Arzyly gün

Ýene ýola düşdüm eýerip kalba,
Söýgüden püre pür bu garyp külbe.
Her bir dogan günüm sen diýip dogsa,
Nädeýin sensizlik bogazym bogsa.

Ýene öňki köçe ýene öňki jaý,
Halyma geňirgäp syn edip dur aý.
Bilmedim nesebäp ne zelel ýetdi,
Ýürek sen tarapa ädimler etdi.

Ýogsam duşuşyga çagyrmadyň sen,
Aýnaňyza bakyp çykdym daňa çen.
Aý gynandy bolup ýören halyma,
Ýyldyzlaram şöhle saçdy ýoluma.

Başy başlanmadyk anyk bolmadyk,
Uçan durnammy sen gaýdyp gelmedik.
Söýgi sözlerimi ýürekde besläp,
Gelipdim bar derdim aýtmagy isläp.

Oýlandym otyrdym daňama atdy,
Ýüregim arzuwlaň kölüne batdy.
Ýenede yzyma gaýtmaly boldum,
Sözlerimi ertir aýtmaly boldum.

Sagat minutlaram geçipdur gädip,
Dogurdanam söýgim aýtsamkam nädip.
Ertir gelse bolýa eläji bolar,
Ertirler geljegi özgerdip biler.

Ýarym söýýän diýip bagtymy açar,
Aýtasana Aý şol gün gelerkä haçan.

Süleýman Tekäýew
0 лайков 83 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.