Gonamçylykdaky gara

GONAMÇYLYKDAKY GARA


Biz obada daşarda krowatyň üstünde peşehana gurup ýatýardyk. Aşyr kakamyň ogly Meret, Aýgözel ejemiziň ogly Tirkiş, Gurban kakamyň ogly Döwlet dagylar dördümiz atamyň gürrüň berýän zatlaryny diňleýärdik. Şonda atam bize seredip ýassygyna elini goýup ýaplanyp şeýle diýdi;
- Häzir gije ýatmadyklaryňyz barmy? Onda diňläň...- diýip gözlerini eýläk-beýläk edip çyny bilen garry atam şeýle bolup geçen gorkunç wakany bize gürrüň bermäge başlady.
Men ol wagtlar ýaş oglandym. Obanyň ilersinde goýun bakardym. Bu ýerde gonamçylyk hem bardy. O ýerde gije hem bakylýardy köp mallar. Şonda köp kişiniň, aýratynam çopanlaryň yzyna gara düşýän ýaly, olar ýeke-ýeke özlerini asyp ýagty jahan bilen hoşlaşdylar. Aý edil tarpa-taýyn ölüm ýok, biri iküç aýdan, biri bir ýyldan zatdan, aý garaz azalyp ölüm şarpygyny dadyp, özlerini asýardylar. Şeýdip aýlar geçdi günler geçdi. Goňşymyz Äşe daýza hem öz oglunyň şeýdip ölenine hünibirýan bolup aglap gezdi görgüli. Maňa hem özüni asan, onuň ogly Saparyň goýunlaryny bakmaga ynandylar. Ine garaňky gatlyşyberende mallary bir ýere toplap, ýöremäge mejalym bolman bir ýerde ýadap oturdym.
Garaňky düşüp, obadaky jaýlaryň çyralary ýeke-ýekeden öçmäge başlady.
Şonda men bir ahwala duçar boldum. Sagat çen-çak bilen oňki ýa bir töwerekleri bolmaly.
Gonamçylykdaky mazarlaryň aralaryndan kellesi ýok eýmenç bir zat çalt-çalt geçip edil ýylan ýaly towsup ala-tozan edip gelýärdi. Gyssanjyma men üýşürip goýan odunyma nebit sepip ot ýakdym. Gije gonamçylygyň deňesinde ot ýaksaň dagy gaty erbet bolup.görünýär eken. Oduň ýagtylygy mazarlara dikilen agaçlara hem mazarlyga kölege düşüp has hem erbet bolýar eken. Ine ýaňky gara nägehan biriniň tümmek mazarynyň arkasyna bukulyp ýagty gözlerini menden aýyrman yşyklap seredip durdy. Kellesi hem ýok, diňe çür başynda iki sany eýmenç ýagty gözleri, birem hor-horlap çykýan dem alyş sesine ýüregiň agzymdan geldi. Gorkyma näme etjegimi bilmedim. Ýaňka elime kesek alyp zyňaýmarynmy! Soňundan-a zyňanyma ökündimem welin, öküneniň peýdasy barmy? Ýaňky ynsmy-jynsmy, nämedigi belli däl zat kesek zyňanymdan soň towusdy-da beýleki tümmek mazarlygyň arkasyna geçip bukuldy. Şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan maňa tarap golaýlap gelýärdi. Ine aramyzda bir tümmek mazar galanda ol bukulmasyny bes edip dik durup, üstüme abanyp iki elini maňa haýbat atýan ýaly galdyryp golaýlaşdy. Şonda meniň elime ilen zat çopan taýak boldy. Äňiniň aşagyna gowy edip aýladym welin onuň göwresi tüsse ýaly bir zat eken al-kakmyş. Men içimden: ''Haý indi meňem yzyma düşjek gara şü bolmaly öýdýän'' diýip ölümimi boýun alyp galmkadan başga alajym bolmady. Ol üstüme abanyp golaýlaşdygyça, dilim öz kontrolyny ýitirip, ýüzimden şagga-şagga derler akmaga başlady. Şeýdip essim aýylyp ýykylypdyryn. Ýykylamsoňam tisginip oýanypdyryn. Eýläme-beýläme seretsem hemme zat gül-ala güllük. Daňdana golaý mallary sürüp oba dolandym. Emma yzyma gara düşýän ýaly alamatlar mende bolmady. Yzyma gara-da düşmedi, özümem asmadym. Goýunlarymy bakdym ýördüm.
Men atamyň gürrüň beren zatlaryny diňläp ýatyp bilmedim. Doganlarym bolsa eýýäm süýji uka gidipdirler...


Jeksparro

01.12.2021.
http://talyplar.com/posts/101326
0 лайков 39 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kerbaba
23 фев 2024, 21:54

Хмм, келлеси ек...башы бар.......Лучще ты не...п...зди диййами орслар?

Jacksparro
Автор 23 фев 2024, 21:58

kellesi ýok gözi bar diýýäni blemmi ýaly bir zatda...