Magtymguly Pyragy

MAGTYMGULY PYRAGY
/1724-1807/




Eserleri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň iň görnükli nusgawy şahyrydyr. Ol 1724-nji ýylda Gürgen derýasynyň boýundaky Hajygowşan diýen ýerde doglupdyr. Şahyryň kakasy Döwletmämmet Azady il içinde meşhur alym, şahyr adam bolupdyr. Magtymgulynyň ejesiniň ady Orazgül eken.
Magtymguly ýaşlygyndan akylynyň ýitiligi we zehinliligi bilen beýleki çagalardan tapawutlanypdyr. Ol ilki başlangyç bilimi öz kakasy Azadydan öwrenipdir. Soňra oba medresesinde okapdyr. Magtymguly has köp bilimlere eýe bolmak islegi bilen döwrüniň uly medreselerinde bilim alypdyr. Ol Halaç etrabyndaky Idris baba, Buhara şäherindäki Gögeldaş, Hywa şäherindäki Şitgazy medresesinde okap, iň bilimli adamlaryň biri bolup ýetişipdir.
Magtymguly dünýäniň köp ýurtlaryna syýahat edipdir. Horasanda, Owganystanda, Hindistanda, Türküstanda, Yrakda we beýleki ýurtlarda bolupdyr.
Şahyr öz obasynda oglan okadypdyr. Ajaýyp goşgulardyr poemalar ýazyp, birnäçe kitaplar döredipdir. Bulardan daşary ol zergärçilik bilen hem meşgullanypdyr, altyn-kümüşden dürli şaý-sepleri ýaşapdyr.
Magtymguly dürli temadan goşgular ýazypdyr. Şahyryň watançylyk, milli döwlet, agzybirlik, dostluk, öwüt-nesihat, edep-terbiýe, tebigat baradaky goşgularyny halkymyz asyrlaryň dowmaynda söýüp okap gelýär. ''Pyragy'' şahyryň edebi lakamydyr.
Bagtyýarlyk döwründe Magtymgula belent sarpa goýulýar. 2014-nji ýylda şahyryň 290 ýyllyk ýubileýi halkara derejesinde bellenip geçildi. Şahyra bagyşlanyp, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda birnäçe çäreler geçirildi. Onuň goşgulary türkmen we daşary ýurt dillerinde neşir edildi. Magtymguly etrabynda şahyryň ýadygärligi oturdyldy we Magtymguly muzeýi açyldy. Şahyryň hormatyna ''Magtymguly Pyragy'' medaly döredildi.
Hormatly Prezidentimiz: ''Nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda beýik akyldarlaryň ynsanperwer taglymatlarynyň esasynda nesilden-nesle terbiýelenip gelýär'' diýmek bilen, Magtymgulynyň döredijiligine ýokary baha berýär.

GÖRÜM GÖRÜLMEGEN ÝERDE

Yzzat, hormat, syn etmegin,
Görüm görülmegen ýerde;
Akyl bolsaň söz aýtmagyn,
Nobat berilmegen ýerde.

Akly ýagşylar unutmaz,
Gury agaja ýaprak bitmez,
Akylly är mesgen tutmaz,
Hulky söýülmegen ýerde.

Batyl galan aryk akmaz,
Her naşydan kerem çykmaz.
It gözlemez, pişik bakmaz,
Supra ýaýylmagan ýerde.

Haj eýleseň, jara döner,
Gül açylsa zara döner,
Hyzmat etmek hara döner,
Gadryň bilinmegen ýerde.

Namart hoş üstünde harlar,
Öter, aş üstünde gürlär,
Söweş gurup, gylyç parlar,
Duşman görülmegen ýerde.

Oý içinde hyra döner,
Muhannes bir nere döner,
Tilki, şagal şire döner,
Söweş gurulmagan ýerde.

Parasat kyl, bakyp akla,
Goç ýigidiň sözün hakla,
Magtymguly, diliň sakla,
Habar soralmagan ýerde.

Nury SEÝIDOW, Gültaç NURMYRADOWA
1 лайков 143 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
03 фев 2024, 07:59

Azady Magtymgulyny ogullyk alypdyr diýen bir gürrüňem gulagyma degipdi, ýaşulylardan biri Magtymgulynyň bir goşgusy bn düşündirip aýdypdy, garraýas oýdýän ýadyma düşenok doly...

Jacksparro
Автор 03 фев 2024, 19:25

Hawa ony menem eşitdim...