Mukaddes miras
MUKADDES MIRAS
- Be, gadyrdan goňşy, bu meniň agtyjagymyň adynyň Aýgüldigi seni gaty geň galdyrypdyr-ow?! Hawa-da, sap-sary saçlyja, mawy gözlüje, rus milletindendigi ilki göreniňden magat bildirip duran gyzjagazyň adynyň Aýgüldigi saňa türkmen adamsyna geň bolup görünse-de, görünýändir. Ýöne körpejämiziň dogabitdi adynyň Aýgüldigi-ha hak.
Aýgüljik dünýä inende, biz Saratowda ýaşaýardyk. Ol mahallar oglum şo taýda gulluk edýärdi. Agtyjagymy çaga dogulýan öýden alyp gelemsoň, kiçijik bir toýjagaz edip, oňat at dakdyk. Ine, onsoň, ertesi gün meniň üstüm ala-güpürdi bolaýdy. Gelýänleriň hemmesem goňşy garry aýallar. Olar menden agtyjagyma nä sebäbe görä beýle ady dakanlygymy soraýarlar. Menem düşündirdim.
Biler bolsaňyz, goňşy Stýopka daýyň öňem türkmenleriň arasynda bolup gören adamdyr. Asyl ýigitlik çaglarym şu ülkede geçdi diýäýseňizem boljak. Sen geň galma, gyzyl gwardiýaçy, bolşewik Stýopa Gorbatyň - ine häzir seniň öňüňde oturan çal saç gojanyň ilkinji söweşleri şu ülkede başlanypdyr.
***
...Müň dokuz ýüz ýigriminji ýylyň tomsunda biziň polkumyza Taňňy ýirigiň bandasynyň soňuna çykmaklyk tabşyrylypdy. Gije Daşhowuzdan Akdepä geldik. Ýirigiň bandasynyň Nalajyň gyryndaky harabalykda mesgen tutandygyny anykladyk, oňatja maslahat etdik-de, haýal etmän, ýene-de ýola düşdik. Ýarygijeler gyryň başlanaýýan ýerindäki kiçiräk obalyga baryp ýetdik. Indi duşmanyň süreni onçakly daşda däldi. Obada düşläp, dem-dynç alanymyzdan soň aladaňdanlar hüjüme geçmegi karar etdik. Aýdyşlaryna görä, Taňňy ýirigiň atlylary agşamara şu obany talap giden ekenler. Oba şura başlygynyň öýüni tapyp, atlarymyzy ýerleşdirdik. Gezekli-gezegine birsellem irkilip turmagy karar etdik. Ýaňy ymyzgananymam şoldy welin, ýoldaşym meni oýardy.
- Stýopa, tursana, gözüňi bir açsana!
Men ýerimden laňňa galyp, ýaraga ýapyşdym:
- Näme, çozdularmy?
Ýoldaşym türkmen ýigididi. Adyna Sen diýýärdiler. Ol meniň aljyraňňy halyma çalaja ýylgyrdy-da:
- Ýok-la Stýopa hiç kim çozanok, ýöne kimiň obasyna gelendigimizi bilýärmiň? - diýdi.
Ol bu sözi şeýle bir ünjüli aýtdy, welin, men obany duşman eýeländir öýdüp, ätiýaç etdim.
- Näme, ýirigiň obasyna geläýipdirismi?
- O ýezitde oba näme işleriň Stýopka. Biz Oraz surnaý neressäň obasyna gelip düşläpdiris, o pahyr şu obaly eken.
Ýoldaşymyzyň Oraz surnaý diýýäni biziň polkdaşymyz-da! Gaty edermen, sada ýigitdi. Oňa ''surnaý'' lakamynam özümiz dakypdyk. Sebäbi, biziň polkumyzda Dubinin diýen ýigitde köneje surnaý bardy. Ony kä wagt, dabara zat bolanda çalardylar. Özem bir lakaşasy çykan surnaýdy. Ine, Oraz neressäniň halaýan zady şol surnaýy çalmakdy. Niçikmi, bir ýerde düşleýändigimiz Oraz neresse Dubininiň alkymyna dykylyp oturandyr. Özem özelenip ýalbarýar:
Ýoldaş Dubinin, äbersene şo zady, bir zowladyp içimi sowadaýynla?!
Dubininem bir özboluşly adamdy. Ýaş ýigdekçäni gaty köp ýalbartjak bolup: ''Bolmaz how, bolmaz diýdimmi, bolmaz. Näme, islän wagtyň çalybir ýaly muny dutardyr öýdýärmiň?'' diýip, Orazyň gaharyny getirerdi. Oraz bolsa ýan bermezdi. Ýalbar-ýakar edip, surnaýy alardy-da, hiç biranysyz zowladyp çalardy. Ol şeýdip çalyp hezil edensoň Dubinine sorag bererdi.
- Seniň bu surnaýyň sesi näçe çakyrymdan eşidilýärkä?
Dubinin onuň näme diýjek bolýanyny aňdy-da:
- Ho...o...l Akdepäniň aňyrsyndaky siziň obaňyzada baryp ýetýändir munuň sesi - diýerdi.
- Ine, munyň, dogry gep, ýoldaş Dubinin, onda surnaýyň sesini meniň Aýgülümem eşidendir.
Onuň soňky aýdanlaryny hemişe gaýtalap ýörenligi üçin biz gyzyl-gyran gülüşerdik. Oraz neressä ''syrnaý'' lakamy şundan galypdy. Ine, birki aý öň gum eteginde basmaçylar bilen bolan söweşde Oraz surnaý wepat boldy. Onuň jesedini araba bilen öz obasyna ugradypdyk. Şu oba gelip Oraz neressäniň öýünden habar tutman gitmeklik müňkin däldi. Muny komandirimiz hem makul tapdy. Biz Esen bilen onuň öýüni salgy aldyk-da, gijelik hem bolsa salama baryp gaýtmagy karar etdik.
Oba şura başlygy:
- Oraz neressäniň kakasyna Gadyr aga diýýändirler. Ýaşuly adamdyr. Ýöne habarlaşanyňyzda seresabrak bolaweriň. Orazyň gelni Aýgül hamyladyr. Birden sizi basmaçylardyr öýdüp, gorkaýmasyn-diýip, berk tabşyrypdy.
O döwürlerde obadaky jaýlaryň hemmesi gijelerine içinden berk gulplangy bolardy. Orazlara baranymyzda-da şeýle eken.
- Gadyr aga, daş çykdy-da habarlaş! - diýip, Esen ýognas sesi bilen gygyrdy. Birsellemden ýaşulynyň sesi eşidildi.
- Kim borsuň?
- Maňa Esen diýerler, Gadyr aga, men Oraz neressäň polkdaşy.
- Ony iki aý mundan öň jaýladyk. Bar kim soraýan bolsa şeý diý-de aýdaý!
''Tanamadyk - sylamaz'' diýen türkmen nakyly dogry ekeni. Gadyr aga bize ynam etmeýärdi. Basmaçylardyr öýdýärdi. O günler türkmen dilini bilşimiňem ugry ýokdy, şonda-da ahyr özüm dillenmeli boldum.
- Kadir aga, biziňki adam basmaçy däl, biz bolşewik - diýdim.
Ýaşuly meniň çalgyrt gepleýşimden bir zady aňdy öýdýän, Gapyny açdy.
- Geliň, balalarym, wah, basmaçy däldiňizi döwüp açaýmanyňdanam bildim-le - diýip, ýaşuly bizi gadyrly garşylady.
Içerde öçügsije çyra ýanýardy. Ýaş gelin goňşy otagdan çykyp geldi-de,, peji otlady. Men onuň Oraz neressäniň aýaly Aýgüldigini şobada aňdym. Onuň ýüzi gamgyn, soluk görünýärdi. Ýaşuly bilen saglyk - amanlyk soraşdyk. Çaý demledi, orta saçak ýazyldy. Esen meniň ýüzüme soragly nazaryny dikdi-de, daş çykyp gitdi. Men oňa düşündim. Ol ätiýajy elden bermezlik üçin daşarda garawul bolmalydy.
Men Gadyr aga göwünlik bermelidim.
- Gadyr aga, söweş ýitgisiz bolanok. Bu hak iş üçin Oraz neresse ýalylaryň müňlerçesi gurban boldy. Ýöne biz ýeňdik. Hak iş ýeňdi. Ine, täze durmuşyň başlanýanyny özüň gözüň bilen görüp ýörsüň. Taňňy ýirik ýaly şu gözel durmuşy görüp bilmeýänleri ýok etmek üçin hem adam gerek, göreş gerek. Ynha; ertir daňdan biz onuň bilen söweşe gireris, ýeňerisem. Elbetde; bu göreşem pidasyz bolmaz. Ýöne ýoldaş Leniniň aýdyşy ýaly, bu göreşde gurban bolanlaryň ady ebedilik ýaşar.
Ýaşuly meniň ýüzüme içgin seredip, sorag berdi.
- Ýagşy ýigit, sen gaty mylaýym adam ekeniň, ömrüň uzak bolsun! Ýöne sen aýt, şol Lenin diýilýän akyldary hut öz gözüň bilen gördüňmi?
- Ýok, ýaşuly, ony gözüm bilen gördüm diýsem-ä ýalňyş bolar. Ýöne onuň suratyny-ha saňa görkezip biljek.
- Wah, oglum, onuň suratyny görsegem, özüni gören ýaly boljak-la biz.
Meniň jübimde Leniniň suraty, hakykatdanam bardy. Bu suratyň meniň elime düşişiniň özem bir taryhdy.
Men Çärjewde gulluk edýärkäm, aramyzda Mihail Korşunow diýilýän bir gartaşanrak adam bardy. Ol Kuýbyşew bilen Zakaspi söweşlerine-de gatnaşan adamdy. Şonda hem Iliçiň kiçeňräk bir portret suratjygy bardy. Ol bize şol suraty görkezip, ony bir garyndaşyna Leniniň hut özüniň ýadygärlik berendigini tassyklaýardy. Suratyň arka ýüzüne: ''Putilowçy bolşewik W. Werşininiň öý albomyndan'' diýen öçügsiräk ýazgy-da bardy. Suratda Iliçiň dogumly, nurana keşbi görünýärdi. Biz surata höwes bilen syn ederdik. Ýoldaş Leniniň öz eli bilen beren zady!
Ine, onsoň Mihail daýydaky şol surata meniň gözüm gidip başlady. Onuň öz jübimde durmagyny isleýärdim. Men Korşunowa ýalbaryp ugradym.
Mihail daýy, kyn görmeseň, şol suraty maňa beräýsene, men ony tä ölýänçäm ýanymda göterip gezeýin - diýdim.
Mihail daýynyň beýle zatlara razy bolmajagy görnüp durdy.
- Sen, Stýopka Gorbat, geplejek gepiňi bilip geple, saňa o suraty ynanyp bilmen. Iň bärkisi sen partiýada-da duraňok. Seniň entäk kimdigiňi näbileýin. Ençe ýyllap rewolýusiýa üçin göreşip ýörsüň. Özüňem ne sowat öwreneýiň diýýäň ne partiýa gireýin diýýäň. Mahlasy, sen dünýä rewolýusiýasy hakynda pikir edeňok. Ynha bu söweşlerden soň, medeni we gaýry rewolýusiýalary amala aşyrmaly bolarys. Bisowat halyňa sen oňa nähili gatnaşarsyň. Şonuň üçinem beýle gymmatly zady saňa ynanyp bolmaz - diýip, al-petimden aldy.
Men oňa soň-soňlaram kän gezek ýalbardym. Emma ol razy bolarly däldi.
Bir günem meni bolşewikler partiýasynyň hataryna göterdiler. Ine, şonda Mihail daýy meniň ýanyna ýyljyraklap geldi-de, elimi gysyp, gutlady:
- Berekella, Gorbat, sen zor çykdyň. Söweşlerde batyrlyk görkezdiň. Okadyňam. Ynha, indem seni partiýa hataryna göterdiler. Indi saňa şol suraty ynanaýmagam bolar. Me, al! Ony gözüň göreji ýaly sakla! Seniň şeýtjegiňe bolsa men gaty ynanýan. Meniň bolsa ýakyndan bäri köne ýardam gozgap ugrady.
Ýaşam bir çaka ýetipdir. Bu suraty biziň ýeňişlerimize ýetirmek üçin özüň ýaly ýaş, gujurly ýigit gerek - diýdi.
Ine, Leniniň şol suraty şeýle ýagdaýda elime düşüpdi.
Gadyr aga suraty eline alyp, ony çyranyň yşygyna tutup, içginlilik bilen synlady-da:
- Ömri uzak bolsun, ýoldaş Leniniň. Ol biziň ýaly garyp-gasarlaryň maňlaýyndan gün bolup dogdy - diýdi.
Şol wagt hem daşarda ala-güpürdi turdy. Iki-üç gezek tüpeň sesi eşidilip gitdi. Men suraty jübime salyp, ýaragyma ýapyşyp, ýerimden galdym. Gapynyň agzyna çykanym şoldy welin ''Wah, arman , Stýopa gaçaweri!'' diýen naýynjar ses eşidildi. Bu Eseniň sesidi. Ony halas etmek üçin ylgan badyma kebzäm gyzyp giden ýaly boldy. Seni gujaklap, jaýa alyp gelýärkäm, çep egnimden gan akyp ugrady, elim diýen etmeýärdi. Men ýaralananlygymy aňdym-da, içeri girdim, daşary çykman söweşi içerde dowam etdirmegi karar etdim.
Aýgül bilen Gadyr aga näme ederlerini bilmän, aljyrap durdylar. Eseniň bolsa bu ýagty jahan bilen hoşlaşandygy mälim boldy. Ilki bilen suraty halas etmeli diýen pikir kelläme geldi. Duşman güýji agdyklyk edip, meniň diri ýa-da öli ýagdaýda olaryň eline düşmegim, barlanmagym mümkindi. Onsoň, bu mukaddes ýadygärligiň hem olaryň eline düşäýmegi bolup biläýjek zatdy. Muňa bolsa men ýol berip biljek däldim. Onsoňam, kim bilýär, Mihail daýynyň aýdyşy Iliçiň türkmen topragyna düşen ilkinji suraty bolaýmagy-da mümkindi. O döwürde ''Şonuň suratyny bor görüp bolsady'' diýip arzuw edip ýörenler gaty kändi ahyry.
Men şu suraty ýaşulynyň jübüsinde gizlemekçi boldum. Emma onuňam barlanmagy mümkin diýen pikir kelläme geldi. Ony diňe Aýgül berk gizläp biljekdi. Men suraty onuň eline berdim-de , mäkämräk gizlemegi haýyş etdim. Ol suraty eline alyp, ''arkaýyn bolaýyň'' diýen äheňde baş atdy. Gadyr aga oňa goňşy otaga geçmegi buýurdy.
Men gapynyň söýesini habarlap, jaýa giräýjek duşmany garşylamak üçin ykjamlandym. Gadyr aga bolsa ak saplysyny häzirledi. Şobada gapynyň agzynda üç-dört sany adam peýda boldy. Men olaryň ýirigiň nökerleridigini bada-bat aňdym. Ataň okuň sowa geçmedi, iki sany daýaw pyýada tutuş göwresi bilen arryldap, diňarkan serrelip gitdi.
Daşardan:
- Öýde Oraz bolşewigiň özem bar ýaly-la, bagtymyz getirdi, ýigitler, diri tutuň ony, men ol enesi ýalamadyga Taňňy hanyň kimdigini tanadaýyn - diýen ses eşidildi.
Şobada-da ýedi-sekiz adam jaýa kürsäp girdi. Men olaryň diňe birini atmaga ýetişdim.
Elimi döwere getirip, gaňyrdylar-da arkama daňdylar. Gyzyl ýüzli, gözleri köz ýaly gyzaryp duran, ýurtly, semiz adam içerki girdi. Maňa gözi düşenden onuň gädilip duran ýirik dodagy titräp gitdi. Bu Taňňy ýirikdi. Ol öçügsi çyrany duran ýerinden gazap galdyryp meniň alkymyma getirdi-de, gözlerini petredip, ýüzüme seretdi. Onuň sesi gazaply çykdy.
- Kim borsuň?
-Öz nökeriň däldigini-hä bilýäň - diýdim.
Ol sapançasyny çykaryp maňlaýyma diredi.
- Oraz bolşewigiň nirededigini aýtmasaň, maňlaýyndan gädik açýan.
Men onuň haýbatyna ýylgyran boldum.
- Ýirik, sen haýsy Oraz bolşewigi soraýaň? Olar indi bir ýa iki däl, müňlerçe ahyryn!
- Men Oraz Gadyr ogluny soraýaryn.
- Ine, saňa Oraz Gadyr ogly!
Ýagyrnysyndan ak saply giren Taňňy ýirik şaňňy sesini edip aýylganç gygyrdy-da, arkanlygyna serrelip gaýtdy. Bu gapynyň ýeňsesinde bukulyp duran Gadyr aganyň işidi. Şondan soň daşymy gaplap duranlaryň biriniň elindäki pyçagyň çyranyň ýagtysyna ýylpyldap gidenini çalaja görüp galdym. Ýöne indi pyçak maňa gezelipdi.
Aradan näçe gün geçenini-hä bilemok welin, bir görsem krowatda arkan düşüp ýatyryn. Ähli ýerim saralgy. Düýşümdiginem bilemok, huşumdygynam. Kimdir biri agzyma suwly käsäni ýetirýär. Birki owyrtladym. Gapdalyma seretseň, diwarda portret asylgy dur.
***
Hawa, gadyrdan goňşy, şondan soň men ençeme wagtlap keselhanada ýatmaly boldum. Endamymda bitin ýetim galmandyr eken. Sen indi Gadyr aga bilen Aýgülden habar ber diýjeksiň, goňşy. Meniň başyma düşen derdi Gadyr aga-da çekmeli boldy. Ýöne garran göwre onuň ýaly tyg ýarasyna çydap biljekmidi näme! Aýgül.., Hawa ol oba şurasyna baryp ýetýänçä, duşman güllesini gursagynda göterip gidipdir. Ol pahyr biziň komandirimiziň elinde jan beripdir.
Ine, gadyrdan goňşy, indi saňa bar zat aýan bolsa gerek. Ynha-da şol halas edilen surat, goňşy. Men bu suraty gursak jübimde göterip, soňky urşy hem başdan-aýak ýeňiş bilen geçdim. Indi men bu mukaddes suraty agtyjagym Aýgüljana ýadygärlik galdyrmakçy. Bu surat bilen Stýopka Gorbatyň nesli has uly ýeňişlere ýetip biler.
Ýeri, goňşy sen gaýtmakçy bolýarmyň? Otyr, birazajyk garaş-da, häzir Oraz janym işden geler. Özüň ýaly daýaw, alçak ýigitdir ol, saryýagyzyrak diýäýmeseň, türkmene-de agynjak meňzäp durandyr.
Hudaýberdi DIWANGULYÝEW

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.