Çagalyk söýgüm (bolan waka)

Kalbymda kerepläp galdymy gaýgym?
Çagalykda galdy , çagalyk söýgüm.

Durmuşymdaky iň süýji, iň duýgyly, iň ýakymly ýatlamalaryň  biri hem Şeker bilen geçiren günlerim . Ilki-ilkiler üns bermesemem , soňabaka meniň oňa bolan muhapberim artypdy, söýgüm oýanypdy. Men hakykatdan hem ony hiç kinesi bolmadyk çaga ýüregimden ,päk söýgi bilen söýýärdim. Olam maňa kem baha garamaýardy. Olam meni söýýän ýalydy. Sebäbi men olara myhmançylyga barsamam ,  olar bize myhmançylyga gelselerde, biz biri-birimizi ýitirip  tapan ýaly bileje oýnaýardyk, ýaýnaýardyk, degişýärdik, gülüşýärdik.

Ilki bilen Şeker barada gysgaça maglumat . Şeker özüm bilen ýaşdaş , orta boýly, gaharjaň gyz. Aslynda çaga wagty gaharjaňam däldi. Göwnaçykdy, alçakdy, owadandy. Ullakan dury goňur  gözleri bardy.

Çagalykda görerdim,
Gözleriňde gözlerim.
Goşgy ýazar ýörerdim,
Saýlap süýji sözlerim.

Ýene-de çagalygmyň,
Sahypasyn dörjedim.
Ýaňy biten ýaramyň,
Soňky gatyn gorjadym.

Goşgy ýazmak borjumdyr,
Ýumulmasa gözlerim,
Soňlanmaýar sözlerim,
Uzar gider göz ýetim.

Ulaşdyryp kesele,
Dermanyny bermediň.
Eýýäm ýedi ýyl bäri,
Gözleriňi görmedim.

Wah ýene-de görsedim,
Gözleriňde gözlerim.


Aslynda men onuň şu wagtky Şekerime  dälde , çagalygyndaky Şekerim  aşyk. Indi ol düýbünden üýtgäpdir.Şeker daýzamyň gyzy bolan soň häli şindi men ejem bilen olara ýa-da olar bize myhmançylyga gelerdi. Şeýle bir hezildi onuň bilen oýnamak , onuň ýanynda bolmak. Ýüregime azap berýän soraglarymyň biri hem olam meni söýýärmikä? Has dogrusy söýdümikä ? Hawa, içki duýgylaryma görä olam meni söýdi. Elbetde men  ilkinji goşgymy , heniz elime galam alyp başlan wagtymda, ilkinji söýgüme ýazypdym. Ol pursatlar henizem göz öňümden gidenok. Şol wagt sen meniň bilen hoşlaşyp, öýüňe gaýtjak bolup durdyň. A men bolsa seniň bilen hoşlaşasym gelmeýärdi.Sen:

-Sag bol -diýip kiçijek we näzijek , akja eljagazyňy salgap gaýdyp barýardyň. Men bolsa ne "Sag bol " diýip bildim , ne-de elimi galdyryp. Diňe doňňara daş deýin yzyňdan seredip doňup durdym. Şol wagt men juda-juda üýtgeşik duýgylary başdan geçirýärdim. Şol täsin duýgylar bilen men öýe ylgadym. Tekjeden kagyz bilen galam aldym-da ilkinji goşgymy ýazyp başladym.

Men saňa bakýan,
Sen maňa bakýaň.
Bakmak bilenem,
Ýüregmi ýakýaň.

Göräýmäge ýönekeýje sanawaç ýaly sözlemler . Ýöne men bu sözlemlerimi hakydamda ýüregimde göterip ýörün. Bu sözlemler çaga kalbynyň joşgynly owazy, bu sözlemler ilkinji ylham perişdämiň pyşyrdylary.

Şeker aýtsana ,
Meni söýýäňmi ?!
Meniň söýgümi,
Senem duýýaňmy?

Ýa sen söýýäňmi?
Ýa söýeňokmy?
Ýa meniň söýgümi,
Sen duýanokmy?

Kulhuallahu ahad,
Allahyssamad...

Goşgynyň ahyryna Gurhan aýatlaryny goşanyma özümem haýran . Belki näbelli bir güýç bu aýatlary maňa ýazdyrandyr. Belkide gudraty güýçli Biribar ilkinji goşgymyň Gurhan aýatlaryndan başlamagymy isleýändir.
Şeker. Şu ady eşidenimde ýüregim jigläp gidýär.Bir, iki, üç gezek däl , her gezek şeýle.Näme üçin beýlekä?

Şeýle bir söýýärdim,söýýärdim seni
Seň bilen durmuşym örän hezildi
Sen gitdiň ýalňyzlyk aglatdy meni
Joşan göwnim gam kölinde ezildi

Şeýle bir söýýärdim ,söýýärdim seni
Kalbymyň törinde diňe sen bardyň
Sen dünýäme dogdyň şapak mysaly
Ömür ýollaryma ýalkymly nurdyň

Şanyňa ençeme goşgy ýazardym
Galam ,kagyz meniň hemram bolardy
Elmydama seni ýatlap gezerdim
Seň suratyň meniň gümram bolardy

Bu nähili söýgi boldugy ? Bu nähili duýgy boldugy ?! Ynanyň bu duýgyny beýan etmäge hiç bir söz, hiç bir sözlem ýetmeýär. Bu duýgyny beýan ederden sözlerim ejiz.

(Dowamy bar)
1 лайков 35 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.