GUŞLARYŇ ŞASY
Şol gün kakasy ony şeýle kelamlar
bilen serpaýlady: «Şuňkarym, bu gün sen
ata höwürtgäňi terk edýärsiň. Indiden
beýläk öz höwürtgäňden örlärsiň. Sen
ony adyňa mynasyp ýerde, beýik daglaryň depesi asmana uzaýan gaýalarynyň
berkden-berk kertinde gurmalysyň. Ol
ýöne-möne mesgen bolmaly däldir, kaşaňlygy bilen köpleriň gözlerinde nepis
keşde bolup gaýalmalydyr. Ony görenleriň şol ýerde şuňkaryň ýaşaýandygyny
bilmekleri wajypdyr.
Maňa ünsli gulak as-da, aýdanlarymy ebedi ýadyňda sakla. Sebäbi bir gün
sen hem öz nesliň gursagyna dilimiň şu senasyny ata sargydy hökmünde guýmaly bolarsyň. Bu kelamlar kakamyň
maňa eden pentleridir. Olar ata-babalarymyzyň ýüreginden üze-üze döreden
aýdymlary. Aýdymda bolsa keramat bardyr. Sen oňa gulak asan çagyňda ondan
ejdatlarymyzyň belent, synmaz ruhuny
aňlarsyň. Gezeginde seniň hem nesliň öz
dowamatlaryna şol ruhy ähli aýdyňlygy,
çuňňur manysy, bakylygy bilen ýetirmegi
parz tutunmalydyrlar.
Hüý-häsiýetiňde özgelere nusgalyk
edim-gylymy rowaç tapdyrmak lazymdyr. Ömrüňe beýiklik hem päkizelik
ýaraşýandyr. Mertebelilik hem şanlylyk saňa mahsus zatlardyr. Sebäbi biz laçyn
kowumyndandyrys. Laçynlar bolsa goşa
ganatlylaryň şasy hökmünde ykrar edilendir. Derejäňe mynasyp ýaşamagy başarmalysyň. Ana, şonda ejdatlaryň adyna
şan getirersiň. Ata-babalaryň adynyň
şöhrata beslenmegi, mertebesiniň arşa
göterilmegi dowamatlaryň derejesini
has-da beýgelder, geljegine nur çaýar.
Nuranalyk ak bagtdan nyşandyr!».
Kakasynyň söze dyngy bererine mähetdel, ejesi «Balajygym» diýip söze başlady. Oňa ýüregine düwen sözlerini dile
getirmäge ogly ejazat bermedi. «Balaja»
diýip meni kim saýýaň, eje? Şindi etene,
çülpe çagalaryna diýilýän söz ahbetin ol.
Men bolsa per, ýelekleri ýetip, uçurym
bolan şuňkar!».
Ejesi alňasak gürledi: «Garabagyr ejeňe dogry düşün, jigerde janym, bu seni
kemsitdigim däl-de, enelik mähri bilen
söýgüledigim. Şeýle dälmi kakasy?». Kakasy: «Dürs gep» diýen manyda baş atdy.
Ejesi sözüne dowam berdi: «Kakaňa sataşyp, şu höwürtgä gelen günümden, Beýik Taňra mynajatym şu boldy. Özem bu
dilegimi säher çagy, Günüň dogar-dogar
uçurlarynda ýüzümi asmana tutup, dilimde senalaýardym. «Gudratly Taňrym,
maňa bir ogul ber, onuň bedeni berdaşly,
dykyzdan daýaw, göwresi sazlaşykly bolsun!». Keremli Ýaradyjymyz dilegimi duş
eýledi. Göwnümize görä eçilibildi sahawatyny. Tüweleme, boýuňy synlap, keşbiňden doýup bilemok. Özgeler hem şol
güzerden suwa inýändirler. Nädip şeýle
hala düşmän bilsinler. Özgeleriň arzuw
edip ýetip bilmeýän syraty jem bolupdyr
sende. Kelläň gysgadan kiçi, maňlaýyň
giň, gözleriň uly, boýnuň ýogyn, döşüň ýasy hem aýlaw, guýrugyň ýaýraw,
şondan gelen butlak, buduň etleri gaty.
Ejeň injikleriňden aýlansyn, olar ýogyndan togalak hem gysga, penjeleriň uly,
barmaklaryň güýçli, dyrnaklaryň reňkine
bak-a, olar tüm gijäni ýadyňa salýan şar
gara. Aýaklaryň maýsa kimin ýap-ýaşyl.
Şuny-da bilip goý, ähli jandarlaryň alabederinden bir reňklisi ybaly görülýändir.
Sen tämiz atan daňyň aklygyndan kemal
tapan mysaly kümüşsöw öwsüp dursuň.
Şundan ötrem, sen diňe bir şuňkar hem
dälsiň-de, Akşuňkarsyň!»..... Dowamy bar

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.