Hyzmatkär oglan ( Bolan waka esasynda)

Dogry, senden maña gelmedi jañlar,
Ýa gelmedi gussa çümen çakylyk.
Ýöne men şonda-da gatnaşdym bilmän,
Gatnaşdym myhman däl,
Hyzmatkär bolup.

Ak fatañ bagtyñy has açyk etsin,
Gözýaşlarym hopukdyrdy çalaja.
"Ofisant hyzmat et durma añkaryp,"
Ýöne sägindirdi sowgat alajam.

Eliñden tutsa-da geljekki ýaryñ,
Emma eliñde dur biçäre sowgat.
Men diñe, diñe bagtyñ dilärin,
Seslenýär ýüregim:
"Ýol berme bar ýet".

Ýok kalbym,
ola özgä bagly, bagtly ýaly-la,
Göreñokmy?
Gaýta-gaýta ýylgyrýar,
Ol nika gol cekdi onuñ ýary bar,
Ýõne şol sowgadym barha darygýar.

Eşden ýaly jümlelermiñ gussasyn,
Birdenkä üzüldi gaşly alajam.
Ýylgyran ýüz ýaşyn dõkdi monjuk deý,
Hiç kim ýokdy onuñ bilen aglajak.

Baýlyk, söýgi, bagt nesip edipdir saña,
Bir ojakda garrañ dolup ýorgana.
Men indi düşündim yzyñdan garap,
Hawa,
mynasyp däl sen hyzmatkär oglana.

Awtory: Jemşit Hajymämmedow
@Jemsitpoet
4 лайков 176 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Sahedowa
29 окт 2023, 19:49
yetirenize sag bolun govy eken
Diamante_G
29 окт 2023, 19:56
Awtory sizmi çynnanam gaty gowy goşgy
Massimus
29 окт 2023, 22:02
Hindi kino görüpsüň öýdýän:))
Merjen
01 ноя 2023, 23:55
Gaty gowy goşgy eken
Sag boluň
????
Galamynyz ýiti bolsun