Tans
Gussaly güýz, salyk ýüzi dostumyň,
Men onuň halyna bilemok düşüp.
Ýeri, boljak zady söýüber näme
Ol gyzam başgadan däldir üýtgeşik.
Baglarda hezil ýok, daglarda aýdym,
Göýä ähli zatlar gussada ýaly,
Birden penjiräniň öňünde bir gyz
Tans etdi pyrlanyp salgym mysaly.
Unudyp dostumyň berýän gürrüňin,
Men penjirä ýiti-ýiti bakýaryn,
Ady kimkä? Bu aýdyma şatlanyp,
Näzi bilen gaşlaryny kakýanyň.
Gözden geçip, baran wagty ýüregme,
Gözlerim däl, kalbym sereden çagy,
Dostum diýdi:”Goňşymyzyň gyzy bu,
Hem biriniň gelejekki aýaly.
Saklandym penjirä seredip müýnli,
Bilip ýüregimiň agyr urýanyn,
“Bolmajak zatlaram söýse bor” diýdim,
Eger söýüp bolsa özgäň aýalyn.
Hem içimden gaýtaladym ýüz gezek,
Oýnasana adaty bolmadyk tansyň,
Häzir maňa şundan uly lezzet ýok,
Penjiräň yşygyna görnen bagtym.
Bägül Ataýewa
Men onuň halyna bilemok düşüp.
Ýeri, boljak zady söýüber näme
Ol gyzam başgadan däldir üýtgeşik.
Baglarda hezil ýok, daglarda aýdym,
Göýä ähli zatlar gussada ýaly,
Birden penjiräniň öňünde bir gyz
Tans etdi pyrlanyp salgym mysaly.
Unudyp dostumyň berýän gürrüňin,
Men penjirä ýiti-ýiti bakýaryn,
Ady kimkä? Bu aýdyma şatlanyp,
Näzi bilen gaşlaryny kakýanyň.
Gözden geçip, baran wagty ýüregme,
Gözlerim däl, kalbym sereden çagy,
Dostum diýdi:”Goňşymyzyň gyzy bu,
Hem biriniň gelejekki aýaly.
Saklandym penjirä seredip müýnli,
Bilip ýüregimiň agyr urýanyn,
“Bolmajak zatlaram söýse bor” diýdim,
Eger söýüp bolsa özgäň aýalyn.
Hem içimden gaýtaladym ýüz gezek,
Oýnasana adaty bolmadyk tansyň,
Häzir maňa şundan uly lezzet ýok,
Penjiräň yşygyna görnen bagtym.
Bägül Ataýewa
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.