сен 2023, 12:06
Biderek sorag!

Adaty dünýäde sözler adaty dälmidir?
Ak-sary
21 сен 2023, 12:10
Kalbyň IÑ gyzykly kitaplaň biri,

iñ gyzykly kitap diýlip atlandyrylan we onuñ gyzyklylyk ölçegini ölçăn abzal barmy ? :)
Pegas
Автор 21 сен 2023, 13:20
Ak-sary
Biderek sorag!

Adaty dünýäde sözler adaty dälmidir?

Sözler adatydyr, ýöne bir adam adaty däldir bir adam üçin)
Pegas
Автор 21 сен 2023, 13:20
Ak-sary
Kalbyň IÑ gyzykly kitaplaň biri,

iñ gyzykly kitap diýlip atlandyrylan we onuñ gyzyklylyk ölçegini ölçăn abzal barmy ? :)

Bar. Ýürek-dä şol abzal)
Ak-sary
21 сен 2023, 13:45
Seniñ goşgularyñ okamak üçin akgynly.käte toýlarda-da okaýýan.bu günler toýam bolanok,başga etraplarda.köpüñ öñũnde goşgy okasym gelip gidipdir.sesler bozulyp ýognap barýar.ömrüñ bolsun aga.
OrazMuhammet Aşyrow
21 сен 2023, 14:47
Ol çyndanam adaty dünýäde üýgeşiklik...
DonMaxx
21 сен 2023, 19:10
yetirip dur sakaldas
Pakize
21 сен 2023, 20:19
Ak-sary,
Bu şahyryñ goşgularynyñ hemmesi diýen ýaly aýralyk hakda gussaly goşgular. Toýda okaýan diýipsiñiz weli
Ak-sary
21 сен 2023, 21:53
Pakize
Ak-sary,
Bu şahyryñ goşgularynyñ hemmesi diýen ýaly aýralyk hakda gussaly goşgular. Toýda okaýan diýipsiñiz weli


Hawa şeýle.men buzatdan corek iyemok ..içi şatlykdan doly goşgular adamlaryñ duýgylaryny gozgara ejiziräk gelÿar.düşündirip bildimmi?toyda toy hakynda aytmak hökmany däl. Öñem bir zenan tamadalañ biri o dünýe hakda okap dur.muña näme diyjek..siz nahili gosgulary nazara aldyñyz,okamak babatda.onnañam hemme tomgylarda okasyñam aýdasyñam gelip baranok....
Pakize
21 сен 2023, 22:39
Ak-sary,
Düşündim.
Ahally
22 сен 2023, 00:02
Oňat goşgy.