ÇAPYKSUWAR
Baýgeldi ussanyň agtygy Şirmyradyň harby gullugyndan gelýändigi baradaky
habaryň oba ýaýramagy bilen Çeşmeli obasynyň adamlarynyň ählisi diýen ýaly
edil, toýa garaşýan ýaly, oňa garaşyp ugrady. Sebäbi Şirmyradyň gelmegi bilen bu
obanyň durmuşy özgeren ýaly bolar. Näme üçin diýýäňizmi? «Näme üçinini» düşündirmek üçin gürrüňi biraz uzaltmaly bolýar. Sebäbi şeýtseň, ho-ol, obamyzyň orruk
ortarasyndaky azyk dükanynyň ýanyndaky ussahanada gije-gündiz «tyrk-tyrk» edip
oturan Arazgeldi köwüşçiniň aýdyşy ýaly, gürrüň has süýji bolýar. Täsirli bolýar. Ine,
şonuň üçinem gürrüňimi aňyrraklardan, entek Şirmyradyň çagalyk döwürlerinden,
oglanjyklaryň öňüne düşüp, garagolluklaryň dünýäsinde gamsyz döwran sürüp
ýören wagtlaryndan alyp gaýdaýyn.
Şirmyradyň garagollugy galar diýseler, kim ynansa-da, goňşulary Hallygözel
eje-hä ynanmazdy. Sebäbi onuň howlusynda Şirmyrat sebäpli täzeden ýasalyp görülmedik zat galmandy diýen ýalydy. Bu ýagdaýdan halys ýadan Baýgeldi ussanyň
ýagdaýyna dözmän eden bolmagy-da mümkin — oba adamlary-ha şeýle diýýär,
köne dosty Welmämmet seýis bir gün ýöriteläp onuňka baryp, agtygyny ýanyna
şägirtlige bermegi teklip edipdir. Agtygynyň ýagdaýyna belet bolansoň Baýgeldi
aga birbada razy bolmandyr.
— Aý, sakgaldaş, gowusy şu gürrüňi goýaly. Ýaşymyň soňunda şunça ýyllyk dostlugymyzyň soňuna nokat goýmaly bolaýmaly. Men agtygyma belet, hökman
işe başlap-başlaman bir hokga çykarar.
Baýgeldi aga sözüniň soňuny degişmä ýazdyrdy.
— Meniň at enjamlaryny bejermekden-ä başym çykanok. Indiden soň şol hünärem öwretmek niýetiň ýok bolsa, şu pikiriňden el çek, dost — diýdi.
Ýöne her niçigem bolsa, Welmämmet seýsiň çyny ekeni. Ol diýen ýerini tutdy
oturdy. Ahyrsoňam, dostuna «bolýa» diýdirdi. Şirmyradam, geň göräýmeli, ýaşulularyň bu pikirini eşidende, ikirjiňlenjegem bolup durmady. Ýaş oglan, gyzykly
görendir-dä, athananyň içindäki durmuş göz öňüne gelenden atasynyň aýdanlary
bilen göwünjeň ylalaşdy.
Şeýdip Şirmyradyň durmuşynda täze, özi-de öňkülere meňzemeýän, diýseň
gyzykly sahypalar başlandy. Welmämmet aganyň garaşyşy ýaly, garagolja oglana
athananyň durmuşyna siňip gitmek kyn düşmedi. Gaýtam, gyzykly göründi. Atlar
bilenem diýseň çalt dil tapyşdy.
Baýgeldi aga welin, agtygyndaky üýtgeşmelere begenmäge howlukmady. Keýwanysy Miwegül eje: «Uzagyndan bolawersin, Şirmyrat janyň bir hokga çykarandygy baradaky günüň-gününe gelip duran gürrüňlerden-ä gulagymyz dynaýdy»
diýip, begençli gürlände-de, ýagşydan-ýamandan zat diýmedi. Dogrusy, «Aý, uzaga
gidesi ýok» diýen ýaly gürrüňleri aýtmaga-da howlukmady. Her niçigem bolsa, öz
ýanyndan tama etdi. «Goç ýigidiň asly bolsa, ir-u-giç dogry ýol tapaýmalydyr. Ähli
zat özümizden bolmaly. Şu çaka çenli ony öz islän ýoluna gönükdirmegi başaran
däldiris. Welmämmediň ýöriteläp gelmegem ýöne ýerden däldir. Oglanyň nesibesi
getirendir ony biziň gapymyzdan» diýip, öz ýanyndan ýagşy niýet etdi.
Hakykatdanam, Şirmyrat Welmämmet aganyň tamasyny ödedi. Ol gitdigiçe işine-de ezberleşdi. Göwresiniň hut çapyksuwarlaryňka kybapdygyny turuwbaşdan
göz astyna alandygy sebäpli, bir gün Welmämmet aga oňa göwnündäki teklibi etdi:
— Şirim, indi sen eýeriň üsti bilen ymykly öwrenişiberseňem bolar.
— Aý, öwrenişdim-ä, Welmämmet ata — diýip, Şirmyrat ýaşuly seýsiň aýdanlaryna özüçe düşündi.
— At münüp bilýän-ä.
Welmämmet aga oglanyň sadalyk bilen aýdanlaryna ýylgyrdy-da, başyny ýaýkady.
— At münmek bar, at çapmak bar. Asyl, at çapmak bilen at çapmagyňam tapawudy kän-ä.
Şirmyrat ýaşulynyň aýlawly sözlerine düşünmän, sesini çykarman oňa seretdi
oturdy. Seýis şondan soň gönüledi.
— Sen indi çapyksuwar bolup, atlarymyzy uly aýlawlara çykarmaga taýynlanyberseň nädýä?
Şirmyrat ýaşulynyň aýdýanlaryna ynanmaýan ýaly, oňa seredip aňk-taňk boldy
oturdy.
— Näme, ýaýdanýaňmy?
Bu söz welin ýaş oglan üçin düýbünden ýatdy. Ol asyl çagalygyndan ýaýdanmak, çekinmek diýen zady bilmeýärdi. Çepiksije oglanjygyň gözlerindäki dogum
onuň öňündäki hiç hili böwediň ýaýdandyrmajakdygyndan habar berýärdi. Ine,
şu pursadam oglanjygyň gözlerinde ýaşuly seýse tanyş bolan dogum uçgunlary
peýda boldy.
— Ýok, nämeden ýaýdanaýyn? Ýöne möwsüme çenli taýynlanyp ýetişip bilermikäm?
— Toýa garrama barmy, oglum? — diýip, Welmämmet aga ýylgyrdy.
— Bu möwsüm bolmasa, indiki ýylyň toýlarynda çaparsyň. Hana, Gülendamam
tüýs saňa garaşyp ýör. Şol ikiňizi bileje taýynlaryn indiki möwsüme.
Bir zady eşideniňden soň, ýürekde takat galýarmy? Onda-da ýaş oglanda. Şol
günden soň ol Gülendamy münüp aýlawa çykjak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşyp
ugrady. Ýöne soňabaka onuň aňynda: «Birden ilkinji ýaryşda yza galyp, halypamyň
ýüzüni ýere salaýsam? Oba adamlarynyň öňünde masgara bolaýsam» diýen ýaly
pikirlerem peýda bolup ugrady. Şol pikirlerem onda jogapkärçilik diýen duýgyny
terbiýeledi. Her bir pursadyň gadyryny-gymmatyny bilmegi, her bir aýdylýan zatdan, halypasynyň pentlerinden many çykarmagy, olary ýüregine ýazmagy öwrendi.
Wagt diýeniň-ä, näme, köneleriň aýdyşyndanam beter tizlik bilen şo-ol zymdyrylyp geçip dur. Ussadyň eline düşende şägirdiň nähili özgerýändiginiň subutnamasy bolup, Şirmyradyň hem oba içindäki «garagol» lakamy sähel wagtda unudyldy
galdy. Şeýdip, bir gün oba içinde: «Baýgeldi ussanyň agtygy Şirmyrat uly aýlawda
at çapjakmyş» diýen gürrüň ýaýrap ugrady. Birbada bu gürrüňe ynanmajak bolanlaram tapyldy. Ýöne kim ynanmasa-da, Şirmyradyň synpdaşy Züleýhanyň welin
aýdylanlaryň aňryýany bilen çyndygyna gözi ýetip durdy. Sebäbi onuň ýüreginde
Şirmyrada bolan ynam bardy.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.