Ýalňyzlyk

(hekaýa)
Onuň göwnüne bolmasa, ol dünýä döräni bäri, şo pessejik – penjireleri çil boýy ýokarda ýerleşýän jaýda ýaşaýar. Birwagt, jaýyň gurlaýan uçurlary penjireleriniň 1-2 metr ýokarda goýlan bolmagam ähtimal. Häzir anyk ýadyna düşenok. Asla-ha, öňki durmuşyny ýatladýan zatlaryň köpüsi ýadyna düşenok. Üç otagdan ybarat jaýyň iň çetki künjeginde ýerleşip, diwaryň tas dörtden iki bölegini tutup duran köne diwanda-da edil bikesi ýaly garasöýmez ala pişik ýatyp – turýar. Diwanyň gapdalyndaky köneligi reňkinden däl-de, gapylarynyň jygyldysyndan bildirýän şkafda-da baş darak bilen köne el bukjadan başga häzirki zaman zenanyna tanyş zatlary tapyp bolanok. Garasöýmez ala pişik bikesiniň diwanda galdyran çal saçlary bilen göwün eden wagty oýnanam bolýar. Megerem, şo pursat pessejik jaýdaky iň janly pursatdyr. Bu jaýda ümsümligi bozýan pursatlary edil günüň tertibini düzeniňdäki ýaly hasaplabarmeli. Ertirine bikesiniň täret almak üçin çykanda jygyldaýan gapylarynyň sesine ala pişik pejiň ýanynda ýatan ýerinden kellesini galdyrýar. Soňundan daňyň agarýandygyna seretmezden, garaňkylyk dowam edýän öýüň ümsümliginde tä bikesi çaý demlenmek üçin köne kitiri pejiň üstüne goýýança uklamaga çalyşýar. Çaý gaýnap başladygy ala pişik çugutdyryp oturan bikesine süýkenip gerinýär. Bikesi hemişe bir zadyň pikirini edýär. Oňa soňky döwürler ýerinden turmagam hylalla boldy. Indi ol işikden ýapyşyp turýar. Hemişe kitiriň sesinden gaýnamaga taýýardygyny duýýan bikesi, indi jaýy bug gaplap, kitiriň sesi edil otlyň haşşyldaýşyny ýatlatsa-da, äwmezeklik edýär. Ala pişik özüne nan döwlüp berilmegini sorap, ikiýan geçse-de, bikesiniň dyzyna süýkense-de, hiç zat gazanybilmedi. Bikesi onuň bardygyny unudan ýaly, şol gözüni bir nokada dikdi oturdy. Ala pişik kaýyllyk bilen kellesini böwrüniň arasyna salyp garaşdy. Birhaýukdan bikesi öz käsesindäki süýdüň içine nan dograp, pişigiň öňünde goýdy-da, otagyna girip gitdi. Ol otagyndan uzak wagtlap çykmady. Şol aralykda ala pişik iki gezek diýen ýaly ony görmäge bardy, ýöne gapynyň ýapykdygy sebäpli, ýene eýwana dolanyp, pejiň gapdalynda gyşarmaly boldy. Adatça, bikesi bir ýere gitmek üçin egin – eşigini çalşyran ýagdaýynda gapysyny ýapyp goýýardy. Hatda, ala pişigem giribilmeýärdi. Bikesi her aýyň başyna pensiýa puluny almak üçin edara gidýär. Şonda ol ýany bilen bir aýlap iýjek iýmitlerinem satyn alyp getirýär. Olaryň bary iki sany sary pakede ýerleşýärdi. Şonda ala pişik bir bölek etiň ysyny alyp, paketleriň daşynda pyrlanyp başlaýardy. Uzagy bilen ol muňa öwrenşip gitdi. Bikesi edil şol wagt eçilmese-de, onuň gün – günden et çeýnemegi kynalyp, olar ala pişigiň paýy bolýardylar. Oňa il – günden gelýän sadakalaram ýeterlikdi. Kimsi et, kimsi nan, hatda pul berip gidýänlerem bardy. Bikesi ilkibadalar getirilýän zatlary ýokuş görenem bolsa, soňundan kaýyllyk bilen ylalaşdy. Ol uzak dileg etmäge başlady. Bikesiniň dileg edende, nähili göwnüniň giňeýändigini ala pişik aňýardy. Ol şonda pişigiň uzak wagtlap kellesini sypalap oturýardy. Gapynyň jygyldysyny eşidip, ala pişik ylganam bolsa ýetişmedi. Bikesi eýýäm daşardady. Penjireden goýy gara bulutlar görünýärdi. Pursatsalymlyk açyk gapydanam iniňi üýşendiriji sowuk girýärdi. Ala pişik bikesine uzak garaşdy. Uzak günüň dowamynda Günüň ýekeje şöhlesem gara bulutlardan bäri geçibilmedi. Şo sebäpden garaňky hem ir düşmäge başlady. Ala pişik öýüň içini aýlanyp gördi. Bikesiniň otagyna girmek üçin gapa süýkenip gördi. Diwanda ynjalykly ýatjak wagtam daşardan eşidilýän goha böküp düşdi-de, gapynyň agzyna gelip diňşirgendi. Ýöne hiç hili üýtgeşme bolmady. Iç gysmakdan ýaňa ala pişigiň ajygýany ýadyna düşdi. Ol şunça meýil etse-de, saçagyň duran ýerine böküp ýetibilmedi. Soňundan bikesiniň süýt guýup beren käsesini ysgaşdyrdy. Giçlik gapy açylan badyna, ala pişik diwandan böküp düşdi. Bikesiniň etegi öl bolan köýnegine uzak süýkenmän, eýlesine-beýlesine aýlanmak bilen onuň gelendigine begenýändigini duýdurdy. Bikesi bolsa göm-gök bolan ellerini peje tutmak üçin eglip durdy. Şonda gözýaş damjajyklary onuň solgun gyzaran ýaňaklaryndan syrygyp, pejiň üstüne düşdüler. Bikesi agyr bir zadyň aşagynda galan ýaly, uludan demini aldy. Soňundan uzak aýak üstünde durubilmän, aşak oturdy. Ala pişik näme etjegini bilmän, bikesiniň köne gapjygynyň üstünde duran dörtburç kagyzy ysgap gördi. Uzak günüň açlygyndan ýaňa ol iýere zat tapsa iýjekdi. Ýöne ýalpyldawyk dörtburç kagyzyň başga hyzmaty bar bolmalydy. Sebäbi dörtburç kagyzy ýerden galdyran wagtynda bikesiniň eli titredi. Dodaklary bir zat diýip müňküldedi. Gaýgyly gözleri pişikde bolsa-da, kim bilýär, hakykatda nirededi? Ala pişik pejiň golaýyna gelip ýatmakdan başga çäre tapmady. Ertesi bikesi wagty bilen oýanmady. Ala pişik ony alada edip, ýorgan – düşeginiň daşyndan esli aýlandy. Bikesiniň gözi açyk bolsa-da, ol ýerinden turaýyn diýmeýärdi. Diňe ala pişigine meňzeş ala gözlerini agdaryp, onuň daşyndan käte mawlap aýlanyşyna biparh seredip ýatyrdy. Bular ýaly ümsümlik pişige-de ýaramady. Ol ýene-de pejiň üstündäki kitiriň haşşyldap gaýnamagyny, gapynyň jygyldamagyny, gap – çanaklaryň şakyrdamagyny, bikesiniň idedýän towuklarynyň ala – zenzele turzup gygyrmagyny isledi. Käteler diňlenilýän radiodan mylaýym aýdymyň eşidilmegini, bikesiniň sessiz pişigini sypamagyny küýsedi. Näme bolýandygyna düşünmän, bikesiniň alkymyna dykylmak islän pursatynda, gözi ýene şol ýapyldawuk dörtburç kagyza düşdi. Ýöne bu gezek ala pişik ony ysgaýynam diýmedi. Beletlik bilen kellesini bikesine tarap sowdy-da, barha goltugyna gysmyljyrady. Özüniň bardygyny, gapdaljygynda durandygyny ýuwaşjadan mawlap mälim etdi. Şol dörtburç kagyzda bikesiniň ýalňyz oglunyň ondan uzaklardadygyny, ýakyn wagtda görünmejekdigini duýdurýan habaryň bardygyny ala pişik bilenokdy. Ol häzir edil şular ýaly mähribanlyk bilen özüne ýekeje oglunyň gysmyljyramagyny isläp ýatan enäniň gynanjyndan bihabardy. Dörtburç kagyzda olaryň şonsuzam ümsüm durmuşynyň soňunyň başlangyjy ýatyrdy. Mundan beýläk ol sessiz – üýnsüz ýitirim bolmakdan ybaratdy. Edil sesleriň kem – kemden ýitişi ýaly, reňkleriň kem – kemden öçüşi ýaly, çil boýdaky pessejik dünýä ýere siňip barýardy.

Bägül ATAÝEWA
1 лайков 80 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Diamante
07 окт 2023, 00:50
ukyp tutup durdy şu hekayany okadym welin gözüm açylyp gitdi
Azasdym.
07 окт 2023, 09:45
Gaty manyly sag bolun yetireninize.
Süleýman
07 окт 2023, 16:22
gyzyklyja manyly hekaýa bolupdyr işlerňizde üstünlik!