GURY AGAÇ (Ogulsenem Taňňyýewa) 5-nji bölüm

Jemile babatda-ha Täçjemalda ýene bir pikir bardy. Eger adamsy razy bolsa, Jemiläni öz yzyna tirkäp gelen ogly Goşa dakaýmak hakda-da pikir edýärdi. Şeýtse, ol Jemiläniň tä ömri ötýänçä öýünde hyzmatkär boljagyny bilýärdi.

Täçjemalyň sesini çykarman, öýüne girip gitmesine Gülsoltan daýza ýüzüne urlan ýaly boldy. Ol birbada näme etjegini bilmedi. Sadylla bolup, biraz durdy. Şol wagt hem mellekden çykyp, onuň ýanyna Abdy aga geldi.

Abdy aganyň ýüzi gamaşyp durdy. Onuň içinde harasat gopýanyny ýüzünden mese-mälim bilip bolýardy.

Gülsoltan daýza oňa salam bermäge çemlendi. Ýöne ýetişmedi. Abdy aga ýoňsuz gepledi:

—Eger gyz diýip gelen bolsaň-a, ötägit, goňşy. Gyzyň özi barar yzyňdan.

Abdy aganyň ýoňsuz gepine Gülsoltan daýzanyň ýüzi lap-lap gyzdy, ýüregi endiredi. Her zadam bolsa, onuň gaharyna basalyk bolmak niýeti bilen sypaýy söz urdy:

—Wiý, goňşy, siziň bir zad-a gaharyňyz gelipdir.

Abdy aganyň joşup duran gaharynyň böwedi böwsüldi:

—Gahar gelmez ýaly edýäňizmi siz! —diýip, sesini öňküdenem gataltdy. —Sen ilk-ä ogluňy gyzymyň yzyndan ýollap, meni masgaralap, indem menden gaharsyz söz eşitjekmidiň dagy? Ejesiz ýetim gyzyň adyny masgaralap, meni ile ryswa etjek bolduňyzmy?

Abdy aganyň peşe ýalyjak zatdan pil ýasap, gykylyk etmesine Gülsoltan daýza hem gaharlandy, hem haýran galdy. «Öweý heleý bu görgüliniň halys enter-pelegini öwräen oguşýa. Bu asyl çagasynyň bagtynyň açyljak-açylmajagy hakda pikirem etmeýän ýaly-la» diýip, Gülsoltan daýza içini gepletdi-de, Abdy aga ýüzlendi:

—Waý-eý, goňşy, şu ýerde goh eder ýaly näme bar! Klasdaş bolup birje gezek gyzyň oty göterilipdir-dä. Göterişende näme! Ýüregi awandyr-da çaganyň. —Şeý diýensoň Gülsoltan daýza Abdy agany çakybam goýbermegi makul tapdy. —Ýürek awamaz ýalymy Jemile janyň bolup ýörşüne. Naçar maşgala halyna ýükçi eşege dönderildi-le o çaga.

Abdy aga gaýdyp sesini çykarman, öýüne girip gitdi. Gepi diňlenmänsoň, Gülsoltan daýza-da yzyna dolandy.

—Abdy aganyň gahary gelipdir! «Gyzymyň otuny göterişip, meni oba masgara etdi» diýýär —diýip, Gülsoltan daýza özüni ýolda garşylan Ýusuba habaryny berdi.

Bu habara Ýusubyň jany ýandy:

—O nähili masgara bolýamyş, eje! Klasdaşyňa kömek etmek masgaraçylykmy eýsem?

Oglunyň tapyp ýören aladasyna Gülsoltan daýzanyň-da gahary geldi:

—Sen näme, gökden düşdüňmi? Oba adamlaryna näbeletmi? Nä işiň bardy iliň gyzynyň otuny göterjek bolup!

—Meniň oňa şeýle ýüregim awaýa, eje. Gör-ä, ne gözel gyzy nädip ýör olar. Ol, Abdy aga diýýän adam özüne gaharlansyn! Joralaryna goşman, gyzyny ne güne salyp ýör!

Agşam Gülsoltan daýza ýagdaýy adamsy Gurban aga-da aýtdy. Јr-aýal maslahatlaşyp, «Abdy aganyň gahary gelýän bolsa, gaýdyp olara Jemileli mesele bilen barmaly däl» diýen netijä geldiler.

Gülsoltan daýza Ýusuba-da kakasy bilen gelnen netijäni ýetirdi. Ýusup ejesini diňlemegem islemedi:

—Eger gowulyk bilen alyp bermeseňiz, men Jemiläni alyp gaçaryn!

Ogullary goňşularynyň gyzyny alyp gaçaýsa, dawanyň has ula gitjegini bilip, Gülsoltan daýzadyr Gurban aga Abdy aganyň üstüne obada sylanýan birki sany ýaşulyny töwella iberdi. Abdy aga töwellany-da almady. «Asyl meň ol gyz bilen işim ýok. Ol meniň abraýymy ýere çaldy» diýip, şol bir gepini gaýtalady oturdy.

Jemilä öýde ýüz bermediler. Öweý ejesi oňa ne çäýnek-käse elletdi, ne ýumuş buýurdy. Kakasy bolsa, hamala doga lal ýaly bolup, ýeke sözem aýtman, girip-çykyp ýördi.

Öýdäki bu ýagdaýyň düzüwlige däldigini aňan Jemile ahyry özüniň äsgerilmezligine çydaman, dogany Döndiniňkä gitdi. Aglap-aglap, bar zady Döndä gürrüň berdi.

—Gürlemeýän bolsa, doňňara daşlar bolaýsyn şol heleýguly —diýip, Döndi kakasyna gahary gelip, gargyndy. —Bir gelmişek heleýe gowy görünjek bolup, öz perzendiniň başyna ne günler salýar ol, Hudaýdan daş düşen.

Soňra Döndi Jemilä öz öýünde ýaşabermegi maslahat berdi:

—Boluber şu ýerde, jigim. Gülsoltan daýzalar ýaly gowy adama rowa görmeýän bolsa, kakaň hiç wagtam seniň bagtyňy açmaz.

Abdy aganyň ýaşululary-da diňlemän goýbermesine Gurban aganyň jany ýandy. Ol: «Iýýänem bolsa, özüm gepleşeýin» diýip, pikir etdi-de, goňşusynyň ýanyna bardy.

—Abdy goňşy, arma-da —diýip, mellekden çykyp, el-ýüzüni ýuwup oturan goňşusyna ýylgyryp, gep goşdy.

Abdy aga Gurban aganyň gepine jogabam bermedi. El-ýüzüni ýuwdy-da, turdy gitdi.

—Be, goňşy —diýip, Gurban aga gahardan saňňyldady. —Sen nire, bi, adamçylykdan çykmalar nire! — Gurban aga ýene bir zatlar diýmek isledi. Ýöne Abdy aga onuň sözüni bölüp, awusyny pürkdi:

—Adamçylykdan sen çykdyňmy ýa men? Gyz gerek bolsa, başda adam ýaly bolup gelseň bolmyýamy gapymdan! Ogluňy gyzymyň üstüne iberip, meni ile ryswa etdiň. Asyl, adamçylyk diýen zat sende ýok eken!

—Be, goňşy... Şunça ýyl goňşy bolup oturyp, seni tanamandyryn-ow men!—diýip, Gurban aga baş ýaýkady. —Ile ryswa bolar ýaly näme boldy-how? Oglum gyzyň elinden tutdumy? Ýa bir bolgusyz gep aýtdymy? Ýaşlardyr-da! Bu wagt ilde gijeden-gije duşup, hatlaşyp ýörenem-ä kän. Meň oglum bolsa diňe klasdaşlyk üçin Jemiläniň otuny göterişipdir ahyry! Onsoňam, oglumy men iberemok ahyry şeýt diýip, gürrüňiň nähili seň, goňşy?

—Bar, gykylyk gerek däl maňa. Gyz-a häzir öýde-de ýok. Tapan ýeriňden al-da gidiber!—diýibem, Abdy aga öýüne girip gitdi.

Gurban aga-da ýüzüne urlan ýaly bolup, yzyna dolandy.

—Menden gowa berjekmişmi diýsene gyzyny! —diýip, ýolboýy hüňürdäp gaýtdy.

—Јhli zat onuň aýalyndan turýa —diýip, Gülsoltan daýza ýagdaýdan dogry netije çykardy. —Bu zatlary Abdy goňşy öz erkine edýän däldir. Aýalynyň öwredýänjeleridir bu zatlar. O heleý—Şeý diýip, Gülsoltan daýza Täçjemalyň adyny tutman gepledi. —Jemile janyň düzüwlije öe düşerini islänok-da. Öz gyzy bolan bolsa-ha ikelläp bererdi bize.

Indi ýekeje çykalga bardy. Abdy aganyň uly gyzy Döndi bilen maslahatlaşmalydy.

—Senem töwella gidip göräý kakaňa —diýip, Gülsoltan daýza Döndiniň ýanyna baranda Abdy aganyň bolşuny gynanç bilen gürrüň berdi. —Hakyt, goňşy sylagyny-da bilenok. Biz bilen dagy gürleşmegem islänok.

Döndi meseläni çöp döwen ýaly etdi:

—Töwella etseňem almaz ol, Gülsoltan daýza. Ýöne şoňa indi töwella gerekdirem öýdemok men-ä. Ýaşulularyň sözüni diňlemedik adam meni diňlärmi. Eger saňa Jemile jan gerek bolsa, meniň öýümden al-da git. Seni-de, maşgalaňy-da biz indi tanamaly däl. Ejem jan bolan bolsa-da, senden gowa bermezdi.

Döndi ejesini ýatlap, gözüni ýaşlady. Gülsoltan daýza-da bozuldy:

—Wah, ejeň pahyr bilen-ä näçe ýyl saçaklyja gatnaşandyrys. Ol nähili gowy aýaldy. Meni dogany ýaly görerd-ä.

Iki naçar maşgala bolup düşünişdiler.

Şeýdip, Jemiläniň klasdaşlary orta mekdebi gutarypjyk barýarkalar Jemiläniň toý sähedi bellendi. Ony Döndiniňkiden gelnaljylap, alyp gaýtdylar. Ine, şeýdip, Jemiläniň başyndaky hyzmatkär bolnup ýaşalmaly günler gutardy. Şeýdip, Jemile günüň-güni otly haltalary götermekden dyndy. Ol indi otly haltalary diňe düýşünde göterýärdi. Huşunda oňa han güni garaşýardy. Ýusup onuň elini sowuk suwa-da sokdurmady. El-ýüzüni ýuwjak bolanda-da Ýusubyň özi suw akydyp berdi. Günüň-güni kino, şähere gezdirmäge äkidýärdi. Işsizlikden ýüregi gysyp, öýi süpürmek üçin Jemile sübse alaýsa-da, Ýusup ony gelniniň elinden alyp, zyňardy. Gülsoltan daýza çörek bişiren çagy ýanynda durup, çörek dürtüşjek bolsa-da, Jemiläni Ýusup alyp gaýdardy.

—Sen öň işläp-işläp, bez bolduň. Indi meň gapymda ýeke çöpem galdyrmarsyň —diýip, Ýusup oňa käeýärdi.

—Halys beýdip durma ahyry. Iş edeni bilen adam ölmez. Uzakly gün iýip-içip oturmaga utanýan-a men —diýip, Jemile nägile bolýardy. Ýusup ony şonda-da gepletmezdi:

—Gepleme. Gürrüň gutardy. Sen bizde iş etmeli däl. Sen diňe gowy-gowy eşikleriňi geýip, meniň alnymda peri ýaly bol-da, otur!

Gülsoltan daýza oglunyň bolşuna ýöne ýylgyryp oňaýardy. «Goý, gowy görsün. Ikijigi bile oňuşsa bolýa» diýip, içini geplederdi. Jemilä iş buýurjagam bolmazdy.

Jemile öz başynda beýle bagtly günler bardyram öýdenokdy. Özüniňem şeýle bagtly bolanyna hiç ynanyp bilenokdy. Begenjine aglaýardy. Dogany Döndä Ýusubyň bolşuny begenç gözýaşlaryny saçyp gürrüň berýärdi. Ýetim jigisiniň bagtly bolanyna Döndi diýseň begenýärdi. Ol jigisiniň bagtly günleri hakdaky gürrüňlerini hem ýylgyryp diňleýärdi, hem aglap.

Ýusubyň Jemiläni gowy saklaýşy hakdaky gürrüň oba erteki ýaly bolup ýaýrady. Toý bolsun, üýşmek bolsun, hemmeler Ýusup bilen Jemiläniň gürrüňini edýärdiler.

—Gadymky aşyk-magşuklaram ýaryny Ýusubyň Jemiläni gowy görşi ýaly gowy gören däldir—diýşip, aýallar agyzlarynyň ýetişdiginden jammyldaşýardylar.

—A gyz, Ýusup Jemiläni dogany Döndiniňkä-de maşynlyja eltýärmiş.

—Maşynly diýýäň sen. Ol Jemiläni öýünde elinde-de göterýärmiş.

—A gyz, Jemiläni görýäňmi, günde bir pombarh geýýä! öýünde-de pombarhly gezýä!

—Ikisiniň boýy-da meňzeş. Owadanlygy-da biri-birinden zyýada. Bir syn ediň şolara!

—Alla olary hut biri-biri üçin ýörite ýaradan ýaly!

—Ikisi biri-birine tüýs mynasyp-da!

—«Deň etsem, duş etmen!» diýilse-de, şu ikis-ä tüýs biri-biri üçin ýörite dünýä inderilen ýaly, gyz!

—Ýusup Jemiläniň agzyna iýjegini-de tutup berýärmiş!

—Eline suwam Ýusup akydyp berýämiş!

—Şeýle bolawersin, Jemile görgülem bagtly bolawersin! Ol ne günler görmedi, gyz!

—Hawa-la. Şo pahyryň bagtynyň açyldygy bolsun!

Orta mekdep gutarylyp, ekzamenlerden dynylansoň, Ýusup Jemilänem alyp, Aşgabada okuwa gitdi. Okuwa girdem. Medisina institutynyň studenti boldy. Giriş ekzamenlerinden soň, Ýusup Jemile bilen oba gezelenje gitdi. Obada biraz bolanlaryndan soň, ýene Aşgabada bile dolandylar.

Şol gün, Aşgabada dolanyljak güni Ýusup goş-golamlaryny jigisi Ahmede maşynly eltmegi tabşyrdy-da, özi Jemile bilen pyýada gitdi. Obadan çykýança Jemiläniň boýnundan gol salyp ýöredi.

—Il-gün näme diýer! —diýip, Jemile ýigidiň goluny boýnundan näçe aýyrjak bolsa-da, Ýusup etmedi.

—Goý, görsünler! Goý, hemmeler meniň seni nähili gowy görýänimi görsün!

Il-gün olary, baý, synlady! Biri-birine dykyljyra-şyp barýan ýaş çatynjalary ýol ugrundaky öýleriň uludan-kiçä barysy işlerini goýup synladylar. Çagajyklar olaryň öňünden ýörite çykyp aňkarýardylar. Garry-gurtular arman çekip seredýärdiler. Ýaşlar olaryň bolup barşyna gözlerini giderip seredýärdiler. Uly ýoluň gutaran ýerinde—obanyň şähere tarapky çetinde ýaşaýan Sary serhoş bolsa, ilk-ä aýaly bilen orup oturan ýorunjasyny goýup, ýaşlary dik durup, sag elini gözüne kölegeledip synlady. Soň hem:

—Ah-ow, Ýusup! Boýnuna gol salmanyňda gelinjigiň gaçyp gider öýdýäňmi-how! —diýip, Ýusubyň yzyndan gygyrdy. —Birki ýyl-a şeýdip, süýjeden borsuň, soň bizaram bolarsyň-ow aýal diýen zatdan!

Ýusup oňa zat diýmedi. Diňe baş atyp salam berdi-de, ýylgyryp geçip gitdi.

—Ana, gördüňmi, hemmeler bizi geňleýär —diýip, Jemile Ýusubyň bolşundan nägile boldy.

—Geňlänok! Olaryň bize gözi gidýä, gowuja seret! —diýip, Ýusup Jemile bilen ylalaşmady. —Seret Sary serhoş dagynyň aňkaraýşyna. Ogullaryna, gyzlaryna çenli bize seredýäler!

—Beýdip, ili seretdirmek nämä gerek! —diýip, Jemile ýene Ýusup bilen ylalaşmady.

—Goý, seretsinler! Başga näme işleri bar! —diýip, keýpi kök Ýusup hezil edip güldi.

Jemile töweregine nazar aýlady. Hemmeleriň gymyldaman öz yzlaryndan bakyp durşuna onuňam gülküsi tutdy. Birdenem nazarlary taýak atymlyk aralykdan gözlerini çüýjerdip seredýän Sary serhoşa sataşdy. Nämüçindir, ýüregi jigläp gitdi. Sary serhoşa bütin obasy ýaly, Jemile-de beletdi. Ol serhoşlukdan ýaňa köplenç ýollaryň gyralarynda-da ýykylar ýatardy. Özem adyna kybapdaşdy. Jylk sarydy. Içgi sebäpli, öňem sary ýüzüniň gan-peti galmandy. Ýüz-keşbi saralyp-solup giden kagyza çalym edýärdi. Syrylmadyk sakgal-murty ösgündi.

Sary serhoşuň keşbinden Jemiläniň ýüregi tisgindi. Oňa seredenine puşman etdi. Özüne şonuň ýalynyň är bolup sataşmanyna ýüzde-müň şükür etdi. Gapdalynda, gollaryny boýnuna atyp barýan, hem görmegeý, hem syratly ýigidiň öz ykbalyna sataşanyna begenip-begenip, bir ganat bekläp, uçup bilmedi. Özem oňa nähili gysmyljyranyny bilmän galdy.

Uly şäherde peri ýaly owadan-owadan gyzlar näçe köpem bolsa, olaryň birem Ýusubyň gözüne ilmeýärdi. Ol sapak gutardygy kireýine ýaşaýan ýerine ylgardy. Barandan Jemiläni bagryna basardy. Onuň üçin dünede Jemileden owadan, Jemileden mähriban gyz-gelin ýokdy. Betbagt gyzy özüniň şeýle bagtly edip bilenine diýseň begenýärdi. Jemiläniň özüne minnetdarlygyny duýan çagy özüni has-da bagtyýar saýýardy.

Oňa iýmek-içmek üçinem hiç zat getirdenokdy. Maşgala gerek zady özi daşaýardy. Hatda naharam özi bişirýärdi. Jemiläni hiç bir iş etdirmän saklamagy ol öz-özüne söz berdi. Boş wagtlary şähere aýlaýardy.

Elini sowuk suwa urman, iýip-içip, dynç alyp ýören Jemiläniň eti-gany ýerine gelip, gün-günden gözelleşýärdi. Owadanlaşýardy. Ýusup oňa seredip-seredip, doýup bilenokdy.

Jemile-de özüni şeýle bgtly eden ýigidi bir sagat görmese, ýüregi çat açyp barýardy. Ol okuwdan gelmeli wagtynda gelmese, ýola çykar durardy. «Nahar bişiräýmegin, özüm bişirerin» diýip, tabşyryp-tabşyryp gitse-de, Jemile söýgüli ýigidine dürli-dümen bişirip goýardy.

Klasdaşlary Allamyrat bilen Gunça bir ýyl obada galyp, işlediler. Ýusubyň birinji kursy tamamlan wagty bolsa, olar hem toý tutdular. Gunçany alyp, Allamyrat hem Aşgabada okuwa gaýtdy. Ikisi-de peduçilişşä, mugallymçylyga girdiler. Ýusup ýüregi gysmaz ýaly, Jemiläni hem peduçilişşä okuwa ýerleşdirdi. Dört klasdaş bolup, bir howluda kireýine ýaşadylar. Iýip-içer ýaly azygy ýigitler getirerdiler. Iki jora bolsa, okuwdan soň nahar-şor taýýarlap, kir-çäk bilen güýmenerdiler.

—Gunça, özüň hiç bir zat etmän, bar işi meniň Jemilämiň üstüne atyp, ony ýadadaýma! Işiň köprägini özüň edeweri! —diýip, Ýusup käte Gunça degerdi.

—Näme, iş buýrulmaz ýaly, seniň Jemiläň menden artykmyşmy! —diýip, Gunça birbada ýalandan Ýusubyň al-petinden alardy.

—Hawa, artyk —diýip, Gunçanyň oýun edýänini duýup dursa-da, Ýusup onuň bilen gidişerdi. —Şonuň artykmaçlygyny jora bolup duýaňokmy sen?!

—Seň Jemiläňe zadam diýip bolmaz, işem buýrup bolmaz! —diýip, ahyry Gunça dawany goýbolsun ederdi. Hem Ýusubyň Jemile diýip ölüp-öçüşine gözi giderdi. Sebäbi Allamyrat agrasdy. Ol Gunçanyň daşynda Ýusubyň Jemiläniň daşynda pyrlanyşy dek pyrlanyberenokdy. Gunça onuň özüni gowy görýänini duýýardy. Ýöne ýigit içki duýgusyny kän daşyna çykarmazdy. Ýusup bolsa kino-teatra barlaýsa dagam ilden-günden utanman, Jemiläniň boýnuna gol salar oturardy. Ýollarda ony goltuklaman ýöränokdy. Häli-şindi gapdalyndan ötüp-geçende gelniniň saçlaryny sypar goýbärdi. Kir ýuwsa, ýanynda durup, kirlerini serşerdi. Iýlip-içilende käsesine çaý guýup berýärdi. Häli-şindi ýa çörek döwüp, ýa etjagaz alyp, Jemiläniň eline tutdurýardy. Jemile nahar bişirse, bişirip bolýança gapdalynda durýardy.

Häli-şindem:

—Doňdurma iýesiň gelýämi? Gazly suw getirip bereýinmi? —diýip, ony ümbilmez çaga dönderýärdi.

Allamyratda welin, bu häsiýetleriň birem ýokdy. Ol kir ýuwlan çag-a daşaryk hem çykmazdy. Okuwyna güýmenerdi. Bir zat bişirip, öňüne goýsalar, sesini çykarman iýerdi. Gapdalynda gelni barmy-ýokmy, onuň piňine-de däldi.

—Sen öweý ejäniň elinde ilkiler kösenenem bolsaň, bagtly gyz ekeniň —diýip, Gunça käteler Jemile bilen ikiçäk galanda jorasynyň bagtyna gözüni gidirip, Ýusup hakda gürrüň açardy. —Ýusup seni nähili gowy görýä!

Jemile bagtlylykdan ýylgyrýardy:

—Alla jan köp görmesin! «Öňüm gelenden, soňum gelsin!» diýipdirler-ä!

Bir gezek kino gitjek bolanlarynda Gunça jorasynyň durmuşyndaky has täsin wakanyň-da şaýady boldy. Jemiledir Ýusup çykar ýerde çykmansoňlar, Gunça olaryň gapysyny kakdy. Içerden Ýusubyň: «Giriber!» diýen sesini eşidensoň, gapyny açdy. Hem olaryň bolşuny görüp, aňk bolup galdy. Jemile-hä uzyn aýnanyň öňünde otyrdy. Ýusup bolsa, onuň uzyn saçlaryny daraýardy.

—Wiý, toba! Daş edewersin! —diýip, Gunça duran ýerinde gymyldaman seslendi.

—Näme daş etsin! —diýip, Ýusup oňa jogap berdi. —Gelniň saçyny darap bermek aýyp zatmy!

Jemile bolsa, sesini çykarman, birsyhly ýylgyryp bakýardy.

—A gyz, utanaňokmy? Ýa çagamy sen? —diýip, Gunça soňra Jemilä igendi. —Saçyňy dagy özüň daraýarlar. Munuň-a sen diýip aňkasy aşypdyr.

—Ol maňa daragy berenog-a —diýip, Jemile utanjyrap gepledi. —Her gezegem şeýdip, özi daraýar-a. Men saçymy ýolup, gutaryp barýamyşym.

—Gel-de, bi aňkasy aşana seretsene! —diýip, Gunça Allamyrady-da çagyryp, Ýusuby görkezdi. —Hakyt aýaljygynyň saçyny darap berýä-dä!

Allamyrat gelip seredende-de Ýusup Jemiläniň saçyny daramagy goýmady. Gaýtam:

—Eý, öwren-eý senem! —diýip, hikirdedi. Saçy darap bolansoň, birgeňsi edip ördi. Jemiläniň depesinde gelşiklije edip düýrledi.

Ýusubyň bolşuna gelinler-ä gülüp-gülüp, gözlerini ýaşladylar. Allamyrat bolsa, gözlerini tegeledi.

—Beýdip ýörseň-ä, Jemile seniň depäňe çykar! —diýip, Allamyrat erkek kişilere mahsus agraslyk bilen gepledi. —Aýal maşgalany beýdip aýnatmak nämä gerek!

—Men ony aýnadamok! Gowy görýän! —diýip, Ýusup Allamyrada jogap berdi. Soňam gepiniň yzyny degişmä ýazdyrdy. —Depäme çykan wagtam depämde göteräýmeli bolaryn!

Allamyrat başyny ýaýkady. Gaýdyp sesini çykarmady. Gunça bolsa, Ýusuba birsyhly gözi gidip seredýärdi. Alçak häsiýeti bilen ol misli, özünem jadylap barýan ýalydy. Göwnüne bolmasa, Allamyratdan Ýusup has gowy ýalydy. Hatda şu pursatda mekdep ýyllarynda Ýusubyň gözüne özüniň ilmänine Gunça gynanmanam durmady. «Ýusup nähili gowy ýigit eken» diýip, içinden pikir öwürdi.

—Sen Soltangüli alaýan bolsaňam, şeýdip, saçyny darap berermidiň? —diýip, ýolda Allamyrat Ýusupdan sorady.

—Eý, Soltangül nireden ýadyňa düşýär-aý? —diýip, Ýusup Allamyradyň egnine kakdy. Soltangül nire, men nire! Men ölemde alarmydym-aý ony!

—Meselem üçin aýdýan —diýip, Allamyrat ýene sözüni dowam etdi. —Eger şol saňa aýal bolaýan bolsa, şonam şeýdip, Jemiläni gowy görşüň ýaly, gowy görermidiň?

—Ol maňa hiç wagt aýal bolmazdy, sebäbi men ony gowy göremok-da! —diýip, Ýusup çyny bilen aýtdy. —Seň ukyň tutup, düýş görüp, samraýaňmy ýa agzyňa gelen zady diýip durmuň-aý? Men hut gökden bir peri uçup gelende-de oňa seretmen. Meniň üçin dünede diňe Jemile bar! Men diňe Jemiläni gowy görýän!

Ýusup şeý diýip, ýene ellerini Jemiläniň boýnuna atdy.

—Bolýa, bolýa, düşündik, ýolda bir edepliräk ýöre! —diýip, Allamyrat Ýusuba igendi. —Aý, men seniň Jemiläni hakykatdanam gowy görýäňmi, ýa aýal maşgala özüňi has aldyraýýaňmy, şony biljek boldum.

Ýusup Jemiläniň boýnundan gollaryny aýyrman ýöräp barşyna Allamyradyň öz üstünden düşdi. Ilki Gunça degip başlady:

—Gunça, şu seni gowy görýän bolmaly däl!

—Bilýän-le —diýip, öňem Allamyradyň özi üçin Ýusubyň Jemile üçin kökenek bolşy ýaly bolubermeýänine jany ýanyp ýören Gunça ýüzüni sallady.

—Bi Soltangüli gowy görýän bolmaly! —diýip, Ýusup hezil edip gülüp başlady. —Ýogsa bu wagt munuň ýadyna Soltangül nireden düşýämiş diýsene!

Birbada hemmesi gülüşdi. Allamyrat gülkini öz üstünden sowmaga synanyşdy. Ýusuba ýüzlendi:

—Ýok, dost, ony sen gowy gören bolmaly. Ol birinji klasda seň partadaşyňd-a!

—Partadaşlygy bar bolsun şonuň! —diýip, Ýusup elini silkip goýberdi. Hem gülküsini batlandyrdy. Bir zatlar aýtjak boldy. —Meşik diýsäni!

—Bir gezek partajygyňy ölläp beripmidi! —diýip, Allamyrat Ýusupdanam beter gülüp başlady.

Köçeden geçeniň ünsüni özlerine sowup, klasdaşlar hezil edip gülüşdiler.

Allamyrat Ýusuba degmesini goýmady:

—Seniňem-ä balajygyň öldi şonda, ýa ikiňiz bileje dilleşip ölläpmidiňiz partany?!

—Goýsan-aý, şonuň öz işi-how! —diýip, Ýusup ellerini çarpdy. —Içimi gyrýaň, bes et indi. —Soň men başga parta geçemsoňam şeýt-dä ol birki gezek. Ýadyňa düşenokmy?

Jemiläniň ýadyna birden gören düýşi düşdi. Bagt guşunyň hiç kimiň başyna gonman, Soltangülüň depesine gonuşyny ýatlady. Düýşi ýatlamagy, onuň keýpini bozdy. Hamala, Ýusup elinden gidip barýan ýaly, onuň golundan berk ýapyşdy.

—Goýsaňyz-laň şol, Soltangülüň gürrüňini —diýip, keýpsiz aýtdy.

Jemiläniň birden Ýusubyň golundan tutany Allamyradyň nazaryndan sypmady.

—Tutaweri Ýusuby berkräk, äkidäýmesinler —diýip, Allamyrat gülküsini birneme peseldip, ýaşaran gözlerini elýaglygy bilen süpürip durşuna Jemilä ýüzlendi. —Soltangül äkidäýmesin!

—Kim äkitse-de, Soltangüle-hä äkitdirmen! —diýip, Jemile Ýusubyň gollaryndan iki eli bilen ýapyşdy.

Aýlar-günler yzly-yzyna kerwen gurap, geçip durdy. Özem gaty gyzykly geçýärdi. Şagalaňly paýtagt, ýaşlyk, studentlik dünede alada bardyr diýdirenokdy. Klasdaşlar juda bagtyýardylar. Misli, ertekiler dünýäsinde ýaşaýan ýalydylar.

Ýusuba gün-günden özem aşyk bolup barýan Gunça bir gije Jemile bilen daşarda ikiçäk otyrkalar geljek hakda gürrüň gozgady:

—Nesip bolsa, meniň-ä gyzym bolsa, seniňem Ýusuba meňzäp duran ogluň bolsa... Meň gyzymy ogluňa alarsyň gerek?

—Näme alman! Şol günlere Hudaý jan sag-aman ýetirsin! —diýip, Jemile çyny bilen aýtdy. —Seň ýaly joramyň gyzyny almanmy!

Ogul-gyz hakda gürrüň gozgalanyna Jemile pikirlenmäge mejbur boldy. «Wiý, ýogsa-da, durmuş guranymyza näçe wagt geçdi. Näme üçin biziň çagamyz bolanokka?» diýip, howsala bilen pikir öwürdi. «Ýa bizden çaga bolmajakmyka?» Ol pikir etdigisaýy, ýüregi gysdy. Içerde Ýusup bilen Allamyrat küşt oýnaýardy. Jemile içinden pikir eden sowallaryny basymjak Ýusuba bermek isleýärdi. «Näme üçin?» diýen sorag onuň beýnisini gurçuk kimin iýýärdi. Ýigitleriň oýny basymrak tamamlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşdy.

Ahyry oýun tamamlandy. Allamyrat öz otagyna gaýdandan, Jemile atylyp, içerik girdi. Onuň howsalasy ýüz-gözünden mese-mälim bildirýärdi.

—Saňa näme boldy? —diýip, Ýusup gelniniň saçlaryny timarlap, ondan sorady. —Men barkam hiç zady alada etmegin sen!

Jemile özüni alada goýan sowallary bassyr-ýussur etmän, Ýusuba berdi:

—Ýusup, näme üçin biziň çagamyz bolanokka? Eýýäm toý tutanymyza näçe wagt boldy!

Ýusup ýylgyrdy-da, Jemiläniň burnuna çalaja pitikläp goýberdi:

—Häzir okap ýörkäk çaga bolanda aňsatmy! Bolmany kem dälmi şonuň şumat? Şony alada edip, ýüzüňi ak tam edip durmuň?

Jemile baş atdy, hem gözüni ýaşlady:

—Eslije wagt geçdi ahyry! Gaýgy edýän...

—Haý, samsyjak! —diýip, Ýusup ýene onuň burnuna kakyp goýberdi. —Şonam bir gaýgy ederlermi! Ýedi ýyldan, on ýyldan çagasy bolup ýörenlerem bar-a! Bolar-da Hudaý beren çagy. Okuwymyzy gutaraly. Oba baraly. Adamyň wraç boljak bolup durka nämäniň aladasyny edýäň sen!

Ýusubyň sözleri Jemiläniň göwrümini giňeltdi. Ol ýene ähli gaýgy-aladasyny unudyp, oýanan bagtynyň höziri bilen ýaşap başlady.

Olar okuwlaryny gutaryp, oba dolandylar. Şol günem Ýusup goş-golamlaryny özlerini garşylamaga çykan Ahmede berip, obanyň içinden Jemiläniň boýnuna gol salyp geçdi. Ýene olary Aşgabada ilki giden günlerindäki ýaly, hemmeler aňk bolup garşyladylar. Sary serhoş hem elini maňlaýyna kölegeledip, tä iki ýaş juwanyň garasy ýitýänçä seredip durdy. Her gezek oňa gözi düşende Jemiläniň ýüregi jigläp-jigläp gidýärdi. Näme üçindir, ol hiç wagt özüniň ýeke gezek gepleşip-de görmekdik bu adamyny halanokdy. Hatda oňa seretdigi, kalbynda ýigrenç oýanýardy.

Ýusup şäher keselhanasynyň hirurgiýa bölüminde işe başlady. Jemiläni hem şäheriň keselhana ýakyn çagalar bagyna işe saldy. Iş arasynda-da ol häli-şindi Jemileden habar tutup gidýärdi.

Gunça bilen Allamyrat oba mekdebinde başlangyç klas mugallymy bolup işe başladylar.

Durmuş öz akymyna tigirlenip durdy. Klasdaşlar biri-birleri bilen saçakly gatnaşyp, işleşip ýördüler.

Ýusup hem süýdüň reňki kimin akja «Žigulisine» Jemilesini mündürip, şähere, işine gatnap ýördi. Olaryň işe-de bileje gatnap ýörmesine kimler guwansa, kimler göribräk gürrüňem etdiler:

—Ýusubam Jemiläni ömür gapdalyna ýelmäp ýör. Işe dagy obada ýerleşdirende nämekä şony!

—Ýusup şony dogrudanam, şeýle gowy görýärmikä ýa-da il gözi üçin edýärmikä?

Il näme diýse-de, Ýusup öz Jemilesini jany-teni bilen gowy görýärdi. Ol öz başyna mellek alyp, täze jaý-da salyndy.

Aýlar-ýyllar näçe ötüp duranam bolsa, Jemile özünde enelikden nyşan duýmady. Ol ýüregini höpledip, oýa batýardy. «Eý, Alla jan, maňa näme, çaga bermejekmi sen?» diýip, öwran-öwran gaýtalaýardy. Goňşy-golamlarda, çagalar baglarynda jagyl-da-jugul bolşup, bökjekleşip ýören çagalara bakanda, herdaýym öz perzentsizligini ýatlap, arman çekdi. «Şulardan ýekejesi meňkem bolaýmal-a!»

Bu gaýgy Ýusubyňam ýüregine ornady. Ýöne ol dymýardy. Ol öz Jemilesiniň bu pikir bilen horlanýanyny duýup ýörensoň, onuň aladasyny ýene artdyrmak islmedi. «Belki, däri-derman alsa, haýyr eder» diýip, öz göwnüne teselli berdi.

Jemile ýagdaýyny ilki bilen jorasy Gunça baryp aýtdy:

—Gunça jan, meniň maňlaýyma ene bolmak ýazylmadymyka?!

Şu çaka çenli özem çagasyz gezip ýören Gunça özüni göwnüçökgün tutanokdy. Onda ene bolmaga ynam mese-mälim duýlup durdy.

—Nämä alada edýäň, jora jan! —diýip, Gunça Jemiläniň bolşuna ýylgyrdy. —Göwnüňi giň tut! Allanyň nesipli güni bardyr.
17 лайков 533 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.