Daşary ýurt pähimleri
Daşyna beýik diwardan gala galdyrylan şäheri gören akyldar şeýle diýen:
_Aýallar üçin hezil edip ýaşabermeli ýer eken. Ýöne hakyky erkek gala bukulyp ýaşasa, hiç gelşigi ýok-da.......
(Gadymy Grek pähimi)
Akyldardan soranlar:
_”Dogry sözliliň dosty ýok” diýilýäni dogrymydyr?
_Bu töhmetçiler babatynda şeýledir _ diýip, akyldar jogap beren.
(Gadymy Pars pähimi)
Akyldaryň aýdany:
_Akylly akmagy hemişe tanar.Sebäbi ol akyl käsesi dolmazdan öň akmagragam bolup görendir.Ýäne akmak akyllyny hiç wagtam tanap bilmez.Sebäbi ol ozal akylly bolup gören däldir.
(Gadymy Grek pähimi)
_Seň ilden, kän sanly beýleki adamlardan nämäň artyk?- diýip, Aristotelden soranlar.
Aristotel:
_Olar iýmek üçin ýaşaýarlar, men ýaşamak üçin iýýän_ diýen....
(Gadymy Grek pähimi)
Akyldar aýdan:
_Kim bolaýsyn, baýlygy ýigrenýän diýse, men oňa tä şol ýigrenji subut etýänçä ýalançy diýerin. Haçanda onuň gara çyndygyna göz ýetirenimden soň bolsa, ekeniň diýip, men oňa arkaýyn aýdaryn.
(Gadymy Pars pähimi)
Akyldar aýdan:
_Akmaga ýagşylyk eden adam doňzuň boýnuna göwher monjuk dakýan ýa-da zäherli ýylany bal bilen bakan tentege ýalym edýändir.

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.