Gelip dur ataň öýüňe

Gelip dur ataň öýne,
Entek ejeň dirikä.
Dünýädäki bagtyýar,
Adamlaryň birikäň.

Jan berşi dek janyndan,
Ruhundan ruh bagyşlar.
Bagryňa bas, gujakla,
Günäň bolsa bagyşlar.

Aýtmasaňam, barybir,
Beletdir ähli zada.
Gözüňe bir garasa,
Kalbyňy okar bada.

Gulpaklyja gyz bolup,
Ýatlarsyň sen geçeni.
Seni görüp ýaşarar,
Tanamarsyň ejeňi.

Ýöne çägi çäklenip,
Gurlan adam takdyry.
Bir uçansoň gözüňden,
Gaýdyp eje tapdyrmy?!

Ýüzüňe nur çaýylar,
Käbäň öýüň nuruka.
Gelip dur ataň öýüne,
Entek ejeň dirikä.

Alyp delje süýjüden,
Dogduk öýüň şirikäň.
Myhman bar ejeňlere,
Entek ejeň dirikä.

Gülşirin Hanowa
2 лайков 54 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
24 авг 2024, 22:11
Ene-ataly adam iň bagtly adam. Munyň iň uly bagtdygna düşünýäň weli, giç bolýa uže
Dowsypat
25 авг 2024, 19:13
Delje zatlardan alyp, baryp dursañyz gowy.
#B.S
25 авг 2024, 22:08
ine sise tqzelik...........................