***

Dyrnak ýaly umyt berseň, ýeterlik,
Onsoň dünýäň bar bagtyna şärik men
Şaýat boldum, hol ullakan bagyňam,
Gögerenne bir kiçijik şänikden.

Bu durmuşda ýetilmejek arzuw ýok,
Yhlasyña deň bolýandyr miwesem
Ynamsyzy yrandyrýa bu ýollar,
Yok, ýok "birden aýrylaýsak" diýme sen

Gülüp ýören kän-ä ýogsam ozalda,
Hemmämizem aglap doglan bäbejik.
Tiz gutarar gaýgy-gama sowursak
Bize berlen ömür özi nämejik

Meni ýatla, gam basanda göwnüňi,
Uran paltaň degeninde daşa ýa.
Unutmagyn bu dünýäde seň üçin,
Senden başga ýene biri ýaşaýa.



Mätgurban Mätgurbanow
2 лайков 145 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Merdan
02 окт 2023, 21:46
Täsirli goşgy. Mätgurbanyň goşgularynda özboluşlylyk bar birhili...