Gündeligimden...
Her ädimi ätlemäge taýýar bol, ynsan ätlemejek ädimleri bilen synalýar.
***
Sen şol biri bolmak isleýän bolsaň, sende-de şol biri bolsun.
***
Ynsanlar köp zadyň gadryny ýitirensoň bilýärmiş, ýalan!
Aslynda gadyrly zatlar ýitegen bolýar.
***
Bagt gizlenmegi gowy görýär. Şonuň üçin ony gözlemäň, diňeje garaşyň. Ol özi gelen halatynda siziňki bolýandyr.
***
Näme üçin biwepalary ýazgarýarsyňyz? Her gününe aşyk bolup ýaşap ýören dünýäňiziň lakamy "Loly" dälmi näme?!
***
Käbir awtorlar bardyr sözlerini unutdyrmaz. Käbir sözler bardyr awtoryny unutdyrmaz. Sözlerimiň meni unutdyrmazlygyny isleýärin.
***
Biziň gözýaşly gülkilerimiz bar.
***
Mekdebimiziň ýanyndaky agaçlaryň gaýyp düşýän ýapraklarynda hiç hili aýralygam, romantikada görüp bilemokdym, meň gözüme ol öňem ýetişiksiz meýdan süpüriji gelneje üçin artykmaç zähmetdi... (Massimus)
***
Adam maýmyndan gelip çykanmyş. Ynanýan. Entek gelip çykyp ýetişmediklerem bar... (Massimus)
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.