ÇAPYKSUWAR - 2

Şirmyradyň ilkinji gezek at münüp başlan gününden bäri, obanyň çetindäki baýyrlyga gitmek üçin başga-da ýoluň bardygyna garamazdan, Züleýhalaryň öýleriniň
deňinden geçip gitmegi endik edinmegine birbada hiç kim üns bermese-de, onuň
atynyň toýnaklarynyň sesi ýaş gyzyň ýüreginiň gürsüldisine goşulyp dürküldedi.
Juwanlaryň diňe göreçleriniň sözleşmesi arkaly beýan edilip gelnen pynhan duýgy
şondan kän wagt geçmänkä başga-da käbir adamlaryň pikir alyşýan meselesine
öwrülip ugrady. Ilki bilenem gyzyň ýeňňesidir ejesiniň arasynda bu barada gürrüň
açyldy. «Aý, tötänlikdir, göwnümizedir» diýdiler. Soň bolsa, kem-kem bu pikirlerini
tassykladylar. Bu barada gürrüň açylanda gyzdaky bolýan özgerişlik bolsa ýeňňesiniň pikirleriniň tassyklamasy boldy.
Uly aýlawda obalarynyň aty çykan çeşmelililer örän şatlandylar. Olar topar
tutuşyp, Welmämmet agadyr Baýgeldi ussalaryň öýlerine gutlamaga barýardylar.
Baýgeldi ussa agtygynyň ilkinji ýeňşi mynasybetli janly soýup, üýşmeleň etdi. Märekäniň guwançly sözlerini, aýlaw baradaky gürrüňleriniň arasynda Welmämmet
seýis Baýgeldi ussa garap degişdi:
— Nesip bolsa, Şir janyň gazanjak ýeňişleri öňdedir. Beýdip, her gezek pellehanadan birinji gelende toý etjek bolsaň, juldan çykaýmasaň.
— Agtygym ýeňiş bilen bir hatarda şeýle abraý getirip dursa, märeke etmek,
toý tutmak meniň bilen.
— Aý, obamyzyň aty çyksa bolýar, Baýgeldi ussa agram düşüberjek bolsa, bolmasa, gezekleşip toý edäýeris — diýip, goňşulary degişdiler.
Hakykatdanam, halypa seýsiň aýdyşy ýaly boldy. Şirmyrat Gülendamy bilen
ýeňiş yzyna ýeňiş gazandy. Ýurt derejesinde Gülendam atly öňüne at geçirmeýän
bedewiň ady arşa galdy. Şirmyrat her gezek at çapyp alan baýragyny öýlerindäki
mähribanlarynyň birine sowgat bererdi. Atasydyr kakasyna, enesidir ejesine, doganlaryna hersiniň özüne kybap gelşine görä sowgat baryny beripdi.
Şol gezegem Şirmyrat paýtagtda geçirilen uly ýaryşlaryň birinden ýeňiş
bilen dolanypdy. Ol baýrak berlen owadan ýaglygyny uly dogany Nabada
bermekçi boldy. Ýöne ol baýragy almaga howlukmady-da, ýylgyryp, jigisine
maslahat berdi. — Şir jan, sen bize sowgat etme kemini goýmadyň. Indi sen muny başga birine
berseň gowy bolmazmy? — diýip, ol syrly ýylgyrdy. Şirmyrat uýasynyň mähribanlyk
bilen aýdýanlaryna düşünse-de, bilmezlige saldy.
— Başga kime bereýin? Ejeme beräýmesem?
— Ejeme-de berdiň-ä. Oňa indiki gezek ýeňiji bolanyňda beriljek baýragyňy
sowgat edäýersiň. Muny sen oňa ber. Ýa, çekinseň, özüm eltip bereýinmi?
Şirmyradyň ýüzi gyzyla boýalana döndi. Ol sesini çykarman birsellem duransoň,
ýaýdanjaňlyk bilen uýasyna sowal berdi:
— Birhili bolmazmy?
Jigisiniň ýürejigini açyp ugranyna guş bolup uçaýjak bolýan Nabat onuň daşynda pyrlanyp ugrady.
— Waý, nämesi birhili bolsun oň? Gaýtam-a, şu çaka çenli şony bermän gelmegiň birhili.
Herki zada nähilidir bir ýagdaý sebäp bolmalydyr-da. Ine, Şirmyradyňam, ýaýdanjyrap, gyz ýüregine tarap ädip bilmän ýören ädimini ätmegine-de bedew aty
— syrdaşy sebäp bolupdy.
Özüne tarap uzadylyp durlan sowgady görüp, gyz, dogrusy, birbada ýaýdandy. Näz etdi.
— Bu näme?—diýdi.
Şirmyrat ýaýdanjyrap durşuna, diline gelenini aýdyp goýberdi:
— Baýrak.
Gyzyň ýüzi üýtgedi.
— O nämäniň baýragy? Maňamy?
— Baýrak saňa däl, maňa berildi. Ýöne men ony saňa sowgat berýän.
Gyzyň ýüzi gyzardy. Onuňam ýagdaýy oglanyňkydan öwerlikli däl bolarly, morta
sowal berenini özi-de duýman galdy:
— Näme üçin?
Oglanam ondan kem galmady. Gönüledi goýberäýdi.
— Sebäbi men seni… Gowy görýän…
Şonuň bilenem bar zat gutardy. Gyz-a öýlerine tarap gitdi, oglanam athana tarap. Ýöne, kän wagt geçmänkä-de, şol gezek ähli zadyň gutarman, eýsem, tersine,
iki juwanyň uly söýgüsiniň başlanandygyna ýigit göz ýetirip ugrady. Soňam ähli
zat çynyrgady gidiberdi. Gyzdan hoş sözem aldy. Töwerek-daşam bularyň ýagdaýyndan habarly bolsalaram, üýtgeşik bir zat bolandyram öýtmediler. Mynasyp
ýaşlara hemmeler guwanç bilen bakdylar. Iki tarapyň hossarlary bolsa bu habary
eşidenlerinde: «Köne garyndaşlyk ýakynlaşjag-ow» diýip, begenişdiler…
Şirmyradyň gulluga gidýändigi baradaky habary onuň özüňden däl-de, joralarynyň birinden eşidende gyz diýseň gaty gördi. Ol öýkesini ýigitden gizlejegem
bolmady. Birbada-ha ol bu habara ynanmady. «Ýalandyr, çyn bolanlygynda Şirmyradyň özi maňa aýdardy» diýdi. Ýöne, kän wagt geçmänkä bu habaryň hakykatdygy öz-özünden mälim boldy. Ine, şondan soň welin Züleýhanyň ýüreginde öýke
duýgusy mäkäm ornaşdy. Şol öýke bilenem ol goşun gullugyna gitjek bolup ýören
magşugyndan gaçganaklap ugrady. Ol öýlerinde goşun gullugyna gidýändigi sebäpli guralan üýşmeleň gidip durka-da, uly umyt bilen Züleýhanyňam bir ýerlerden
çykaryna garaşdy. Oňa telim habar ugradyp gördi. Ýöne hiç hili netije bolmady.
Şeýdip, bu syrly ýagdaýy anyklabilmänem Şirmyrat kalbyny armandan dolduryp
goşun gullugyna gitdi. Ol birbada gyzyň ýüreginde bir üýtgeşiklik dörändir öýdüp
pikir etdi. Şonuň üçinem gulluga baransoňam birbada gyza hat ýazmakdan saklanmaly diýen karara geldi. Ýöne aşyk ýürege diýeniňi etdirip bolaýýarmy näme?
Kän wagt geçmänkä ol içi soragdan doly hatly bukjany gyza ugratdy.
Dogrusy, hat ýazsa-da, Şirmyrat onuň jogabyna garaşmaýardy. Sebäbi ol gyzyň
kalbynda nähilidir bir, özüne garşy üýtgeşiklikleriň bolup geçendigine gitdigiçe
ynanyp barýardy. Edil häzir kimdir biri bir gyradan çykaga-da, gyzyň başga birine
ýürek berendigini aýdaýsa-da, onuň ynanjagy bolup biläýjek zatdy. Ine, şonuň
üçinem Züleýhanyň haty oňa tüýs aýny wagtynda geldi. Hatda gyz ýagdaýy bolşy
ýaly düşündirýärdi. Öýkesi barada aýdýardy. «Men ýagdaýymy ahyrsoňy gelnejeme aýtdym. Ol hem meniň hereketlerimi ýazgaryp: «Şirmyrat seni gynandyrmajak
bolup şeýdipdir ahyryn. Heýem, gussaly habary saňa aýtmaga aşyk ýüregi howlugarmy?» diýdi. Men şondan soň özümiň nähili gödek ýalňyşandygyma düşündim.
Ýöne indiden beýläk nähili agyr habar bolsa-da, ilki bilen maňa aýtjagyňa söz ber,
sebäbi biz ähli zady — begenji-de, kynçylygy-da deň paýlaşmalydyrys» diýip,
ýazylan setirleriň her birinden gyzyň yssy mährini syzyp oturan esger ýigit sähel
pursatda şunça wagtyň içinde ýüreginde göterip gelen yzasyny unutdy. Gyz barada eden pikiri üçin öz ýanyndan utandy.
Şeýdip aradan ýene esli wagt geçdi. Bu gün bolsa tutuş oba Şirmyradyň —
toýlarda Çeşmeli obasynyň adynyň belentden tutulmagynyň sebäpkäri bolan
çapyksuwar ýigidiň gelerine garaşýardy.
Ine, edil häzirem obanyň çetindäki, athananyň golaýyndan geçýän ýol bilen
barýan iki joranyň özara gürrüňlerine gulak gabartsaň, aram-aram Şirmyradyň
adynyňam tutulyp gidýändigini eşitmek bolýardy. Sebäbi olaryň biri Züleýhady.
Züleýhanyň jorasy soňky günlerde adata öwrülip gidişi ýaly, oňa degýärdi.
— A gyz, şol athana gözüň düşse seniňem öňküligiň ýitiberýä. O taýda entek
Şirmyrat ýog-a.
Züleýha-da jorasyndan kem galmady.
— Bolmanda näme? Ol siz üçin ýokdur, athanada. Meň üçin bolsa şu geçen
wagtyň içinde Şirmyrat şol taýda hemişe-de bardy.
Jorasy Züleýhanyň aýdanlaryna başyny ýaýkady.
— Sen-ä şahyram boljak, bu tapýan gepleriň bilen. Bol-bol — Şirmyrat bol.
Onuň ýoluna senden beter sabyrsyzlyk bilen garaşýan barmyka?
Züleýha «ýokdur» diýen manyda başyny ýaýkady. Şol wagtam athana tarapdan
atyň kişňeýän sesi eşidildi. Gülendamyň sesini tanan gyz ýylgyranyny duýman
galdy…
1 лайков 120 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ladybug
14 июн 2021, 20:17
Gaty gowy. Awtory kimka