Ikimiziñ aýdymy

IKIMIZIÑ AÝDYMY.

"Men señ ýalyny hijem tapmaýan..."
(Aýdymdan)

- Maña aýtjak zadyñ barmy?
- Bar.
- Aýt!
- Men öýlenýän. Seni toýuma çagyrýan.
- Bagtly bol! Baryp bilmen... Bar aýtjagyñ şolmudy?
- Howwa. Sen nämä garaşypdyñ?
- Hiç-le.
- Men bilýän.
- ?
- Men seni ...
- Yzy?
- Söýüpdim.

****
Sowuk. Sop-sowuk. Ýüregimiñ sowugy bedenime täsir etdimikä? Üşeýärin. Her gün säher bilen özüme şu günem mydar etmegini haýyş edýärin. Ýaşamaly. Ähli bolan zatlara bilgeşleýin ýaşamaly. Tylla günüñ zemine sary uzaýan saçlarynyñ sanyça yzalary çekseñem, ýene şonça yza kaýyl bolup ýaşamaly. Goja dünýä indiñ. Indi yza ýol ýok.
Ynsan başaryşyça bagtly bolýarmyş diýýäler. Eger hiç bagtly bolup bilmedik bolsa, şonda näme? Diýmek bagtly bolmagy başarmandyr, şeýlemi? Sowallar... sowallar. Olar goşunyny mäkäm jemlän duşman deý çar tarapdan üstüme çozýarlar. Menem ýeñlişe sezewar bolan esger kimin başymy öñe egip, öz oýlaryma gümra bolýaryn. Oýlarym mahal-mahal şygyr setirlerine syrygýar. "Ähli duşan hem duşmadyk ykballañ, Dünýesidir biziñ ümmülmez dünýä" diýen şahyry öz ýanymdan mamla hasap edýärin. Soñ bolsa ruhumyñ deñsiz-taýsyz syrdaşlaryna - aýdymlara içimi döküp başlaýaryn.
...Ol aýdym ilkinji gezek jigim diñläp oturka tötänleýin gulagyma degipdi.
" Özüñi meñ ýerime goý..." diýip başlanýan setirlerinden tä soñuna çenli her sözi ýüregimde yşk mukamy bolup ýañlanýardy. Serimde gaýtalanýardy. Ol wagtlar heniz sorag alamatlaryndan doly dünýäñ bilen aladasyz, bigam dünýämiñ gapysyny kakmandyñ. Diýjek bolýanym, birini dälilik hetdine ýetip söýüp, ondan jyda düşmegiñ yzasy ýaş köñlüme tanyş däldi. Ýöne, her gezek aýdymy diñlänimde ruhumda apy-tupanlaryñ gopýanlygyny duýardym. Birdenkä-de özümden biygtyýar gözlerime ýaş aýlanardy. Düşünmezdim. Düşünjek bolup aklyma şunça agram salsamam aýdymyñ mende beýle hesreti oýarmagynyñ sebäbine teý düşünmezdim. Barybir gözlerimi ýumup jadyly owazyñ içinde azaşmak lezzetinden mahrum etmezdim özümi. Aýdymy diñlänimde başymdan geçirýän duýgularymy nädip düşündirsemkäm? Asmanyñ iñ ýokarsyndan - bulutlaryñ arasyndan gollaryñy ganat deý giñ açyp ýer ýüzüne syýahat etmek kimin ýakymly.
Ine, bir günem saña sataşdym. Tanan ilkinji günümden başlap özüñe bolan gyzyklanmany oýarypdyñ. Seniñem garaýyşlaryñda şol görmek isleýän mährimi görüpdim. "Bu şol bolmaly. Agtaranym bolmaly" diýip oýladym. Bagtlylygymy tutuş durkum bilen duýdum.
Hemme zat pursatdan ybarat. Bagtam, betbagtlygam, şatlygam, gussa-da. Maña eçilen bagtyñam bary-ýogy üzlem-saplam pursatlardan ybarat eken. Ikimizi hoşlaşdyryp, herimizi aýry ýola ugradan şo-ol güni senem mençe ýatlaýarmykañ? Aýdylmaly sözler neneñsi kän, aýdylanlar bolsa neneñsi az. "Söýüpdim" diýdiñ didämden didäleriñi sowup. Näme üçin ýüzüme garamadyñ şonda? Özge bilen ykbal birikdirjek bolup ýörkäñ beýle boýun alyşy ýersiz saýanyñ üçinmi? Ýa bolmasa, söýgiñ üçin göreşip bilmeýänligiñe utanypmydyñ? Aýdýan-a bu sowallar kän daşymy gabaýar. Gowusy, sen soranjañlygyma, bilesigelijiligime üns berme.
Ýeri, indi bulary ýanjap oturmagyñ kime nepi degjek diýsene? Men ony aýtmakçy däldim-ä. Düýpgöter başga zat - şo-ol aýdym hakynda gürrüñ berjekdim.
Saña bagt arzuw edip hoşlaşan günümden bolsa iki-üç geçendir, uýaña gabat geldim. Salam berip, deñinden geçiberjek bolanymda haýyşyñy ýetirdi.
- "Bagtly bol" aýdymy. Şol aýdymy tapyp diñlesin diýýär - diýdi-de duşumdan ötdi.
Doññara daş ýaly duran-duran ýerimde galypdyryn. "Bagtly bol! " "Bagtly bol!" diýip aýdymyñ adyny telim ýola gaýtaladym. Gör-le, täleýiñ işini. Ol aýdym heniz seni tanamankam gözlerimden ajy ýaşlar süzdürip, aglamakdan lezzet alyp diñleýän aýdymym ahyry. Şol hoşlaşan pursadymyzyñ yzysüre hem kän diñläpdim ony. Diýmek, senem menden bihabar öz ýanyñdan ony diñlän bolmaly. Iki ynsan birek-birekden habarsyz şol bir aýdymy diñläp biri-birini ýatlaýan bolsa, bu olaryñ arasynda nähilidir bir ýakynlygyñ - duýgy baglanyşygynyñ bardygyny añladýar. Öz tapan açyşyma özüm ýylgyrdym. Öýe nädip ýetip, tanyş aýdymy nädip diñläp başlanymy bilemok. Bir seretsem, ýene göz owalarym çygjarypdyr.
Aýdym "Men seni henizem ýatlaýan, henizem söýýän öñküm ýaly" - diýen sözler bilen jemlenende özümiñem hut şol aýdymdaky duýgulary başdan geçirýändigimi duýdum. Belkem, durmuşyma hut şu aýdymyñ duýgusyna düşünmegim üçin girensiñ.
Näme diýsene, diñe wysala ýeten aşyklaryñ öz aýdymy bolmaly diýen zat ýok ahyry. Wysalsyz söýgileriñem aýdymy bolmaly. Goý, bu aýdym ikimiziñ aýdymy bolsun! Haçan-da bolsa bir ýerde onuñ tanyş sözleri, tanyş mukamy gulagymyza degende biri-birimizi ýatlaly. Ýöne munuñ üçin bize berlen ömri gamlanyp geçirmäli. Diñe gussa şemaly ýüregimizi sähel salymlyk sypap geçsin. Soñ bolsa ýylgyraly. Bary-ýogy ýekeje ýylgyryş!

2 лайков 373 просмотров
39комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
Автор 24 сен 2023, 21:58
Ben de bu yolları gide-gele göreceğim
Yok ki bir bildiğim
Serdeki acıları çekmek için yine
Bir zalim seveceğim
Bir şeý öğrendiysem eğer
Karşılığı yokmuş meğer
Her aşk gibi bu da bir gün biter
Belki
Автор 24 сен 2023, 22:00
Yüreğinden yaralı
bizim hikayemiz
Kaderimden kalanı
Silsem de gitmiyor
Iki söhbet aralık
Bütün mesafemiz
Sevdim anlamıyor.
Hemedany
24 сен 2023, 22:10
Ynsan başaryşyça bagtly bolýarmyş diýýäler. Eger hiç bagtly bolup bilmedik bolsa, şonda näme? Diýmek bagtly bolmagy başarmandyr, şeýlemi? 

Diýmek, menem bagtsyz, başarnyksyz ekenim. ;(
Nazar
24 сен 2023, 22:57
Şoň şanyna guy 50gram
Belki
Автор 24 сен 2023, 23:17
Hemedany, näme diýjegimi bilmedim-äý.
Belki
Автор 24 сен 2023, 23:18
Fan B, saglyga!
Belki
Автор 24 сен 2023, 23:20
Men señ ýalyny hijem tapmaýan
Senem tapmarsyñ men ýaly
Ýürek aglaýar
Sowamok men seni henizem ýatlaýan
Henizem söýýän öñküm ýaly
Bagtly bol!
Diamante
24 сен 2023, 23:26
Howwala bagtsyz bolsa başarnyksyzdyr yone käbir adamyn manlayynda bar bagtsyz bolmak (meň pikirimç)
Belki
Автор 25 сен 2023, 00:14
Diamante, meñ ýalymy? )
Azasan.?
25 сен 2023, 09:41
Belki
Diamante, meñ ýalymy? )

Siz na bagtsyzmyyy.
hhGenial
25 сен 2023, 10:58
Belki, siz häzir bagtsyz bolsanyz Alla size sizi bagtlydanda bagtly etjek ynsany duşurjakdyrda menin pikirimçe!
OrazMuhammet Aşyrow
25 сен 2023, 12:22
Sene görə geldim
Her şeyi unudub geldim
Seni niye sevdim
Heç bilmirəm sevdim

Dünýäde iň bagtly ynsan saýarsyň özüňi, öz ýeten bagtyňa özüňem düşnüp bilmersiň. Bir gün bagt senden ýüz öwürer we her gün, her pursat çekersiň eziýetini.
Belki
Автор 25 сен 2023, 12:33
Azasdym, howwa. Señ nikiñ maña gowy gelşäýjek ýaly göwnüme bolmasa )
Belki
Автор 25 сен 2023, 12:34
Genial, durmuş ertekilerdäki ýaly gutarmaýar
Belki
Автор 25 сен 2023, 12:36
Mrokas, tapyp ýitiren bolsañ menden-ä gowy ken ýagdaýyñ. Ýa tapyp ýitireniñden hiç tapmanyñ gowumyka? (Meñ ýaly)
Hemedany
25 сен 2023, 12:38
Içimden bir ses:"Men henizem bärde" diýip gygyrasy gelýä welin, arman...
hhGenial
25 сен 2023, 12:40
Belki,Hemme zat bolup biler durmuşda ozun hem bilmän galýan bagtly gününe ýeteninde
Belki
Автор 25 сен 2023, 12:41
Hemedany, gygyryber )
Belki
Автор 25 сен 2023, 12:42
Genial, dogrusy hemme göwünlik göwnümden turup baranok. )
Belki
Автор 25 сен 2023, 12:48
Her toparda hökman wagtyndan giç ýatýan çaga bolýar. Hemmesini ýatyrdym diýip ýatylýan otagdan çykjak bolarsyñ welin, bir seretseñ, gözjagazyny jikgerdip ýüzüñe seredip ýatandyr. Onsoñ pikir edersiñ şol çaga toparymda bolmadyk bolsa hemmesi bir wagtda ýatardy diýip. Ýöne bu mümkin däldir. Her toparda bardyr şoñ ýaly.
Durmuşam birhili şeýleräk ýaly. Şu aladam bolmadyk bolsa diýýäñ ýöne her kimde hökman bir alada tapylýar.
Belki
Автор 25 сен 2023, 12:51
Sen yokken ne gece ne de gündüz
Ne ay var ne de yıldız
Her yer karanlık her yer ıssız
Göremiyorum.
Azasan.?
25 сен 2023, 15:28
Belki
Azasdym, howwa. Señ nikiñ maña gowy gelşäýjek ýaly göwnüme bolmasa )

Almasalymy nikimizi?
Belki
Автор 25 сен 2023, 15:30
Azasdym, almasaly? Çalşaly diýmekmi?
Azasan.?
25 сен 2023, 15:41
Belki,
Hawwaa.
hhGenial
25 сен 2023, 21:06
Şu ýerde dowam etdirsek bolmaýarmy?
Azasan.?
26 сен 2023, 09:56
Belki,
Men pikirimce sizin bir derdiniza bar bagtsyzlygynyza sebap bolyan..??
Belki
Автор 26 сен 2023, 13:27
Azasdym, ýalñyzlykdan başga derdim ýok. (Hudaýjana şükür!)
Azasan.?
26 сен 2023, 16:03
Belki,
Onda name un beyle gamgyn duyula sizin mowzuklarnyz teswirleeiniz.
Belki
Автор 26 сен 2023, 19:51
Azasdym, diñe ýalñyzlyk sebäpli
Hemedany
26 сен 2023, 20:07
Seni ýalňyzlykdan alyp çykjak ruhdaşyň täze eýýam-da gezip ýör, edil Rumynyň döwri ýaly.