...

Jedel gitdi: "Nädip şahyr bolmaly?".
Biri diýdi:
"Söýüp soň ýanmak gerek",
Biri diýdi "Ýanyp soň sönmek gerek".
–"Eý, how döwürden dönmek gerek..."
–"Gyzyklyj-a erteki düzmek gerek".
–"Gözelligi görmek, duýmak gerek".
–"Bogun sanam-a dogry bilmek gerek".
–"Nämä gerekmiş-aý? "Täzeçillik" gerek",
"Söýýän" diýiň, "köýýän" diýiň,
"Görmeseňizem köýüp,
Galmasaňyzam söýüp.
Gaşyna bir goşgy ýazyň,
Al ýaňagyn güle deňäň,
Sowgat beriň bahar ýazy,
Garaz, ýazyň-da ýelmäň..."
–"Sen-ä tüýs türkmen ekeniň-aý, asyl
"gara öýündenem" çykmadyk çarwa.
Magtymguly däl-ä sen-ow, wa-ha-haý,
Gaşlar-a ütüm-ütüm, gyz däl arwah.
Ýaňagy himikat, güli soldurjak,
Onsaň o ýaňagy deňärmiň güle?!
Gel, sen, gowsy öwren nepiň, peýdaňy,
Meniň maslahatym depderňe belle.
"Gaş" diýme-de "sen çyra gyz, betje" diý,
"Balam, saňa şazadaňdan salam" diý,
"Seniň bilen keýpi-sapa etjek" diý,
"Ýaş biz ýaşaly, ýorgana salaý" diý...
Isleýändir ynan gyzlaryň özi,
Geçdi gitdi edalylyk eýýamy.
"Söýýän" diýber, ýetilýänçä maksada,
Bäş günlikdir, "şirin öpüş" haýamy?
–Ýöne...
–"Ýönäň-ä" şeýleräk dostum,
Şahyram adam-a, perişde däldir.
Meniň-kä aýtmak, diňle-de ulan!
Seň üçin başga zat gerek-de däldir.
–Mälim-ä, görýärsiň köpçülik tanar,
Internetde belli bolan şahyry.
A gazetde çap edilen goşgyňy
Okajak adam bir barmy ahyryn?
Çekinme, diňleme kä kişileri,
Adam öz kärinden etmeli gazanç.
Görip-dä aýakdan asylar mydam,
Başarsaň ediber jübiňe gatanç.
–Aý, garaz biz seni öwrenişdiris,
Göripleň gözüni çykarsyň onsaň.
...Ine, eýýämdenem müşderiň taýýar
Belkem seni bellär, bahada oňsaň...



Gör, bak, indi haýsyna
gulagyň goýmak gerek?...
Belkem bular hakdyrlar
Gözlegmi bir çetde goýup
Elimden gelmeýän zat däl
Çaý ornuna şerbet guýup
(Belkem çüwäýer bagtym)*
Nagtyna ýazmak gerek?...

Atar Çapar.
4 лайков 115 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.