GABAN!

Gaban!
Belki, sebäp bardyr gabanýan bolsaň,
Gabanmasaň näderdim?!
Saňa munça yhlas edip,
Halanmasam näderdim?!
Gabanmaýan,
Gysganmaýan meňki däldir,
Nä derdim?!

Şonuň üçin gaban meni!
Ýak meni,
Ot bilen däl, söýgiň bilen!
Sakla meni gysymyňda.
Seň elleriň gyssa bolýar.
Aslynda men idemeseň,
Soramasaň hassa bolýan.

Gaban meni,
Gabanjaňlar heder etsin!
Gaban meni!
Menden başga gözleriňe ilmesin.
Gaban meni!
Gysgan meni!
Tä adyňy ýazýançalar
Kitabyna Ginnesiň!
Sen meni şeýle bir gaban,
Şeýle söý:
Guraly ajaýyp ýadygärligi
Ýaş-ýeleňleň iň köp barýan ýerinde,
Durar ýaly asyrlap.
Goý, ol päk söýginiň nyşany bolsun,
Öňünde juwanlar biri-birine
Hoş söz aýtsyn,
Wada bersin,
Guşlar uçsun pasyrdap.

Sebäp bilen gaban,
Keýpine gaban!
Nähili isleseň, bolsun şo hili.
Ýekelikde gaban,
Köplükde gaban,
Sorasalar aýdaý: “Şonuň ýesiri.
Troýanyň şazadasy Paris deý
Bagtly bolmak üçin islendik zada
Islendik söweşe taýynyň biri!
Ah, saýylyň biri”

Gaban!
Gündizlere “gardaşyň” diýip,
Gaban!
Gijelere “syrdaşyň” diyip.
Ukymy bir şaýa satýanym üçin.
Galamy gujaklap ýatýanym üçin.
Söýemde serhetden agýanym üçin,
Yşkyň köçesinde ygýanym üçin.
Gurt arkalysyrap gezjek halyma,
Geýýändigim üçin geýmin gedaýyň.
Unudýanym üçin mahal-mahallar
Hossar gözläp, hossardygny Hudaýyň.

Gaban!
“Sözlerini oýnadýar” diýip,
“Ylhama başyny aýladýar” diýip,
Gaban, “Goşgy ýazýar” diyip,
Gaban, “Aýdym aýdýar” diyip,
“Käteler bolsa özüne
Tansçydyr öýdýär” diýip.
Diý: “Juda kän gülýär, eger gülmese,
Kalbynyň ýarasy bitmejek ýaly.
Ýazyp, pozup, gezip, tozup, şatlanyp,
Ýaşaýar dünýäden gitmejek ýaly”.

Gaban!
Sen hakdaky şygyrlarymy
Dünýä diňlesin!
Hatda senden bi:din meniň yanyma
Ölümem arkaýyn gelip bilmesin.



Gurbanjemal ANNAKOWA
6 лайков 149 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Azasan.?
30 сен 2023, 14:20
Yetireninize sagbolun agam.
hhGenial
30 сен 2023, 19:43
Gowy goşgy ekeni üstünlik!!!
Гость
30 сен 2023, 21:12
Gabansaň "gabandyň" diýýäler. Gabanmasaň "gaban" diýýäler. Nähili zad-aý şular