Näletlenen jynlar

Başymdan geçen gorkunç, ýöne welin hakyky bolup geçen bir wakany siziň bilen paýlaşmak isleýärin. Heniz o wagtlar kiçiräk çagadym. On iki ýaşymdadym. Gyz doganym bilen bir otagda bolýardym. Uly otagymyz bardy we aýry goýulan krowatlarymyz, ullakan penjirämiz bardy.
Bir gije uklap ýatyrkam kimdir biriniň barmagy meni dürtgüleýärdi. Men hem oýaly-ukuly ýagdaýda gözlerimi aýdym. Seretsem penjire tarapda gara kölege ýaly uzyn gulakly bir zat gördüm.
Gyz doganymyň aýak-ujunda oturyp daşaryk seredýärdi. Bir seretsem gyz doganym uklap ýatyr. Gorkyma , gözlerimi ýumdum. Ýorgany çekdim-de Kuran okamaga başladym. Ertesi bolup geçenleri ejeme, kakama we gyz doganyma aýdyp berdim. Ejem: ''Jyn-şeýtan'' diýip gorkdylar. ''Molla äkideli'' diýdi. Ýöne kakam, maňa ynanmady we ''Bagyň kölegesini görensiň'' diýdi. Ýagdaý şeýleräk bolansoň maňa ynanmadylar, penjirämiziň öňünde-de bag-sag ýok.
Ikinji gün men, ejem, doganym we gundakdaky jigim dördümiz bilelikde şol otagda ýatmaly bolduk. Ýene-de biriniň barmagy meň süňňüme dürtülýärdi. Soň men ýene penjire taraplara seretdim.
Ýene-de şol zady gördüm. Şo pursat jigim aglamaga başlady. Ejem turup yşygy ýakdy. Ýöne ýaňky gorkunç zat ýitirim boldy. Bu bolýan zatlar gitdigiçe ulalyp barýan ýalydy.
Düşegimde ýatyryn, turanymda bolsa baglygyň içinde, salonda, ejem bilen kakamyň ýatýan düşekleriniň arasynda gözlerimi açyp oýanýaryn.
Bir günem agzym ýumulan ýaly bolmaga başlady. Edil ýaňagym kleýlenen ýaly. Dilim tutulan ýaly. Soň menden gorkmaga başladylar: ''Seni jyn urupdyr'' diýip.
Ejem meni dogtara äkitdi. Dogtar haýran galdy. Ýaňagyma 15 günläp elektrik toguny berdiler. Şoň düzelişdi.
Öýe geldim we şol gije ýene meni ukydan oýardylar. Ýöne bu sapar näletli jynlar däl-de başga bir zat. Duran bir nur ýaly, ýagty saçýardy. Men gorkdum.
Ertesi gün ejem meni kakama aýtman molla äkitdi. Bolup geçen zatlary molla gürrüň berdim. Molla maňa: Şol gorkunç zadyň jyndygyny, meni ýanlaryna aljak bolandyklaryny, näletlejek bolandyklaryny aýdyp berdi. Muny başaryp bbilmänsoň Kuran okanym üçin) meni urandyklaryny, ýöne soňky ýagtylyk bolup gelen zadyň perişdedigini hem aýdyp berdi.
Uly Kuran alyp geldi we elini kellämiň üstüne goýup bir zatlar okamaga başlady. Şol günden soňam hiç zat görmedim we olaryň näletinden halas boldum. Muňa men diýseň begenýärin.
Aýratynam Kuranyň aýatlarynyň nähili peýdalydygyna-da göz ýetirdim. Indi bolsa 19 ýaşymda we aýat okamazdan ýatamok...

Hakan INCE

Terjime eden: @Jeksparro
3 лайков 195 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
zumerchi
29 июл 2021, 21:53
Mena uly oglan bolsam hem gorkyan shol zatlardan!!(chynym)))))
XYIVENIA
29 июл 2021, 23:47
Su wagt garanky jayda yeke ozim otyryn okap icime gorky aralasdy
Şamuhammet
Автор 30 июл 2021, 02:35
XYIVENIA,

Gorkma men bara ?
XYIVENIA
30 июл 2021, 07:45
Jeksparro,
Bilyana sonun ucin gorkamok :)