Sümer Plita ýazgylary

ADAMUNYŇ WE TIAMADYŇ JYNSY GATNAŞYKLARY

Kesikler ýapylandan soň etleriň üsti örtüldi (ýagny dikin goýulýar). Soňra olaryň dördüsini oýandyrdy.
Ningişzidda (Reanimasiýa edilýär. Häzirki ösen lukmançylygyň ulanylyşy) ''tamamlandy'' diýip buýsançly gürledi. Olaryň janly baglaryna iki sanysy ýene goşuldy ( x we y hromosomalary). Olaryň janly suwuklyklary indi köpeliş güýjini görkezmelidi: ''Öz erkine goýbereli olary, bir beden bolýançalar biri-birlerini bilsinler'' diýýärdi Ninmah.

ÖZ ERKINE GEZSINLER DIÝIP EDINIŇ MIWE BAKJALARYNA ÝERLEŞDIRILDI

Adam we Tiamat (Mukaddes Kitaplardaky Aden we ol ýerdäki miwe bakçalygyny ýatlaň)
ýalaňaçlygyna göz ýetirdiler, jynsy agza, erkeklik we aýallygyň nämedigini bildiler (Indi bolsa ýylanyň, ýagny lukmançylykdaky hromosoma nyşanynyň peşgeş beren almasyndan soň Adam bilen Howyň jynsy gatnaşygy bilmeklik hekaýasynyň asylky görnüşini okalyň. Indem jennetden, ýagny Adenden hakykatdanam nähili kowulýandygyna üns bereliň.)

ENLIL ADAMU WE TIAMADY JYNSY ORGANLARYNY ÖRTÜKLI HALDA GÖRÝÄR

Tiamat Ýapraklardan öňlük edindi, ýabany haýwanlardan tapawutlanmak isledi. Günüň gyzgynlygynda Enlil miwe bakjalygynyň kölegesinde aýlanyp ýördi (Töwrätda hem şol bir ýazgy bilen Taňry miwe bakjalygynda aýlanýandygy ýazylypdyr). Garaşylmadyk ýagdaýda Adamu we Tiamada sataşdy. Gasyklarynyň örtülendigini gördi. Enlil: ''Olaryň örtüginiň sebäbi näme?'' diýip Enkini çagyrdy.

BU ÝAGDAÝ ENLILIŇ GAHARYNY GETIRÝÄR

Enki gelip ''Olaryň köpeljekdijlerini'' aýdyp berdi. Ýedi sapar, ýedi gezek başaryp bolmady'' diýip Enlile aýdyp berdi. Ningişzidda janly suwuklyklaryny barlagdan geçirdi, bir zatlar ýetenokdy. Enliliň gahary gitdigiçe möwç aldy we ol şeýle diýdi: ''Bu zatlar hiç göwnüme ýaramady, ýaratmak, döretmek biziň hetdimizemi diýip garşy çykypdym. Ätiýaçly ýaradylan bar diýipdiň Enki. Bir etmeli zadymyz onuň üstüne yşaradymyzy goýup ilkinji işçileri peýda etmekdi.
Şypaçy gahrymanlar howply ýagdaýa baş urdylar. Ninmah we Ninki dagylar hem töwekgellik etdiler. Hiçisi derde ýaramady. Eserleri dereksiz boldy. Indem janly öýjügimizi bu ýaradylanlara berdiňiz köpelsin diýip biz ýaly. Biziň ýaşaýan ýaşymyzam olara berdik bir diýme...(Uzak ýaş aýratynlygy hakda aýdýar)''.
Enki Enlili köşeşdirmek üçin Ninmah bilen Ningişziddany çagyrdy. Ningişzidda söze başlady: ''Jenap Enlil. Olara köpeldiçlik bagş edildi. Ýöne uzak ýaş olaryň suwuklyk agajyna goşulmady.

(Töwratda adamyň ömri 120 ýyl diýilendigini ýatdan çykarmalyň.
Ýaradylyş; 6-3 Reb, ''Ruhum adamda ömürlik galmaz, çünki ol ölümlidir'' diýdi. Adamyň ömri ýüz ýigrimi ýyl bolar...''). Soňra Ninmah Enlile öýkeli halda şeýle diýdi: ''Başga näme edeli doganym? Hemme zady başaryp bilmän Nibiruny Howp astynda goýalymy?
Ýa-da täzeden synanyşyp güýçli işleriň hötdesinden gelmek üçin Ýerlileriň köpelmegine şert döretmekdimi? Eger şeýle bolsa nirede özbaşlaryny çarap bilseler şol ýere hem gitsinler. Edinden daş ýerde gezsinler'' diýdi. Adam bilen Tiamady Abzuwa kowdular (Ine şu ýerde Adam ata bilen How ene Jennetden kowulýar.)

(dowamy bar)

Zakariýa SEJIN
3 лайков 126 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
hhGenial
24 сен 2023, 20:23
Спасибо!!!