GUŞLARYŇ ŞASY 2

Akşuňkar ukudan oýananda, daňyň
düýbi ýaňy çyzylypdy. Ol hekemini başy
gitdigiçe çürelip gidýän beýikden ýylçyr
gaýanyň kertinde gurdy. Ol amatly ýer
gözläp, biri-birinden belent gaýalaryň
ençemesini synçy nazaryndan geçirdi.
Ýöne şundan jaýdaryna duş gelmedi.
Akşuňkaryň höwürtgesi gaýanyň çür
depesiniň adam boýy aşak eteginde ýerleşýärdi. Ony gündogar hem günbatar
tarapdan harsaň daşlar penalaýardylar.
«Gudrat görseň, daglara bar» diýleni.
Höwürtgäniň ýokarsyny ol harsaňlardan-da uly hem ýasy daş ýapyp ep-esli
öňe çykyp durdy. Çapgyn ýellerdir boraganlar oňa zeper ýetirerden ejizdiler.
Höwürtgäniň gaýra tarapy Akşuňkar
üçin arkaýyn girip, çykar ýaly sümelgedi.
Öň bu ýeri hiç bir jandar mesgen edinmändir. Akşuňkar höwürtgesini uludan
tutdy. Janyna has rahat bolar ýaly ol ýere
ýumşak otlar düşedi. Perdir ýelekleri kem
etmedi. Özge hili bolmaga haky hem
ýok. Bu ýerde onuň ýeke özi ýaşamaly däl
ahyryn. Ynha, nesibeli gün. Akşuňkar özi
bilen duşdaş mäkiýan şuňkara sataşar.
Ol onuň dilini hökman tapar. Mäkiýan
şuňkaryň Akşuňkary halajakdygynyň ujy
iki däl. Ejesi ony, gör, nähili taryp etdi. Ol
sözler guşlaryň şasynyň hiç haçan hem
ýadyndan çykmaz. Dözmezi ol sözleri
oglunyň göwnüni görmekden ötri, kiçi
dilden bärde aýtmandy. Mähre eýlenen
şol jümleler ene ýüreginiň çuňundan
joşup çykypdy. Ýürekden çykan kelamlarda bolsa üre bolmaýar. Bu höwürtgede olaryň dowamatlary jahana inip,
uçurym bolmal-a. Ol günler indi uzakda
däl. Ýapylaryň gary eräp, ala meýdanlar
gyrtyçdan ýaşyl don geýindiler.
Akşuňkar hekeminiň agzyna gelip, aşak dykgatly bakdy. Hemişekileri ýaly
zawyň içinde nämeleriň bolup geçýändigini synlamak isledi. Jülgäni ýüpeksi
dumanyň gaplap alany üçin saýgarar
zady bolmady. Ol beýdip, uzak oturyp
hem biljek däldi. Höwürtgesinden atylyp çykyşyna, kiçeňräk öwrüm etdi-de,
daňdanyň çygyna derçiräp duran daşyň
üstüne gondy. Çygly şemal ony sypalap
geçdi. Bu oňa hoş ýakdy gerek. Ýüzüni
şol tarapa öwrüp, petekesini şemala tutdy. Ganatlaryny giňden ýazdy. Gözlerini
süzgekledip, esli durdy. Soňra çüňki bilen perlerini, ýeleklerini daraşdyryp, özüne timar berdi. Uçmaga küýlendi. Emma
göge göterilmezden öňinçä depesine
bakdy. Şu halatda kakasynyň pendi ýadyna düşdi. «Oglum, ýokaryňdaky çäksiz
giňişlige ganat açmaga hyýal edeniňde,
mawy asmany oňat synlagyn. Gözleriň
onuň nurana keşbinden mazaly gansyn.
Diňe şondan soň şol taýa ganat kakmaga
het etgin. Şeýle dessury bir kemsiz amal
etmegi başaran çagyň seýliň şowly hem
ýatda galyjy, hözirli bolar».
Asmanda bulut ýokdy. Ol uç-gyraksyz ummany ýadyňa salýardy. Möwçli
ummanlardan tapawudy, ol ýerde gomlara gözüň düşmeýärdi. Özüne imrindiriji
imisalalyk höküm sürýärdi. Şol ummanyň
gözleriň nuruny sorsam diýýän durulygyny aýtsana. Akşuňkar ol gözellige
siňe bakdygyça, özüni dartyjy näbelli
bir güýji duýýardy. Bu ahwal onuň ýüreginiň urşuny çaltlandyryp, damarlarynda
çyrpynýan ganyny joşa gelen derýa dönderdi. Bir seretse, ol jemaly bilen özüne
kökerip goýan giňişlige bakan hyrlynyň
nilinden çykan ok mysaly atylyp barýar.
Ganat kakyşyna göz ilenok. Haçan örküniň ýerden üzülenini bilmese näme. Esli
salymdan soň, Akşuňkar özüniň näçeräk
ýokary galanyny bilmekden ötri, aşak
seretmek isledi. Bu pikirinden bada-bat
el çekdi. Sebäbi şol pursatda kakasynyň
gulagyna däl, gursagyna guýan bir pendi hakydasyna ak kepderi bolup gondy.
«Bir-ä asmana atylyp gideniňde, birem awuňy kowup barýarkaň, aşak serediji
bolaýmagyn, gözleriň nazarlaýan ýeriňi
sypdyrmasyn. Ünsüň bölünmegi hyjuwyňa badak atar, gaýratyň kemelmegi,
maksadyňa ýetip bilmejegiňden alamatdyr».
Akşuňkar bir zada anyk göz ýetirdi.
Göge näçe galdygyça asman hem ondan şonça daşlaşýardy. Ol ganatlaryny
ýazdy. Şemalyň, ylla diýersiň, özüni aýasynda gapyp oýnaýan şekilde howada
gaýdyrmasy Akşuňkaryň hoşuna geldi.
Göwnündäkisi diliniň senasyna öwrüldi:
«Şemal hiç kime garaşly däl, ol erkin!».
Ol gündogaryna garady. Gözýetim parlap açylan gülälek kimin elwan
öwüsýärdi. Bu ajap görnüşe ol joşa gelip,
suhangöýlük kyldy: «Basym Gün dogar.
Ol her bir zada öz tyllaýy nurundan ülüş
paý berer. Ähli zat häzirkisinden has zyba keşbe girer. Ösümlikler parç bolup,
boý alarlar. Agaçlar pyntyk ýaryp, ýaprak
çykaryşlaryna, «hä» diýmän, güle durarlar. Gaýalaryň gary pagyş-para eräp,
messan basyp gelen Bahar bar barlygy
jenneti gujagynda ýaýnadar. Gün hemmä gerekli!».
Akşuňkar ganatlaryny göwresine
jebis gysyp, sapandan sypan daşa meňzäp, şuwlap aşak gaýtdy. Onuň ertirlik
edinmek wagty bolupdy. Ol deräniň
üstünden uçup barşyna, hol öňde iki sany alakanyň hininiň daşyna çykyp, öňki
aýaklaryny döşlerine tutup, yzky iki aýaklarynyň üstüne galyşlaryna, güneşläp
durandyklaryny gördi. Olaryň biri jynssyz
sesi bilen «jyk-jyk» edip gygyrdy-da, hinine kürsäp urdy. Beýlekisi hem ondan
kem galmady. Alakalaryň bolşy Akşuňkary kejikdirdi: «Ýuka beýniler özleriniň
şuňkaryň awy däldiklerini bilmeýän
borly». Ol uzak uçmaly bolmady. Sesýetim öňden boz towşan güýjünde baryny
edip ylgap barýardy. Ony gören Akşuňkaryň gözleri bulutdan çykan Gün kimin
ýiteldi. Ganat kakyşy gylawlandy. Keýpi
göterilişine, dillenenini hem duýman
galdy: «Ine, bu şuňkaryň awy!». Aralyk barha ýygralmak bilen....... Dowamy bar
2 лайков 115 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gokhan Durdyyew
13 июн 2021, 00:57
+++