Seni ejeň öýerdi...

Sen ol gyzy taňokdyňam asla,
Bilýän janym, seni ejeň öýerdi.
Belki öýlenmezdiň özüňe galsa,
Ýaşyň ýetdi diýip, ejeň öýerdi.

Durmuşa garaýşyň başgady entek,
"Söýüp, halap toý etmeli" diýerdiň.
Ejeň gurnan eken başgarak geljek,
Saňa galsa entek-entek gezerdiň.

Ýumrulan söýgümi agzajagam däl,
Seňem arzuwlaryň ýykyldy gerek?
Özüm hakda hiç zat gozgajagam däl,
Ullakan boşluk dur bagtyma derek.

İşeňňir ekeni ejeň saýlany,
Ýerindemiş görk-görmegi, edebi.
Ejeň diýýän bolsa bardyr bilýäni,
Ejeň sözün diňläp basgyn gadamy.

Başyň göge galdyr, geljege seret,
Oňarsaň ol gyza söýgünem döret.
Meni hiç ýatlama, sen meni unut!
Men bilýän-ä sende günä ýoklugyny,
Seň ýüregiň ak gardanam aklygyny.

Meniň ýarym diňe meni söýerdi,
Bilýän janym, seni ejeň öýerdi.?

Gözel ŞAMYRADOWA
7 лайков 166 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
28 ноя 2021, 13:06
Menem ejem öýerdi?
- Dani
28 ноя 2021, 14:00
Icimden gecip gitdi..
Saparmyrat
28 ноя 2021, 14:48
Tüweleme göz degmesin
Ýöne bir söz aýtjak Ene söýgüsinden güýçlisi ýok şoň üçin ejeňiz näme diýse şoňa kaýyl bolmaly. Ejesi ýoklaram näçe
gulicka
28 ноя 2021, 14:57
gou goshgy ekn popkorn
aika
28 ноя 2021, 15:14
likee
Shahrukh khan
29 ноя 2021, 12:04
Oz goshgundyr oytdim