Gül we tiken

Ýetginjek ýigit howlusyna gül ekmegi ýüregine düwdi. Güli ekdi we her gün yhlas bilen suwarmaga başlady. Güllerini her säher synlaýardy. Bir günem ol ýakyn wagtda açyljak bolup otyran bir bägülüň baldagyndaky tikenleri gördi. “Şeýle köp tikeni bolan ösümlikden neneňsi ajaýyp bägül açylyp biler?” diýip pikirlendi. Oýlanyp oturşyna , bägüli suwarmagy ýatdan çykardy. Bägül entek açylmanka, gurap soldy.
...Durmuşda iň möhüm zat tikenlerden soň gülüň bardygyny bilmek, oňa ýetip başarmakdyr.Ynsan “Güllerde tiken bar” diýmegiň deregine, “Tikende hem gül bar!” diýip bilmegi başarmalydyr! Bu hakyky we päk söýginiň alamatydyr. Ynsanlary hatalary, kemçilikleri bilen kabul edip bilmek, tikenleriň ýerine gülleri görüp bilmek uly bagtdyr.
2 лайков 151 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ýury
12 июл 2021, 03:00
Ýöne dikenden ğül çykmanam bilýä käbir adamlara seretseñ
Ýury
12 июл 2021, 03:01
Şondada menden like
sümmül
12 июл 2021, 14:09
geçip barýaka sowlan,
hakyky sol sen yalaklar ??
Ýury
12 июл 2021, 19:18
Sümü
l
Senem şolañ biri biler bolsañ