Pähimli sözler

Bir akyldardan:
-Nahili akmagy duzelmez akmak saýyp bolar? diyp sorapdyrlar
- Şol bir ýerde iki gezek büdürâni diyp ol jogap beripdir.

Bir akyldar šeýle diýipdir:
- Akylly adam akmagy hemiše tanar ,sebabi ol akyly goýalyšýança akmagyrak bolup görendir. Ýöne akmak akyllyny hic wagt tanap bilmez sebâbi ol ozal akylly bolup gören dâldir

Buzurjmihr šey diyipdir
- Sabyrlylyk gaty oñat gylyk ýöne , ömür diyeniñ uzak sabyr edip ýörerden juda gysga.

Buzurjmihriñ aýaly bir gün ârinden bir zat sorapdyr welin, ol jogap berip bilmandir. Ol šonda àrine:
Sen patyšanyñ geñeśdary bolup, ummasyz hak alýañ, emma meniñ sowalymada jogap berip bileñok! diýipdir.
Emma akyldar aýaly bilen ylalashmandyr. Ol
-- Men hak - hešdegi bilmeýân zadym üçin dâlde, bilýân zadym üçin alýaryn. Eger maña bilmeýân zadym üçin hak töleseler dagy , bütin patyšalyk hazynasy ýetmezdi. Sebabi meniñ bilýân zadymdan bilmeýân zadym has köpdür- diyipdir

Bir hindi akyldary şeý diýipdir
Özüniñ tebigatyna görâ alty zat : buluduñ kölegesi, akmagyñ doslugy, aýallaryñ söýgüsi, möçbersiz baýlyk, zalym patyša , galp šöhrat dowamsyz bolýar

Bir terkidünýâ et iyp oturan semiz adamy görüp
Et et iýýâr diyipdir

Bir akyldardan sorapdyrlar
Hudaý ýalkanyny ýa-da garganyny nâdip bilmeli ?
Eger-de ýaš ýigit akyl paýhaslylykda garry adama çalym edýan bolsa , onda Hudaýyñ ýalkandygydyr. Egerde garry adam akyl paýhasda ýaš oglançada ýok bolsa onda Hudaýyñ garganlygydyr.

Agafon ata šeýle diyipdir
Gyzma (gaharjañ) adam ölüni direletsede töweregindakileñ hormatlamagyna mynasyp bolup bilmez

Biri aýdypdyr
Goý kitapdan öwrenen pikirleriñ seniñ esasy baýlygyñ bolsun, özüñde döràn pikirleñ bolsa onuñ göterimi bolsun

Bir terkidunya aýdypdyr
Dowzahyñ oduny ýatlap , gahar oduny öçür


Pahim payhasy durlayan gam gussany dep edyan kitapdan
4 лайков 351 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#динара.
06 авг 2021, 14:09
like
Perhat
06 авг 2021, 14:34
Like
Mähri
06 авг 2021, 16:36
Like