Bagtly bol!

(Bagtly bolmagyň 30 ýoly)
-­‐ Ynam we salyh amallar ajaýyp durmuşyň syrydyr, bu ikisini mäkäm tut.
-­‐ Ylym-bilim al, hergiz okamakdan araňy üzme — bular aladalary gidirer.
-­‐ Täzeden toba daýan-da, gabahat işleri taşla. Ters hereketler durmuşy tutuksy görkezer.
-­‐ Elmydama Allany ýatla, Oňa bil bagla!
-­‐ Adamlara ýagşylyk et, ýüregiň giňär.
-­‐ Mert bol, gorkak, ýelýürek bolma. Mertlik ýüregiňi giňelder.
-­‐ Ýüregiňi göriplikden, kine-kitüwden, kezzaplykdan, gözboýagçylykdan we her bir ýaramaz häsiýetlerden arassa sakla.
-­‐ Artykmaç göz aýlama, artykmaç sözleme, gerekmejek zatlary diňleme,
manysyz gürrüňlere gulak gabartma, mynasyp däl adamlar bilen oturyşma, artykmaç iýip-içme we artykmaç ýatma.
-­‐ Netijeli işe ýüregiň bilen, düýrmegiň bilen beril, şonda ähli aladalaryňy we gaýgy-gamlaryňy unudarsyň.
-­‐ Şu günüň bilen ýaşa, düýnüňi we ertiriňi ýadyňa salyp, gaýga batyp ýa-da howpurgap oturma.
-­‐ Görk-keşp, rysk, saglyk we beýlekiler babatda özüňden peslere göz aýla we öz günüňe şükür et.
-­‐ Bolup biläýjek iň ýaramaz netijäni hem saldarlap gör, soňra şoňa görä
hereket et, birdenkä ol ýüze çykaýsa-da, ýeňip geçmek ruhy taýdan ýeňil düşer.
-­‐ Aň-zehiniňi gorkunç hyýallaryň, eýmenç pikirleriň yzynda sergezdan, ýesir etme, pikiriňi ýaramaz endişeleriň arkasynda selpedip ýörme.
-­‐ Gaharlanma, sabyr et, saklan, gaharyňy gizle, ýumşa we geçirimli bol. Ömür öýke göterip ýörerden örän gysgadyr.
-­‐ Allanyň berýän nygmatlarynyň tükenip, hor-harlygyň güzer etjekdigini göz öňüne hem getirip oturma, her bir ýagdaýda Biribara daýan, arkaýyn we bagtly ýaşarsyň.
-­‐ Her bir müşgillige, her bir kynçylyga öz tebigy göwrümi bilen gara, olary
çişirip, göz öňüne getirme.
-­‐ Özüňe garşy dil düwüşýändirler öýdüp ýörme, erbetlige garaşmak ýaly
ýaramaz duýgulardan doly saplan.
-­‐ Durmuşy ýönekeýleşdir, çylşyrymlaşdyrma. Gereginden artyk bol-telkilige çümjek bolma. Artykmaç eşret artykmaç aladadyr. Bedeniňi barha ýumşatmaklyk ruhuňa barha ezýet bermekdir.
-­‐ Özüňe berlen nygmatlary we başyňa düşen kynçylyklary deňeşdirip gör,
haýsy birini alanyňda hem, gazanan sogabyň özüňedir. Girdeji elmydama ýitgiden üstün geler durar.
-­‐ Adyňa aýdylan ýaramaz sözler saňa zelel bermez, ol diňe şol sözleri aýdana zyýan getirer. Şonuň üçin olar hakda asla başyňy agyrtma.
-­‐ Pikirleriňi tertibe sal, elmydama sagdyn we gowy pikir et: diňe Allanyň
berjek nygmatlary, gazanyp boljak üstünlikler we artykmaçlyklar hakda oýlan.
-­‐ Hiç kimden taňryýalkasyna garaşma. Muny etmäge seniň hakyň hem
ýokdur. Her bir ýagşylygy diňe Allanyň razylygy üçin etgin.
-­‐ Özüňe peýdaly meýilnama düz, elmydama şony amal etmegiň pikirleri bilen ýaşa, ýollaryny agtar, şol işlere meşgul bol, alada-ünjüler golaýyňa hem gelmez.
-­‐ Ähli ýagdaýlarda hem amalyň jylawyny eliňden goýberme, şu gün bitirip
biljek işiňi ertire goýma.
-­‐ Adyňa mynasyp bolan, özüňe gelşip duran peýdaly hünärleri öwren, haýsy işi edeniňde has ynjalyk tapýan bolsaň, şoňa hem ýapyş (ýüregiň ynjalyk tapýan peýdaly işini tap).
-­‐ Allanyň saňa beren nygmatlary hakda pikirlen, şükranalyk bilen gürle hemde munuň üçin Allaha şükür et.
-­‐ Allanyň saňa beren her bir nygmatyna: saglyk, baýlyk, maşgala, iş babatda kanagatly we şükrana bol.
-­‐ Ýakyn-u ýat, tanyş we nätanyş adamlar bilen elmydam güler ýüzli gatnaş, olaryň gowy taraplaryny gör we aýyplaryna gözüňi ýum.
-­‐ Adamlaryň säwligini yzarlap, gep-gürrüňlerini ýaýratmagy, çylkasyz
sözlerini çintgäp, gybatyny edip ýörmegi bes et.
-­‐ Pyýada ýöremäge, sport bilen meşgullanmaga endik et, saglygyňa üns ber.
-­‐ Elmydama Alladan özür-ötünç, saglyk, ýaramly hal-ýagdaý we sagsalamatlyk dile.
2 лайков 95 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
????_????
09 май 2022, 13:54
bolya ?