Bazarda atyr satylýan ýerde çaşan deri eýleýji hakynda hekaýat

Deri eýlemekde hünärmen bardy,

Bir gün işi çykyp, bazara bardy.



Hoşboý ysly atyr satylýan ýerde

O bende duýdansyz uçrady derde.



Her hili yslardan aýlanyp başy,

Birden ýaşdy ýatyberdi ol kişi.



(Ýagşymy, ýamanmy) tomaşa bendi

Adam bary oň daşyna ýygnandy.



Ýatyr ol çäşerip, ýagdaýy agyr,

Märeke daşynda edýärdi gowur.



Biri diýdi: ‘’Bu goh – galmagal nedir?

Başa her ne gelse, Allaň işidir’’.



Başga biri onuň ýagdaýyn duýup,

Ýüzüne suw sepdi aýňalsyn diýip.



Olam ýöne suw däl, ýiti ysy bar,

Ysganyň bada-bat başyn aýlaýar.



Belki, şodur öňem derdiniň başy:

Ýatanyň ýakasyn ýyrtyp bir kişi,



Gamyş sürtäp boýnuna hem döşüne,

Başlady ozaldan belet işine.



Ikib adam ony az – kem dikeldip,

Aloe şiresin burnuna eltip,



Ysgadan wagtlary diýdi bir tentek:

‘’Muň bolup ýatyş-a tirýek çeken dek’’.



Alladan idinsiz hatda çöp başy

Gymyldamaýanyn bilýär her kişi.



Bilmänsoňlar derdiň sebäbin asyl,

Diýdiler: ‘’Çagyryň munuň agasyn!’’



Dogany haýdaşlap, ýüwrüp gelende,

Itiň pohy bardy onuň elinde.



Eger anyklasaň derdiň sebäbin,

Ýeňletmek kynam däl nähoşyň tabyn.



Em etmekçi bolup hassa doganna,

Elindäki pohdan ysgatdy oňa.



Kän wagtlap atyň ysyny alan

Öwrenşip bilenok başga ys bilen.



Köneler aýdypdyr: ‘’Biliň, her haçan

Başga hiç zat däl- de, kiri – kir açar’’.



‘’Belli zat – doganym öwrenişmedik

Ysyn ysgap, ýatyr özünden gidip’’.



Diýip, dykgat bilen doganna bakdy,

Burnuna şol pohdan azajyk dykdy.



Soňam ony aýasynda owkalap,

Sürtdi endamyna çalan dek gülap.



Tanyş ys burnuna urup nähoşuň,

Gözlerini açyp, galdyrdy başyn.



Ysgynsyz bedenni kem – kemden dikläp,

Duranlaň ýüzüne bakdy ýaltaklap.



Ol – a porsy ysa öwrenen bende,

Aň – pýhasyň hoşboý ysyn alanda,



Özüni ýirtirýär , aňkawam,

Gerekdir şol pursat tap bilen dogan.



Jelaleddin Rumy
Öwüt nesihat berýän kimseler, poha batan kişiniň gowlaşmasyny we oňa bir gapy açylmasy üçin enber hem – de gülüň ysy bilen bejermek islärler. Emma pohuň içindäki adama hoşboý yslar janyna ýakmaz. Tämiz nygmatlaryň, gözellikleriň tagamyny almak üçin, ilki bilen hapalykdan uzak durmak gerek. Hemişe poh daşap ýörseň, gül ysy seni çaşyrar. Kime nesihatçynyň öwütlerinden ýaýylýan gülüň ysy peýda bemese, ol erbet yslara öwrenşendir. Burnuňy pohdan çykarmaýan bolsaň, sen hem gülüň ysyndan nesibäňi almarsyň..
0 лайков 122 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.