Seniň bilen hoşlaşybam bilmedim...

Seniň bilen hoşlaşybam bilmedim,
Söýdüň hem ýigrendiň.
Çekildim çete.
Ine, doňup durun yzyňdan garap
Ýer şaryndan zowwam geçýän köçede.

Gidip barýaň,
çaşyp barýar akylym
(Bu nähili ýowuz duýgy, Hudaýym?!),
Erteki deý söýgiň ertesi ýokmy?
Üstümden ganatyn çekdi humaýym.

Gidip barýaň,
umyt barýar inçelip,
Indi köçäňizden gatnap ýörmerin.
Zat ilmedik çolpym bilen gaýtadan
Arzuw derýasynyň boýun dörmerin.

Unutmak elimden geljek işmi nä?
Diýmek kyn: “Kysmatdyr maňlaýa gelen.”
Ýer şaryndan zowwam geçýän köçede
Öz-özüm hoşlaşýan arzuwlam bilen.

Pyşyrdymyz diňlän bagyň astynda
Köp garaşdym, köp garaşdym... gelmediň.
“Günäm ýok” diýjekdim,
“Gitme” diýjekdim,
Seniň bilen hoşlaşybam bilmedim.


                ✏Seýitmyrat GELDIÝEW
7 лайков 108 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Jacksparro
16 фев 2024, 10:43

????


@Pegas, görneňok-la....

Pegas
Автор 16 фев 2024, 10:49

bar-la.

Rigel
16 фев 2024, 11:58

Düýn gelešikde Seýitmyrat akga diýdi Kerim Hally diýdi Gurbanjemal Annakowa diýdi dagylar geldi welin bary goşgy okamak bilen başagaý ýöne Seýitmyrat akga ýeke setirem okamady. Ýekeje adam goşgy okasa bar ünsi şonda. Tutuş gepleşigiň dowamynda diňe şony synladym