“Eje, men düýbünden üýtgedim...

Durmuşda her hili wakalar bolýan eken. ine şulardanam birisi, bir daýzanyň "Zaman" gazetiniň redaksiýasyna ýazan hayran galdyryjy hatyny siz bilen paýlaşaýyn diýdim....
“Eje, men düýbünden
üýtgedim...”


Hormatly okyjylar! Ýakynda, redaksiýamyza bizi örän
tolgundyran, duýgulandyran bir hat gowuşdy. Bu haty 
şol sanda, ogluny "ýitirip, tapan" enäniň
şatlygyny, begenjini siziň bilen hem paýlaşmagy makul bildik.


Salam
"Zaman"!


Saňa
çäksiz minnetdarly­gymy bildirip, hatyma başlaýaryn.


Meniň
ömrümde şatlykly waka bolup geçdi. Bu waka meniň maşgala ojagyma uly bagt,
döwlet getirdi.


Men
ýaşy 70-e golaýlan ene. Ömrümi perzentlerimi adam etmek, il hataryna goşmaga
sarp etdim. Şularyň yzynda ömrümi ötürdim. Ýoldaşym bu zatlara çydaman, ir
dünýeden ötdi.


Meniň
3 oglum, 1 gyzym bar. Ogullarym haram, jenaýatçylykly işlere baş go­şup, telim
gezek türmä düşdi. Ömürleriniň köp bölegini türmelerde geçirdi. Men olaryň
yzyndan gatnamak üçin ýurt aşdym. Uly oglum SSSR döwründe Kazan, Ufa,
Wladiwostok ýaly uzak ülke­lerdäki türmede-de oturyp geldi. Soňky
jenaýatçylykly işi üçin uzak möhlete iş kesilip, köp ýyllardan bäri Lebapdaky
türmede oturdy.


Bir
gün şol oglumyň yzyndan görme-görşe gitmäge taýýarlanýardym. Howul­-hara
goşlarymy ýygnap ýör­käm, çörekdir süýji-kökäniň daşyny dolamak üçin agtygy­myň
krossword çözüp oturan "Zaman" gazetine gözüm düşdi. Agtygym närazy
bolsa-da elindäki gazeti alyp, şol zatlaryň daşyna doladym. Ogluma elten
zatlarymy gowşurdym. 3-4 günden soň obama dolandym. Bir gün oglumdan hat geldi:


"Salam eje, sag-gurgun otyrmyň? Oglum -
Kerem jan, oňatmyň? Gowuja okap ýör­müň? Oba-goňşular gur­gunmy?


Eje, siziň getiren zatlaryňyzyň daşynda bir
gazet bar eken. Şol gazeti sözme-söz okadym. “Garaýyşlar we pikirler” sahypasy
bolsa, mende uly täsir galdyrdy. Makalalary okap şu zatlara göz ýetirdim: meniň
eden etrnişlerim üçin diňe bu dünýäde däl, eýsem ol dün­ýäde-de Allanyň
huzurynda jogapkärçilige çekiljegim meni has-da düýrükdirdi. Ol ýerde beriljek
temminiň bu ýerdä­kilere görä has aýylganç bol­jagy göründi. Gazeti telim ge­zek
okap çykdym. Ahmet aganyň makalasy hem göw­nümden turdy. Şol pursatda onuň
keşbi atalyk öwüt-ünde­wini berýän, mährini çoýýan ýaşuly bolup göründi. Men
uzakly gije uklap bilmedim. Sebäbi men beýle nesihatlary atarndan hem
eşitmändim. Daňa golaý irkilipdirin. Düý­şüme bir aksakal goja girdi. Ol nurana
goja başujuma gelip: "Oglum, tur, gaflatda ýatma. Göwnüňi hapalap, umytsyz
bolma. Alladan umydygär bol. Eden etmişlerine ötünç sorap, ýürekden toba et,
namaza başla. Şeýle etseň, işiň rowaç alar. Alla günäleriňi bagyşlar. ol her
derde dermandyr" diýip, gözden gaýyp boldy. Gözümi açdym. Sowuk, garaňky
dünýäm giňän ýaly boldy. Şol gün säher bilen turup, göwnüm namaz kylmak isledi.
Bir ýoldaşymdan doga öwrenip, namaz kylmaga başladym. Eje, indi men düýbünden
üýt­gedim. Şol makalalary ýanymdakylar hem okady. Eje, maňa bäri geleniňde
gazetiň beýleki sanlaryny hem getirmegi ýadyňdan çykarma. Seniň geleriňe
sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Salam bilen ogluň, Abdyrahman."


Haty
okap, göz ýaşyma erk edip bilmedim. Begenjimden ses edip agladym. Sowatsyz
oglumyň şeýle hat ýazmagy meni örän tolgundyrdy. Og­lumyň ýanyna gitmegime
bir-iki gün galýança şol gazeti tapyp bilmedim. Abuna ýazylan goňşularym hem
“Gazeti köp ýyldan bäri ýygnaýarys” diýip 
bermediler. Poçtalarda-da tapylmansoň, umytsyz ýagdaýda öýden çykdym.
Wokzala baranymda-­da gazeti gözledim, baran ýerimde "Satyp gutardyk"
diýen jogaby aldym. Oglumyň islegini kanagatlandyryp bilmejegime gynandym.
Otlynyň ugramagyna esli wagt bardy. Bir salym oturaýyn diýip zala girdim. Bir
görmegeý ýigit ýylgyryp: "Geliň, daýza, şu ýerde otu­ryň" diýip, öz
ornuny berdi. Bu hoş sözüň, gadyr-hormatyň täsirine, "Sag bol, oglum! Alla
ýalkasyn, balam" diýdim. Ol ýigit: "Bile ýalkasyn. Ýol nirä,
daýza?" diýip sorady. Meniň "Lebaba" diýen jogabyma ýylgyryp,
"Sag-aman- baryň" diýip, elindäki gazeti okamaga dowam etdi. Syn
etsem, elin­däki "Zaman" gazeti eken. Begenjimden, "Oglum,
gazeti okap bolup, maňa beräý!' diýenimi duýman galypdyryn. "Baş üstüne,
alyň" diýen jogap meni oňaýsyz ýagdaýa goýdy. Onuň "Daýza, men baryp
okaryn. Özümem şu gazetde işleýärin" diýmegi derdime derman tapylan ýaly
etdi. Menem bu pursatdan peýdalanyp, içimi dökdüm. "Daýza, dert etme. Men
redaktorymdan haýyş edip, bir-iki günde gazetiň beýleki sanlaryny size
ýetirerin" diýdi.


Barjak
ýerimiň adresini ýazyp aldy. Aýdyşy ýaly, bolýan öýüme bir gün soňra Aşga­batdan
pasylka geldi. Pasyl­kanyň daşynda "Zaman" gazetiniň baş redaktory
Jemil Ýyldyzyň adyndan" diýen ýazgy bardy. Içinde bir top gazet bardy. Men
begen­jimden agladym. "Zaman" gazetiniň işgärlerine Alladan uzak
ömür, işlerinde rowaçlyk diledim. Menden beter oglumyň hem begenjegine hiç
şübhäm ýokdy. Bu zatlaryň hemmesini ogluma gowşur­dym.


Aradan
aýlar geçdi. Bir gün Beýik serdarymyzyň saha­waty bilen Gadyr gijesiniň hor­matyna
tussaglaryň günäleri geçilip, meniň oglum hem öýe dolanyp geldi.


Alladan
umyt kesilmeli däl eken. Indi oglum başga adam bolupdyr. Namazyny okaýar, oraza
tutýar. Ussahana açyp, işläp başlansoň, öýde bereket artyp başlady. Hudaýa
şükür! Aýrylyşyp giden gelinimi hem yzyna gaýtaryp getirdi.


Hudaýa
şükür, oraza tutdy. Agşamlaryna tarawa agtyjagym bilen bileje gatnadylar.


Selälige
turany­myzda çaý içip, "Zaman" gazetinden gyzykly makalalar okap
berýär. Alla jan beýleki ogullarymyň kalbyna hem ylham salsyn.


Hormatly"Zaman"!

      Gör nähili
sogaply işlere sebäpkär bolýarsyňyz. Belki, meniň maşgalamdan başga-da, gör
näçe ojagy gaýtadan di­keldensiňiz. Şu bolup geçýän wakalarda bir zat maňa
sapak boldy. Ynsana iki iýmit zerur eken. Ynsan bedeni iýmit­lenmegi bilen
sagdyn, ruhunyň iýmitlenmegi bilen ahlak taýdan ýokary terbiýeli, edepli ynsan
ýetişjek eken. Şu zady boýun alalyň. Biz eneler çagalarymyza halal zatlar
iýdirsegem, terbiýe taýdan zehini edepden doýrup bilmeýäris.


Hormatly"Zaman"!

Menin 50 yyllyk enelik döwrümde ösdürip kemala getiren
çagalaryma, bu ömrümiň dowamynda berip bilmedik terbiýämi, siziň bir makala
bilen terbiýeleýşiňize sözüm ýok. Men haýran gal­ýan. Ynansaňyz, şundan uly
bagt, uly wezipe ýokdur. Goý, Beýik Alla işleriňizi rowaç etsin!


Siziň
günäden, erbet endik­lerden sap, edepli-terbiýeli, ru­hy taýdan sagdyn, ýokary
ahlakly jemgyýet döretmäge sebäp bolýan işleriňiz üçin Allatagala dört
çaryýarlaryň eden işlerine barabar sogap ýazsyn. Eneleriň alkyşyny alanlar bagt
hem döwlet tapar. Saglykda görşeli. Sag boluň.


Ogulbagt ŞIRLIYEWA,

Köneürgenç şaheri.
0 лайков 161 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gudrat
05 июл 2021, 22:29
Gowy reklama edipdirler. Enä gynandym, zýom eken ?
S❤
06 июл 2021, 01:06
Mbah oran gyzykly. Yone almajak nace okasada duzelmeya