Şumer Plita ýazgylary /dowamy/

ENLIL ÝAGDAÝY HEMME ANUNNAKILERE DÜŞÜNDIRÝÄR

Indi bu hekaýa Anunnakileriň Ýeri taşlap giýändikleriniň we adamzadyň tupan wagtynda Ýerden aýrylmazlyk üçin ýemin edýändikleri hakynda bolar.
Enlil Anunnaki we Igigi serkerdelerini çagyryp Nibrukide mejlis geçirdi. Baştutanlaryň ogullary we olaryň perzentleri hem muňa goşuldylar. Enlil golaýlan aýylganç hadysa hakynda aýdyp berdi.
Gabzu Nibirunyň gizlin buýruklaryny şeýle beýan etdi: ''Ýerli gyzlary jübüt edip alan Igigiler belli karara gelmeli. Mardugyň aýaly Sarpanit ikisi hem Nibiruwa baryp bilenokdylar (Kanun şeýledi). Ýerde bolup geçjek tupany bolsa gök ulagynda uçup asmandan synlamalydy. Beýlekiler bolsa Nibiruwa uçmak üçin Ýerden gitmelidiler!''
''Ýeriň bu ykbaly ajy degýär'' diýdi. Nibiruwa gitjekler taýynlanan gök ulagyna münsünler, eger Ýerli zenana öýlenen Anunnakiler gitjek bolsalar, aýallaryny galdyryp gitmeli bolarlar. Aýalyna we çagalaryna baglanan Igigiler Ýeriň belentligine çykyp gaçsynlar! Galmagy saýlap alan birnäçe Anunnakiler, ýagny biz! Asman ulaglaryna münüp ýokaryk uçarys.

HER KIM BIR ÝOL SAÝLAÝAR

Enlil: ''Apy-tupanyň geçmegine garaşyp Ýeriň kysmatyna şaýatlyk ederis. Serkerde bolup galmaga ilkinji bolup men öňe çykýaryn! Ninurta: ''Beýlekiler haýsy ýoly saýlasa şony saýlasyn. Kakam bilen bolup Apy-tupana garşy durmagy saýlap alýaryn!'' diýdi.
Enlil: ''Tupandan soň okeanlaryň aňyrsyndaky diýara dolanyp bararyn! Enliliň Ýerde dogulan ogly Nannar Tupan ýatýança Aýda garaşmagy müwessa bildi.
Enki ýagdaýa geň galýardy, Enlil ogluna rugsat berdi. Enliliň iň kiçi ogly Işkur hem kakasy bilen Ýerde galmaly boldy. Nannar Ýerde dogan ekiz çagalary Utu we Inanna hem Ýerde galmaklygy yglan etdiler.
Enki we Ninki hem Ýerde bolup Ýeri terk etmezligi saýladylar.
Marduk ''Igigileri we Sarpaniti taşlap hiç ýere gitmerin'' diýdi. Enkiniň beýleki ogullary hem bu ýerde galmakçydylar. Nergal we Gibil, Ninagal we Ningişzidda hem-de Dumuzi hem olara goşuldylar: ''Ömrümiziň eserleri bu ýerde! Ýaradanlarymy, Ýerlileri terk etmerin! Onuň aýdanlary Anunnakileriň we Igigileriň arasynda ahy-perýadyň göterilmegine sebäp boldy. Ýerlilere näme boljakdygyny soradylar.

ÝERLILERIŇ YKBALY HAKYNDA ENLIL WE ENKI DAWWALAŞÝARLAR

Enlil: ''Goý, Ýerliler ýigrençleri bilen ýok bolup gitsinler, diýdi
Enki: - Ellerimiz bilen ýaratdyk hiç zada meňzemeýän barlygy, ýene ony özümiz halas etmeli. Enlil heňkirip oňa garşy çykdy:
- Edilen zatlary, buýrukdyr, kanunlary sen üýtgetdiň, sen bozduň! Ýerdäki işçileri köpeltdiň, Hemme zady ýaradanyň güýçlerini özüňçe eliňe aldyň.
Soňam muny ýigrenjiligiň bilen hapalap garaladyň. Zyna etdiň we Adapa doguldy; onuň nesline ylym berdiň!
Onuň ogluny alyp asmanlara çykardyň, olara ylym-bilim berdiň! Hemme düzgüni bozduň, buýruklara-kanunlara gulak asmadyň! Sen sebäpli emele geldi siwilizasiýa, dogan-dogany öldürdi (Abyl-Kabyly göz öňünde tutýar). Ogluň Marduk sebäpli Igigiler oňa özelenişip Ýerli gyzlara öýlendiler....''

ENLIL ÝERLILERI HALAS ETMEZLIK ÜÇIN ANT IÇIRÝÄR

Enlil:
- ...Kim Nibirudan gelen hormatly, Ýer kime degişli, hiç kimem bilenok muny! Besdir, besdir, boldy indi, nokat goýmak gerek bar bolan zatlara!
Nejislik dowam etmez indi! NÄBELLI KYSMAT ýetip gelsin, degmäň boljak zatlar bolsun! - diýdi. Boljak zatlara şert döretmezlik üçin baştutanlaryň and içmeklerini sorady.
Ninurta bolýan zada sessiz bolmaklyk ýeminini etdi. Enliliň ýanyndakylar ony synlaýardy. Enkiniň ogullaryndan birinji ýemini eden Nergaldy. Enkiniň beýleki ogullary Marduk ''Buýrugyňa boýun egýärin, ýöne bu ýemin etmek And içmegiň netijesi näme? Igigiler aýallaryny terk etseler Ýerlileriň arasynda gorky peýda bolmazmy? Ninmah gözlerinden ýaşyny akdyryp, pyşyrdap And içdi.
Enlil Enkä garady. Patyşanyň we mejlisiň gelen netijesi şu - diýdi. Enki:
- Meni näme üçin And içirjek bolýaň! Netijä gelipsiň, Ýerde bu bir buýruk! Sil suwlaryna diwar galdyryp böwet bolup bilmerin. Ýerlileri halas edip bilmerin. Maňa And içirip baglap bilmersiň - diýdi.




(dowamy bar)
2 лайков 29 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.