ULY ZEHINIŇ EDERMENLIGI


Türkmeniň uly şahyry Gurbannazar Ezizowyň döredijilik dünýäsi hakda söhbet açmak hem aňsat, hem juda çetin.

Aňsady — onuň şygryýet dünýesi hakda küti kitaplyk söhbet etmek mümkin, şoňa baý material bar. Çetinligi — onuň ajaýyp poeziýasy hakda söhbet edesiň gelenok-da, öwran-öwran okasyň gelýär. Galyberse-de, Gurbannazaryňky ýaly sap duýga, zehine, pehim-paýhasa eýlenen goşgularyň nämedigini söz bilen düşündirjek gümanyň ýok. Mylly aganyň «Humaralasyny» diňläniňdäki ýaly, ol goşgular her bir okyjyda her okanynda bir hili duýgy döredýär, Duýgulary bolsa, düşündirip bolmaýar.

Megerem, bu ýerde diňe Gurbannazar Ezizowyň biziň edebiýatymyzyň öňündäki ajaýyp edermenligi. hakda söhbet etmek bolar.

Goja taryhy halkyň hut özüniň döredýänligini Fridrih Engelьs örän jaýdar aýdypdyr. Bu dogrudyr. Emma, biziň pikirimizçe, aýry-aýry şahsyýetleriň belli-belli döwürlerde halkyň ykbalyna eden täsiri-de uly taryhdyr. Diýmek, halkyň taryhyny onuň jümmüşinden çykan ogullar-da döredibem bilýär, üýtgedibem. Elbetde, biziň söhbetimiz taryhda şahsyetiň ýa-da şahsyýetiň taryhyň kemala gelmegindäki rollary hakda däl. Gürrüň edebiýatyň, medeniýetiň, sungatyň kemala gelmegine, onuň aýry-aýry döwürlerde belli bir ugurdan — megerem, öz möwritini geçiren ugrundan has kämilleşen ugra dirmeginde bir şahsyýetiň roly hakda barýar.


Magtymgulynyň ajaýyp hyzmaty onuň poezia-sy diýmek, pähim-paýhasy bilen ,türkmen ýaly gadymy halkyň üç ýüz ýyllyk neberesiniň dünýä tsiwilizatsiýasynyň belent derejesinde terbiýelenip şu günki bütewi millete öwrülendigindedir.

Şahsyetiň halkyň taryhyndaky orny hakdaky söhbetde meseläniň ikinji bir tarapy-da bar. Bu şahsyýetiň orta gelmeginiň taryhy şertleri hakdaky meseledir.

Nowaýydan Magtymgula çenli tutuş Gündogar edebiýatynda şolar derejedäki edebi şahsyyetiň orta gelmenliginiň sebäpleri heniz öwrenilen däldir, Beýik akyldar Döwletmemmet Azadydan soň, Andalybyň, Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Seýdiniň, Zeliliniň, Keminäniň, Mätäjiniň, diýmek, klassyklarymyzyň ählisiniň bir asyryň dowamynda ýaşap geçendigi hem, geçen asyryň 80-nji ýylliryndan tä üstümizdäki asyryň kyrkynjy ýyllaryna çenli — has takygy, Mätäjiden Berdi Kerbabaewe çenli, tas 60 ýylyň dowamynda şolar derejesinde edebi şahsyýetiň döremenliginiň sebäpleri hem biziň üçin heniz matal bolup galýär.

Islendik şahsyýetiň roly onuň öz döwründe nähili işleri amala aşyrandygy, şeýdibem, halkyň ykbalyna oňaýly täsirini ýetirendigi, halkyň döwlet, harby syýasatyna, edebiýatyna, sungatyna, medeniýetine ägirt uly goşant goşanlygy, özünden soňkulara uly miras galdyrandygy, şol mirasyň tutuş nesilleriň terbiýesi üçin egsilmez çeşme öwrülendigi... bilen kesgitlenilýär. Megerem, diňe şu ölçeg biziň edebiýatymyzyň hem sungatymyzyň Berdi Ker-babaew, Magtymguly Garly, Bäşim Nuraly, Alty Garlyew, Mylly aga, Kerim Gurbannepesow ýaly ägirtleriniň halkymyzyň taryhyndaky oýnan roluny kesgitläp biler.

Türkmen ädebiýatynyň «sowet döwrüniň» taryhyn-da esasy orunlary eýeleýän, has -takygy, täze türkmen şygyrýetiniň taryhyny ybarat eden şahsyýetleriň biri-de Gurbannazar Ezizowdyr.

Gurbannazaryň ajaýyp şygyr sungaty barada ençeme makalalaryň, ýörite kitabyň (A. Agabaew, «Ezizowyň ömri bilen») ýazylandygyna garamazdan, heniz onuň poeziýasynyň belentligi, onuň biziň edebi hojalygymyza nähili täzelikleri getirendigi doly aýan edilenok. ýazyjy, tankytçy Amannazar Aşyryň juda jaýdar belleýşi ýaly, zehini Hudaýdan berlen sungat adamsynyň döredijilik syryny hiç mahal açybam bolmaz.

Eýsem-de bolsa, Gurbannazaryň poeziýasynyň belentligi, onuň şu günki edebiýatymyzyň pikir ýörediş ukybynyň, içki gorunyň, setiriň kalby açyş mümkinçiliginiň Ýewropa, dünýä edebiýatynyň wekil-leriniň ussatlyk derejesine göterilmegindäki hyzmaty nämelerden ybarat?!

Elbetde, bu sowallara bir makalanyň, onda-da ýat-lamanyň çäginde jogap bermek kyn. Bu ýerde diňe Gurbannazar fenomeniniň gelip-gelip 60-njy ýyllaryň başlarynda edebiýata eýelmeginiň sebäplerini, onuň poeziýamyza getiren, şahyryň diňe özüne mahsus bolan täzelikleri barada gürrüň etmäge synanyşmak (ondan artyk däl) mumkin

Biziň 50-nji ýyllaryň ahyrlaryndaky şygyr sungatymyz klassyky poeziýamyzyň gös-göni dowamy bolup, «edebiýat öz döwrüniň gözi-gulagydyr» diýen printsipe köre-körlük bilen eýerýärdi. Men bu ýerde goşgynyň kapiýa, rifma, bogun sazlaşygy ýaly klassyk elementleriniň köne döwürlerdäki ýaly saklanyp galýanlygynyň, şygryň tematik geriminiň milli çäklerden çykyp bilmänliginiň gürrüňini edemok.

Hakyky talant islendik formada-da öz matlabyny ussatlarça aýdyp biler. Gürrüň okyja yetiriljek bolunýan şol matlaplaryň analitik akyllylygynda, täzeliginde, derwaýyslygynda, okyjynyň kalbyna ýol salyp bilýänliginde.

Dogry, şol ýyllaryň edebiýatynyň diňe käbir wekillerinde, meselem, Kerim Gurbannepesowyň, Mämmet Seýidowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Al-laberdi Haýydowyň käbir şygyrlarynda şygryň pikir ýüküni agraltmagyň, forma käbir täzelikleri girizmegiň başlangyçlary bardy. Şeýlelikde, poezaiýanyň esasy özeni bolan adam duýgularyny beýan atmegiň milli tärleri gözlenilip başlandy. Goşgularda şol bir lenç edilen «akyl satmadan» adam kalbyny gozgalaňa salýan (tapawudy ýok, söýgümi, gynançmy, şatlykmy..) ahwalatlaryň çeper beýany başlandy. Umumy alanyňda welin, şol ýyllaryň poeziýasynyň esasy gerimi kommdnistik partianyň öňe süren ýörelgeleriniň şygyr formasyna salnan beýanydy.

Galyberse-de, biziň prozamyza-da mahsus bolan milli çäklilik poeziýamyzyň gabarasyny eýikdirmedi. Pikirlenişde, beýan edilişde milli çäkleriň dar serhetleri bolmaly däldir. Magtymguly, Puşkin, Giote, Baýron ýaly läheňler umumad amzal ahwalatlarynyň beýanyny teswirlendikleri (adam ahwalatlarynyň milletiniň bolmaýanlygy) sebäpli ähli halklar üçin baryp ýatan milli şahyrlardyr.

Gurbannazaryň poeziýa gelmegi bilen biziň şygyr sungatymyz täze, has kämil ýol bilen gitdi. Gur-bannazaryň poeziýamyza nähili täzelikleri getiren-digi hakdaky käbir pikirleri orta atmakdaň ötri guýmagursak şahyr hakda Kerim Gurbannepesow bilen bolan bir söhbetdeşligi ýatlamak isleýärin.

Ýogalmazyndan bäş-alty aý öňräk bolsun gerek agşamaralar Kerim halypanyň öýüne bardym. Hemişeki endigime göre, men duşuşmagy gündiz telefon arkaly gepleşipdim. Sebäbi dörediji adamyň, onda-da Kerim halypa ýaly hemişe işleýän adamyň öýüne duýdansyz barsaň, işine zyýan ýetmegiň mümkin. Kerim aga iş stolunyň başynda başyny galdyrman otyr. Açyk gapydan ony synlap durşuma yzyma dolanmakçy boldum. Iki-üç ädim ätmänkän Kerim şahyryň mylaýym sesi ýaňlandy:

— Geleňsoň yzyňa dolanmaň näme-haw, giriber-da!

— Işläp oturan ekeniňiz, päsgel bermäýin diýdim.

— Niýetiň-e erbet däl ekeni.

Ol şeýle diýdi-de, hemişeki endigine görä, hezil edip güldi. Soňra üns bilen okap oturan kitabynyň sahypasyny (Gurbannazaryň «Serpaýyny») maňa görkezdi-de, iň wajyp bir habary aýtjagyni aňdyrýan ýaly şekilde has çynlakaý sypata girip, şeýle diýdi:

— Goşgularyny ýene bir gezek uly höwes bilen okap çykdym. Bilýämiň näme, men hemişeler «Gurbannazar neresse kämillige ýetişmän aradan çykdy» diýerdim. Gaty ýalňyşan ekenim. Tutuş döredijilgini bir ýere jemläp okadym weli, öňki pikirimden el çekäýdim. Her okan goşgyň özbaşyna täzelik bolup dur. Ýok, Gurbannazar hakyky şahyrlyga ýeten eken tüýs guýmagursan şahyr diýleni şü.

Kerim şahyryň bu pikiri beýleki galamdaşlarynyň ýanynde aýdan bolmagam, ýazan bolmagam mümkindir Gurbannazaryň has kämilräk neşir edilen Serdarym* atly kitabyny okap çykan her bir okyjy Kerim şahyr bilen hökman pikirdeş bolup galar.

Şeýlelikde, Gurbannazar biziň poýaziýamyzda täze gözlegleriň başlanan mahaly edebiýata geldi.

Guýmagursak zehinleriň ählisinde bolşy ýaly, onuň ilkinji ädimleri-de bir hili şowlulyk, täsinlik, täzelik bolup ýaňlandy. 1982-nji ýylda men Gurbannazaryň okuwçy wagtlarynda Mydam taýýar» gazýetinde, , «Söýgi> atly sonetler çemeniniň belentligi hakdaky gürrüňi uzaltmak islämok. Bir ýagdaý welin aýan: Bulary okaňda, hakykatdanam, poeziýa ummanynda ýüzüp barýan akyl gämisine münüp, şu günki adamzat nesliniň pähim-paýhasyny gulaçlaýan ýaly bolýarsyň.

Ynha, bu eýýäm uly edermenlikdir. Sungatda beýle edermenlikler häli-şindi duşýan däldir. Bu eserleriň abyrsyz ähmiýeti olaryň häzirki günlerde-de hemmeler üçin nusgalyk bolup galýandygy bilen çäklenmeýär. Eýsem-de bolsa, olaryň gadyr-gymmaty Gurbannazardan soňky şahyrlar nesli üçin dogry ýörelge bolup galýandygy, şol ýörelgeden gadam urýanlaryň juda känligi bileň kesgitlenilýär

Megerem, zehiniň kemala gelmegi, taplanmagy üçin sowatly, düşünjeli okyjy, töweregem derwaýysdyr. Altmyşynjy ýyllaryň edebi tankydynyň, edebiýaty öwreniş ylmynyň belent derejesi agzalan döwürde sagdyn edebi jemgyýetçiligiň bolandygyna şaýatlyk edýär.

Gurbannazaryň poeziýa gelen döwürlerinde Baýram Welmyradow, Täşli Gurbanow. Beki Seýtäkow,

Kerim Gurbannepesow ýaly iňňän talantly redaktor-

lar, Abdylla Myradow, Öde Abdyllaew, Saýlaw Myradow, Hanguly Taňryberdiew ýaly salyhatly, öwrediji tankyt ýazyp bilýän zehinler bardy.

Gurbannazar Ezizow öz gysga ömrüniň öň ýanyndaky ýyllarynda türkmen şahyrana sungatynyň derejesini şeýle bir ýokary derejz galdyrdy. Hatda şu günlerem şol belentlik elýetmez nusgalygynda galýar.

Eliňe Gurbannazaryň «Serdarymyny» alarsyň, okap başlarsyň}


Güller bitsin näzik aýaklaryňa...

Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde.

Maňa seniň gözleriňden gitme ýok,

Şapakdan ot alýar baglaryň başy,

Gije ogurlapdyr belendi-pesi,

Söýgiýa guýji bilen aýlanar zemin.


Pähim-paýhas, belent çeperçilik babatda nusgalyk dereje ýeten şeýle ajaýyp setirler Gurbannazaryň tutuş döredijiliginiň bezegi.

Bu gün Gurbannazaryň, poeziýasy — kadymy merdana halkymyzyň Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň milli baýlygy. Onuň poeziýasy häzirki döwür şygyrýetimiziň ýeten derejesine, ölçeg mizanyna öwrüldi.

Gurbannazaryň şygyrýete gelen tolkunynda biziň poeziýamyza onuň şondan soňraky ykbalyna öz täsirini ýetiren Annaberdi Agabaew, Halyl Kulyew, Italmaz Nuryew, Baýram Jütdiew, Kakabaý Ylýasow ýaly zehinler geldiler. Bularyň biziň edebiýatymyzdaky orunlary hakdaky gurrüň aýýäm özbaşyna söhbetdir.

Özleriniň boýun aljaklaryny-almajaklarypy bilemok: meniň pekirimçe, biziň şu günki poeziýamyzyň bol miwe eçilýän daragtlary Baýram Jütdiew. Atamyrat Atabaew, Gurbanýaz Daşgynow, Amanmyrat Bugaew, Atajan Annaberdiew dagynyň şahyranalyk badalgasy-da hut Gurbannazar Ezizowyň ajaýyp poeziýasyndan başlanýar.

Bu gün Gurbannazaryň poeziýa mekdebinde we zehin tabyny synaýanlaryň sany atlandyrardan kän.

Çyn zehinlerde täsin bir welilik bolýar. Akyldar Magtymguly taraşlap şagladan» ajaýyp şygyrlarynyň özünden «soňkulara ýadygär» boljagyny, genial Puşkin öz adyny «ulus-iliň — slawýanlaryň, agtyklaryň tutjagyny» öňünden bilipdir.

Gurbannazar neresse bolsa, heniz otuz ýaşyndaka iňňän sadalyk bilen şeýle ýazypdy:


Meniň öz ýaşyma uly baham ýok

Oň bahasyn kesgitlejek zaman bar.


Diňe bir Gurbannazar Ezizowyň ajaýyp poeziýasyna däl, eýsem-de bolsa, merdana halkymyzyň dogup-döräp döreden ähli mukaddesliklerine mynasyp baha kesýän zaman — Garaşsyzlyk zamany, şükür uzak garaşdyrman öz berekedi, uly tutumlary, halkymyza eçilen eşretleri bilen geldi. Çyn zehinleriň penakäri merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň karary bilen Gurbannazar Ezizowa Magtumguly adyndaky döwlet baýragynyň laureaty Türkmenistanyň halk ýazyjysy diýen belent atlar, dakyldy, Şahyryň öz ýaşan köçesi, okan mekdebi onuň adyny göterýär.


Arman, Gurbannazar neresse bu uly hormatlary öz gözi bilen görüp bilmedi.

Bir zat kolbyňa az-kem teselli berýär:ol hem Gurbannazar Ezizow diýilýen mukaddes adyň onuň ölmez-ýitmez poeziýagynda baky ýaşajgydyr.


Hudaýberdi DIWANGULYEW,

Turkmenistanyň halk ýazyjysy.
2 лайков 179 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.