Kynçylygyň höziri
KYNÇYLYGYŇ HÖZIRI
Bir patyşa gögele hyzmatkäri bilen gämä münüpdir. Ýöne ol hyzmatkär ömründe deňiz garasy görmän eken. Gämide ýolagçylyk etmegiň hupbatlaryndan bihabar bolansoň, gämä münen badyna gorkudan ýüregi ýarylypdyr-da birden aglap-eňräp başlapdyr. Ýanyndakylar ony köşeşdirjek bolup näçe jan etselerem bary bir köpükmüş.
Bu ýagdaý padyşahyň keýpini gaçyrypdyr. Gämidäkiler nätjeklerini bilmän halys kelebiň ujuny ýitirenlerinde, olar bilen bile gelýän bir ýaşuly padyşahyň ýanyna baryp:
— Padyşahym, rugsat berseňiz, men onuň demi çykmaz ýaly ederin — diýipdir.
Padyşa razylyk beripdir. Şondan soň ýaşuly ol hyzmatkäri deňize okladypdyr. Hyzmatkär birki gezek suwa çümüp çykansoň, onuň saçyndan tutup gyra çykarypdyrlar.
Hyzmatkär sag-aman gämä münensoň, bir çetde demini alman, akyllyja bolup oturypdyr.
Ýaşulyň bu çykalgasyna haýran galan padyşa:
— Bu işiň hikmeti näme? – diýip sorapdyr.
Goja oňa şeýle jogap beripdir:
— Bu hyzmatkär öň suwa gark bolup görmändir, şonuň üçinem gäminiň üstündäki arkaýynçylygyň gadryny bilenokdy. Hawa, ýazylganlyk bilen bagtyýarlyk babatda hem şeýle. Kynçylyk görmedik adam, asla, imi-sala, parahat durmuşyň gadryny bilmez!

8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.