Bagtly bol! (Bagtly bolmagyň 30 ýoly)
- Ynam we salyh amallar ajaýyp durmuşyňsyrydyr, bu ikisini mäkäm tut.
- Ylym-bilim al, hergiz okamakdan araňy üzme - bular aladalary gidirer.
- Täzeden toba daýan-da, gabahat işleri taşla. Ters hereketler durmuşy tutuksy
görkezer.
- Elmydama Allany ýatla, Oňa bil bagla!
- Adamlara ýagşylyk et, ýüregiňgiňär.
- Mert bol, gorkak, ýelýürek bolma. Mertlik ýüregiňi giňelder.
- Ýüregiňi göriplikden, kine-kitüwden, kezzaplykdan, gözboýagçylykdan we
her bir ýaramaz häsiýetlerden arassa sakla.
- Artykmaç göz aýlama, artykmaç sözleme, gerekmejek zatlary diňleme,
manysyz gürrüňlere gulak gabartma, mynasyp däl adamlar bilen oturyşma,
artykmaç iýip-içme we artykmaç ýatma.
- Netijeli işe ýüregiň bilen, düýrmegiň bilen beril, şonda ähli aladalaryňy we
gaýgy-gamlaryňy unudarsyň.
- Şu günüňbilen ýaşa, düýnüňi we ertiriňi ýadyňa salyp, gaýga batyp ýa-da
howpurgap oturma.
- Görk-keşp, rysk, saglyk we beýlekiler babatda özüňden peslere göz aýla we
öz günüňe şükür et.
- Bolup biläýjek iň ýaramaz netijäni hem saldarlap gör, soňra şoňa görä
hereket et, birdenkä ol ýüze çykaýsa-da, ýeňip geçmek ruhy taýdan ýeňil düşer.
- Aň-zehiniňi gorkunç hyýallaryň, eýmenç pikirleriň yzynda sergezdan, ýesir
etme, pikiriňi ýaramaz endişeleriň arkasynda selpedip ýörme.
- Gaharlanma, sabyr et, saklan, gaharyňy gizle, ýumşa we geçirimli bol. Ömür
öýke göterip ýörerden örän gysgadyr.
- Allanyň berýän nygmatlarynyň tükenip, hor-harlygyň güzer etjekdigini göz
öňüne hem getirip oturma, her bir ýagdaýda Biribara daýan, arkaýyn we bagtly
ýaşarsyň.
- Her bir müşgillige, her bir kynçylyga öz tebigy göwrümi bilen gara, olary
çişirip, göz öňüne getirme.
- Özüňe garşy dil düwüşýändirler öýdüp ýörme, erbetlige garaşmak ýaly
ýaramaz duýgulardan doly saplan.
- Durmuşy ýönekeýleşdir, çylşyrymlaşdyrma. Gereginden artyk bol-telkilige
çümjek bolma. Artykmaç eşret artykmaç aladadyr. Bedeniňi barha ýumşatmaklyk
ruhuňa barha ezýet bermekdir.
- Özüňe berlen nygmatlary we başyňa düşen kynçylyklary deňeşdirip gör,
haýsy birini alanyňda hem, gazanan sogabyňözüňedir. Girdeji elmydama ýitgiden
üstün geler durar.
- Adyňa aýdylan ýaramaz sözler saňa zelel bermez, ol diňe şol sözleri aýdana
zyýan getirer. Şonuňüçin olar hakda asla başyňy agyrtma.
- Pikirleriňi tertibe sal, elmydama sagdyn we gowy pikir et: diňe Allanyň
berjek nygmatlary, gazanyp boljak üstünlikler we artykmaçlyklar hakda oýlan.
- Hiç kimden taňryýalkasyna garaşma. Muny etmäge seniň hakyň hem
ýokdur. Her bir ýagşylygy diňe Allanyňrazylygy üçin etgin.
- Özüňe peýdaly meýilnama düz, elmydama şony amal etmegiň pikirleri bilen
ýaşa, ýollaryny agtar, şol işlere meşgul bol, alada-ünjüler golaýyňa hem gelmez.
- Ähli ýagdaýlarda hem amalyň jylawyny eliňden goýberme, şu gün bitirip
biljek işiňi ertire goýma.
- Adyňa mynasyp bolan, özüňe gelşip duran peýdaly hünärleri öwren, haýsy
işi edeniňde has ynjalyk tapýan bolsaň, şoňa hem ýapyş(ýüregiň ynjalyk tapýan
peýdaly işini tap).
- Allanyň saňa beren nygmatlary hakda pikirlen, şükranalyk bilen gürle hemde munuň üçin Allaha şükür et.
- Allanyň saňa beren her bir nygmatyna: saglyk, baýlyk, maşgala, işbabatda
kanagatly we şükrana bol.
- Ýakyn-u ýat, tanyş we nätanyş adamlar bilen elmydam güler ýüzli gatnaş,
olaryňgowy taraplaryny gör we aýyplaryna gözüňi ýum.
- Adamlaryň säwligini yzarlap, gep-gürrüňlerini ýaýratmagy, çylkasyz
sözlerini çintgäp, gybatyny edip ýörmegi bes et.
- Pyýada ýöremäge, sport bilen meşgullanmaga endik et, saglygyňa üns ber.
- Elmydama Alladan özür-ötünç, saglyk, ýaramly hal-ýagdaý we sag salamatlyk dile.
Aid Al-Karni

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.