Çüýşäniň içindäki jüýje
Ýokary okuw mekdebinde sapak berýän mugallymlaryň biri okuw ýyly tamamlanyp, synag möwsümi golaýlan wagty bir mesele bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr. Sapagy düşündirirp duran wagty talyplaryň biri mugallymyň sözüni kesipdir:
– Ýoldaş mugallym, iňlis dili örän kyn sapak...
Bu talyp sözüni soňlaryna mähetdel beýleki talyplar hem onuň pikirini alyp göteripdirler. Olar iňlis dilini öwrenmegiň we özleşdirmegiň örän kyndygyny biragyzdan ýaňzydypdyrlar. Biri bu ýerden, beýlekisi o ýerden, garaz, ählisi garşydaş bir topar ýaly bolup, dersiň kynlygyndan zeýrenişip otyrmyşynlar. Şeýdip olar wagtyň bisarpa, biderek ulanylmagyna ýol açypdyrlar. Mugallym biraz säginipdir. Sähel pikirlenip oturansoň, şeýle diýipdir:
– Ýagşy...Geliň onda bu gün sapak geçmäliň, sapaga derek bir oýun oýnalyň.
Talyplaryň hemmesi muňa el çarpyşyp, begenipdirler.
Mugallym tagtanyň ýüzüne agzy dar çüýşäni, şol çüýşäniň içinde hem bir jüýjäni çekipdir. Soňra talyplara şeýle sorag bilen ýüzlenipdir:
– Kim şu çüýşäni döwmän, jüýjäni daşyna çykaryp biler?! Ýöne jüýjä hem hiç hili zeper ýetmeli däldir – diýipdir. Şondan soň talyplar her dürli çaklamany orta atypdyrlar, emma olaryň hiç biriniň jogaby kanagatlanarly bolmandyr. Ýa çüýşäni döwmeli bolupdyr, ýa-da jüýjäni...
– Ýoldaş mugallym, çüýşäni ýa-da jüýjäni döwmeseň, ony şol ýerden çykaryp bolanok.
– Ýok, oýnuň şerti şeýle, ony bozmak bolanok diýip, mugallym hem öňki şertini ýatladypdyr.
Ahyry talyplaryň biri degşip:
– Ýoldaş mugallym, kim jüýjäni çüýşäniň içine salan bolsa, şoňa aýdyň, nädip salan bolsa, şeýdibem özi çykarsyn.
Talyplaryň ählisi muňa gülşüpdir, emma gülki uzaga çekmändir. Mugallymyň “dogry, örän dogry” diýen sözleri talyplary geňirgendiripdir:
– Edil özüňiz ýaly... Sizem şeýdiň... Iňlis dili agyr diýen düşünjäni akylyňyza mazaly siňdiripsiňiz. Men size sapagy her näçe yhlas bilen öwretmekçi bolsamam, ol pikir aňsat zady agyr edip görkezýär, siziň kabul etmek mümkinçiligiňize böwet bolýar. Özüňizdäki bu düşünjäni özüňiz beýniňizden aýryp taşlamasaňyz, men hiç hili netije gazanyp bilmerin. Hiç kime soramazdan şol pikirikelläňize nähili salan bolsaňyz, şeýdibem ony ol ýerden çykaryň – diýipdir.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.