Goşgy
Pikirlermiz bir-birine meňzeş däl,
Herimiz bir paslyň wekili ýaly.
Men bahara aşyk, sen aşyk gyşa,
Men ýagyşy söýýän, sen bolsa gary.
Men güle höwesli, sen höwes edýäň,
Şahadan aslyşan buzy görmegi,
Men suwlaryň şildirdisin halaýan,
Senem buz üstünde taýyp ýörmegi.
Bilbilleriň owazyna maýyl men,
Hem säherde güle düşen nemlere.
A sen maýyl ýaňagyň gyzartmaga,
Garly güni syrap öwsen ýellere...
Ne-hä gülläp bilýär, ne-de bir doňýar.
Yşgymyz bu pasyllara ýerleşmän...
Menä seni söýýän, sen meni söýýäň,
Gör-ä, biziň söýgimizem meňzeş däl.
ÝUSUP MEREDOW
Herimiz bir paslyň wekili ýaly.
Men bahara aşyk, sen aşyk gyşa,
Men ýagyşy söýýän, sen bolsa gary.
Men güle höwesli, sen höwes edýäň,
Şahadan aslyşan buzy görmegi,
Men suwlaryň şildirdisin halaýan,
Senem buz üstünde taýyp ýörmegi.
Bilbilleriň owazyna maýyl men,
Hem säherde güle düşen nemlere.
A sen maýyl ýaňagyň gyzartmaga,
Garly güni syrap öwsen ýellere...
Ne-hä gülläp bilýär, ne-de bir doňýar.
Yşgymyz bu pasyllara ýerleşmän...
Menä seni söýýän, sen meni söýýäň,
Gör-ä, biziň söýgimizem meňzeş däl.
ÝUSUP MEREDOW
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.