Dukak Oguzlaryň ýabgusynyň ýüzüne urýar
Günleriň birinde türkmenleriň Beýgu diýilýän patyşasy esgerlerini jemläp, yslam ýurtlaryna söweşe gidermen boldy. Emma Dukak muňa garşy çykdy. Ikisiniň arasyndaky bu jetleşik uzaga çekensoň, türkmenleriň patyşasy gödek söz di-ýip, onuň göwnüne degdi. Dukak bolsa eli bilen onuň ýüzüne urdy we ýüzüniň hamyny sypjyrdy. Türkmen patyşasynyň hyzmatkärleri munuň daşyny gallap, tutjak boldular. Emma Dukak olara baş bermedi we öz tarapdarlary bilen söweşe girdi. Soňra iki tarap aýrylyşdy we bu ikisini ýaraşdyrdylar. Şondan soň Dukak onuň ýanynda saklandy (gulluga durdy) we onuň Seljuk atly ogly boldy.
"Dukagyň ady dürli çeşmelerde dürlüçe beýan edilipdir. Onuň adynyň arapça manysy الجديد القوس– täze ýaý we – الحديد القوس-demir ýaý ýaly berilýär. Bu ýerdäki ýeke nokadyň tapawudy atlaryň dürli beýan edilmegine getirýär. Emma Ýusup ibn Taňryberdiniň «Röwşen ýyldyzlar» eserinde «Dukak» diýen türkmen adam adynyň ýokdugy, arap çeşmelerinde onuň nädogry ulanylýandygy, aslynda «Dokmak, Tokmak» bolmalydygy beýan edilipdir."
Ibn Esir "Kämil taryh", I jilt, sah-186. Aşgabat «MIRAS» 2005.

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.