Enesini diňe Internet ulgamynda söýýänlere...

Enesini diňe Internet ulgamynda söýýänlere
(Awtory Mergen Annamuhammedow)

Ýoň bolupdyr ene hakda owadan
Sözler bilen sahypasyn bezemek.
Ylla enäň göwnün hoşlamak üçin
Oň daşynda bolýan ýaly hozanak.

"Janym ejem", "Mähribanym sen käbäm"...
Internetde şeýle sahypa kändir.
Emma durmuşyna gözüň aýlasaň,
Ejesinden habar tutýanam däldir.

Dabanynyň asty - jennet ýazydyr,
Enä tagzym etmek – beýik ybadat.
Eneňe söýgiňi diliň bilen däl,
Iş ýüzünde amal bilen subut et!

Ene seniň boş sözüňe mätäç däl,
Bar ýanyna, ellerin öp, bagra bas!
Perzendiniň yhlasyndan, mährinden
Göwni galkar, ýaşy uzar, garramaz.

Käbä deň görülen mukaddeslige
Il gözüne hormat etmegi goýuň!
Halyn sorap, hajatlaryn bitirip,
Enäni hakyky durmuşda söýüň!

01.10.2023
8 лайков 190 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
08 окт 2023, 08:09
Ýürejigim bol-a, hakyky zat
Süleýman
08 окт 2023, 10:44
Indi hemme zat söýgi enä söýgi göz üçin boldy gowy tema gozgapsyň ýetirenňe sag bol
Garlawaç
08 окт 2023, 20:30
Näme üçin halanan posta girip bolmaýarka?