GURY AGAÇ (Ogulsenem Taňňyýewa) 6-nji bölüm
Jemile has tukatlandy:
—Göwnüme bolmasa, Allanyň şol güni meň maňlaýymda ýok ýaly.
—Toba edeweri —diýip, Gunça jorasyna igendi. —Nesipli güni bardyr, işşalla!
Gunça soňra haýsydyr bir garyndaşlarynyň sekiz ýyldan soň, ýene bir tanyşlarynyň-da on üç ýyldan soň çagasynyň bolanyny aýdyp berip, Jemiläni birneme köşeşdirdi.
Jemiläniň önelgesiz gezip ýörenini Gülsoltan daýza-da diýseň alada edýärdi. Ýöne gelnidir oglunyň ýüregine agram salmajak bolup, bu hakda kelam-agyz gürlänokdy.
Günleriň bir güni Ýusup Jemiläni keselhanada ýatyryp görmegi niýetine düwdi. Muňa Jemile-de razy boldy.
Aýal doktorynyň: «Enelikden nyşan ýog-a däl ýaly» diýen sözi Ýusupdyr Jemile üçin «Buşluk! Ogluňyz boldy!» diýenden kem bolmady. Ýusup günüň-güni keselhananyň ýoluny torç etdi. Jemiläniň yzyndan irdenem bardy, günortanam bardy, öýlänem, agşam-da. Dynç alyş günleri keselhananyň töwereginden aýrylmady. Her baranda bir üýtgeşiklige garaşýardy. Şol bir sowalyny gaýtalaýardy.
—Doktor näme diýýär?
—«Alada etmäň, çaga bolar» diýýär —diýip, Jemile oňa doktoryň habaryny öwran-öwran gaýtalap berýärdi.
Jemile şeý diýende Ýusup ony bagryna basyp, pyrlaberesi gelýärdi.
Ýöne doktordan-da netije bolmady. Jemile alty aýlap, endam-jany eleme-deşik bolýança sanjym baryny alsa-da, onda enelikden nyşan görünmedi. Gelniniň ugruna indi ymykly çykmaly wagtyň gelendigine Ýusup düşündi. Ol Jemiläni işden-de çykardy. Tomus aýlary her ýyl Jemiläni alyp, kurortdan-kurorta, tebipden-tebibe at saldy. Olar bilen bile Gunçadyr Allamyrat-da gitdi. Dört klasdaş bolup barylmadyk ýer goýmadylar. Üç-dört ýyly şeýdip arka atdylar. Netije bolmady...
Şundan soň Jemile daňyny aglap atardy. Gündizler gussada boldy. Göwnüne bolmasa, indi ondan Ýusubam sowap barýan ýalydy. Öňler Ýusup gijelerine onuň saçlaryny sypap-sypap ukladardy. Ony bagryna basyp, içine dykaýjak bolardy. Häli-şindi oýanyp, Jemiläniň üstüne ýorgan çekerdi. Indi bolsa ol Jemile uludan-uludan dem alyp, horkuldap, aglap ýatanda-da oňa üns berenokdy. Aňyrsyna dönüp, düňderilip ýatardy. «Sen näme üçin uzak gije dik oturyp çykýaň?! Ýat» diýip, bir agyz-da aýdanokdy. «Meniň aglaýanymy bilmän-ä duran däldir!» diýip, Jemile Ýusupdan öýke edip pikir öwürdi.
Bir gün Ýusup işden soň öe öňki gelýän wagty gelmedi. Gijäniň bir wagty geldi. Lül-gammar bolup, özüne zordan erk edýärdi. Ony görüp, Jemiläniň zähresi ýaryldy. Ol serhoş erkek kişini ömründe ilkinji gezek görýärdi. Ýusup içerik ätländenem, aýak üstünde durup bilmän, düňderilip gitdi. Jemile hemaýat etmek üçin oňa topuldy. Köwşüni çykaryşdy. Gop berip, oturmaga hemaýat etdi.
Ýusup Jemiläniň aýaklaryna kellesini goýup, möňňürmäge durdy:
—Jemile jan! Senden näme üçin çaga önenok?
Bu sözler Jemiläniň ýüregini dilim-dilim etdi. Ol näme diýjegini bilmän, ilki Ýusup bilen deň aglady. Agysynyň arasynda nalyndy:
—Men nä bileýin! Alla janyň etjegidir-dä!
Ýusup agysyny goýmady. Özem şol bir sözlerini gaýtalady:

Ýusup şeýdip, Jemiläniň aýaklaryna kellesini goýup ýatyşyna, usurgap-usurgap, uklap galdy. Jemile sessiz gözýaş dökdi. Ýusup uklansoň, aýaklaryny onuň kellesiniň aşagyndan sogrup, Ýusubyň başynyň aşagyna ýassyk getirip goýdy. Düşege geçirmäge güýji ýetmänsoň, üstüne ýorgan atdy. Özem daň atýança onuň gapdalynda oturyp, Hudaýa ýalbardy:
—Alla jan, ogul berseňem, gyz berseňem, maňa-da ýekeje çagajyk beräý! —diýip, dyza çöküp nalady.
Ýusup irden oýananda Jemilä zat diýmedi. Özüniň näme üçin iş eşikleri bilen bosaganyň gapdalynda düşeksiz ýatanynam soramady. Çaý hem içmän, turup, işine gitdi.
Jemile keýpsiz ýagdaýda galdy. Nämä güýmenjeginem bilmedi. Içini it ýyrtdy. Melleginde güýmenen boldy. Eli işe barman, mellegindenem çykdy. Gapdalyndaky goňşusy Ogulbikäniň çagalarynyň oýnuna uzakdan syn salan boldy. Çagalar bir oýnaýardylar, bir sögüşýärdiler, gyzyl gyrandylar. Ogulbike käte:
—Gykylygyňyzy bes ediň, gyran degenler! —diýip, melleginiň içinden çagalaryna sögünýärdi. —Er ýuwdanlar! Sesiňizem ýer ýuwutsyn, özüňizem! —diýip, jagyl-da-jugul boluşýan çagalaryna gygyrýardy. —Bizar boldum sesiňizden!
«Alla jan! Saňa öwretme ýok!» diýip, Jemile goňşusynyň çagalaryny synlap oturyşyna içinden Alla ýalbardy. «Bereniň-ä döküp berýäň sen. Bermedigiňe-de ýekejesinem dözeňok. Näme üçin beýdýäň sen, Alla jan! Eger çagam bolsa, men oňa ýekeje gezegem sögmen. «Er ýuwutsyn!» diýen sözi dagy agzyma-da alman!»
Jemile birden: «Yrym üçin öýümde sallançak guraýyn» diýen pikire geldi. Şu pikiri tapanyna begendi. Mal daňmak üçin alnan ýogyn ýüpüň bir ujuny äpişgäniň el tutaryna, bir ujuny gyzyl gülli sandygyň aýagyna baglap, sallançak gurady. Çaga odeýalyny ýüpüň daşyna orap, olary ýogynrak taýak bilen berkitdi. Sallançak taýýar boldy. Onuň içine kiçiräk ýassyk bilen düşejik atdy. Soňam sallançagy gujaklap, ses edip:
—Sallançagym boş bolmasyn, Alla jan, ýekeje çaga beräý! —diýip, hamala gudraty güýçliniň gaşynda mysaly, aglap, ýalbaryjy nalady.
Aglap, gussasyny egsensoň, daşaryk çykyp, Ogulbike goňşusynyň iň kiçi ogly Merdanjygy:
—Seni sallançakda ýatyraýyn —diýip, alyp geldi.
Köp çagaly öýde itilip durlan çaga Jemiläniň özi hakda ýörite aladalanmasyndan gaçmady. Gaýtam, sallançaga salnyp, üwrelmesi oňa hoş ýakdy. Jemile agy gatyşykly, zaryn owazy bilen hiňlenip, Merdanjygy huwwalady. Merdanjyk ara salym salman, uka gitdi. Çagaly sallançak Jemiläniň öýüne bezeg boldy. «Eý, Allam, asyl, öýi owadan edýänem, adamy owadan edýänem çaga eken» diýip, Jemile birsyhly pikir öwürýärdi. «Şeýdip, meniňem sallançagymda öz çagam ýataýanda bolmaýamy!»
Jemile pikire batyp, kän oturdy. Ol goňşusy Ogulbikäniň geleninem aňşyrmady.
—Waý-eý, onuň bolup ýatyşyny, gyz! —diýip, Ogulbike öz oglunyň Jemiläniň sallançagynda uklap ýatyşyny hezil edip synlady. Çagalar «Merdany Jemile gelnejem äkitdi» diýensoňlar geläýdim...
—Gel-gel —diýip, Jemile pikirlerinden aýňalyp, oňa mürähet etdi. Hem Ogulbikäniň göwresine gözi düşende onuň ýene gabaryp ugranyny aňdy. «Munuň ýene aýagy agyr. Mende bolsa, birem ýok» diýip, içinden gynanç bilen pikir öwürdi. Göwnüne bolmasa, Ogulbike gaýşarylan bolup, özüne gabaryp ugran göwresini güjeňleýän ýaly duýuldy. «Bi-de maňa gabarýanyny güjeňleýä...»
—Uklanam bolupdyr! —diýip, Ogulbike öz oglunyň bolup ýatyşyna ýene jykyrdap güldi. Soňra Jemilä ýüzlendi. —Sen şuny ogul edin-de alaý, Jemile! Men-ä şulardan bizar bolupdyryn!
—Çynyňmy? —diýip, Jemile bar aladasyny unudyp, begendi. —Çynyň bilen, dokumentläp berermiň?!
—Çynym! —diýip, Ogulbike biperwaý gepledi. —Geregiň dokument bolsun!
Jemile Ogulbikäniň ogluny özüne hödürleýşine hem begendi, hem haýran galdy. «Menem çagam köp bolsa, şeýdip, ile-de hödürläp bilermikäm?» diýip oýlandy. «Çagaly adamlar şeýle bolýamyka?»
Ogulbike işiniň köplügini bahanalap, oturman gitdi. Jemile bolsa, Merdanjyga güýmendi. Ol oýanansoň, çaý demlendi. Merdanjyk bilen oturyp, çaý içdi. Çagany gujagyndan aýyrmady. Çagalarynyň keşigi bilen özüne eli ýetmeýän ejesinden beýle mähir görmedik Merdanjyk hem Jemiläniň ýanyndan gitjegem bolmady. Ol çaý içse, çaý içdi, işe güýmense, gapdalynda oýnady.
Ýusup agşam ýene giç geldi. Ýene içgili geldi. «Indi munuň-a işi gaýtjak» diýip, Jemile Ýusuba nebsini agyrdyp, pikir öwürdi.
Ýusup bu gün gapyda düňderilmedi. Sadylla bolup, yranjyrap durdy-da, soň töre geçdi.
—Munyň näm-aý? —diýip, sallançaga seredip, gaharlandy. Soňam Jemiläniň ýüregine pyçak bolup çümen sözi oklady. —Sallançagy ilki çaga dogrup, soň gurmaly!
Bu söze Jemile tisginip gitdi. Biri biline depen ýaly, büküljiredi. Gulagy şaňlap, başy aýlanan ýaly boldy.
—Yrym edip guraýdym, Ýusup jan! —diýip, pyşyrdady. —Çaga-da, belki, bolar-da!
—Ýok etsen-aý sallançagyňy, ýer tutup dur! —diýip, soňra Ýusup has-da azgyryldy. Özüni ýere goýberdi. —Çaga tapylsa, sallançak tapylar.
Jemile Ýusubyň gaşyna geçip oturdy. Gujagyna Merdanjygy aldy. Çaganyň saçlaryny sypady:
—Ýusup jan, biz şü, Merdanjygy özümize alaýaly?! Ogulbike ony bize berýä...
—Näme?! —Ýusup Jemiläniň ýüzüne soragly bakdy-da, soňam loh-lohlap güldi. —Ogulbikäniň çagasyny men näme edeýin! Bar, äkit, öz çagasyna onuň özi seretsin!
—Ol bize ogullyga berýä Merdanjygy! Alaýaly, hä, Ýusup jan?!
—Bar, äkidip gel! —diýip, bu gezek Ýusup agras gepledi. —Basymjak äkit.
Jemile Merdanjygyň elinden tutup, daşaryk ýöneldi. Gözlerinden paýrap ýaş döküldi. Çagany yzyna tabşyrmaly bolanyna diýseň gynandy. Baryp, Ogulbikä çagany Ýusubyň kabul etmeýänini aýdyp bilmedi.
—«Ejä gitjek» diýip dur —diýip, ýalan sözledi.
—Wiý, şeýlemi? —diýip, Ogulbike göwnüne hiç zat getirmän, çagasyny alyp galdy. Keýpsiz Jemiläniň yzyndan gygyryp, göwünlik berdi. —Alada etme, Jemile jan, Alla saňa-da berer bir nesipli gün!
Jemile kellesine taýak degen ýaly bolup, yzyna dolandy. Ýusup şol bir oturyşy ýaly otyrdy.
—Çaý-çörek getireýinmi? —diýip, Jemile ondan eda bilen sorady.
—Otur şu ýerde! —diýip, Ýusup Jemilä kellesi bilen ümläp, ýer görkezdi.
Jemile onuň görkezen ýerinde çökdi:
—Näme, Ýusup jan?!
—Maňa Ogulbikäniň-ä däl, öz jigim Ahmediň çagasy-da gerek däl, Jemile, düşündiňmi? —Ýusup uludan dem alyp gepledi. —Maňa diňe öz neslim gerek. Men bu dünede hut öz neslimiň galaryny isleýän!
Jemile ýene gözlerinden paýradyp ýaş dökdi:
—Bu ýerde men günäkärmi, Ýusup jan?!
Ýusup ellerini kellesine tutdy:
—Bilemok. Men hiç zady bilemok! Men ýekeje zady bilýän, şu dünede Ýusupdan-da nesil galmagyň hökmanlygyny bilýän! «Ýusubyň çagasy» diýen sözi eşitmek isleýän men, Jemile!
Jemile möňňürip, ýerinden turdy. Soňam beýleki jaýa geçdi. Ol ýene daň atýança aglap çykdy. Irden Ýusup işe şaýlanýarka, maşynyň sesine daşaryk çykdy.
Ýusup onuň aglap pökgeren ýüzüne, gabaklaryna nazaram salmady.
—Gelýänçäm sallançagy aýryp goý! —diýip, onuň adyny tutman aýtdy-da, soňam işine gitdi.
Jemile sallançagy öli ugradýan dek bolup, aglap-aglap aýyrdy. Ýüreginden daş asylan ýalydy. Uzakly gün iýmedem-içmedem. Süýndi ýatdy. Daşarda, eýwanda, diwaryň ýüzündäki çüýden asylyp goýlan, kiçijik radiodan bagşynyň aýdym aýdýan sesi eşidilýärdi. Aýdym yzyna aýdym ýaňlansa-da, olaryň birem Jemiläniň gulagyna ilenokdy. Bir aýdym welin hut onuň özi üçin aýdylan ýaly boldy:
—Öl agaçdan-eý hasyl öner,
Gury agaçlar ýanar-söner!
Däli döwran kime döner!
Geçdim ýana-ýana, begler!
Bu aýdym Jemile üçin aýdym däl-de, agy ýaly bolup eşidildi. Misli, radioda bagşy aglaýan ýalydy.
Aýdym Jemiläniň ýüregini ezdi. Ol sesiniň ýetdiginden möňňürip-möňňürip aglady. Ýusubyň soňky günler towlanjyramasyna ol düşünip ugrady. Çagasy bolmasa, Ýusubyň özüni saklamajagyny aňdy. «Indi men onsuz neneň edip ýaşaryn!» diýip, gaýtalap-gaýtalap aglady. Hut biri bilen gürleşýän ýaly, sesli gepleýärdi. Samraýardy. «Ýusup bolmasa, ölerin men, ölerin!»
Agşam Ýusup ýene içip, gijäniň bir wagty geldi. Goňşy-golam ýatypdy. Bu gezek ol däliräne döndi. Jemiläni süýräp, köçä çykardy. Urdy, itdi, süýredi. Jemile ol näme etse-de, çydady. «Ýusup jan» diýip gygyrmadan başga zat etmedi. Olaryň gohuna goňşularyň ählisiniň çyrasy ýandy. Olaryň käbiri Ýusup bilen Jemiläniň gohuna äpişgeden jyklap seretdiler, käbiri käçä çykyp, syn saldy. Ýöne olaryň ýanyna «Bes ediň!» diýip, hiç kim gelmedi. Ýusup bolsa:
—Sen näme üçin çaga dograňok? Sen näme üçin çaga dograňok? —diýip, Jemiläni urmak urdy. Jemiläniň üst-başy çaň-tozana garyldy.
Ýusup ahyry, ony urup-urup, keýpden çykansoň, öýüne girdi. Jemile-de onuň yzyndan girdi.
Jemile indi bolmajagyna düşündi. Ýusubyň özüni kowjak bolýanyna düşündi. Ýöne ol gitmek islänokdy. «Goý, urup-urup, öldürsin. Soň öýlenibersin!» diýip, pikir öwürdi. Durmuşyň agyr şarpygy sebäpli, ýüregi hem beýnisi doňan Jemile özüniň aglamagynam ýerliksiz hasaplady. Indi hemme zada garaşybermelidigine özüni ynandyrdy. Gunçanyň Ýusupdan hat getiren gijesini ýatlady. «Näme üçin şol hat maňa ýazyldyka? Näme üçin şol hat maňa ýetdikä?» diýip, özüniň Ýusuba durmuşa çykanyna puşman etdi. «Söýginiň nämedigini bilmän, öweý enemiň gapysynda ot çekip, ömrümi ötüren bolsam bolmaýamy!» diýip, öwran-öwran pikir öwürdi. «Ýusup başga gyzy söen bolsa bolmaýamy! Söýginiň nämedigini bilmän ötsem bolmaýamy!»
Ol pikire batyp ýatyşyna, ahyry uka gitdi. Irden kimdir biriniň saçyny sypaýanyna gözüni açdy. Ýanynda gaýgy-gama batyp, Ýusup otyrdy. Munça urlandan soň, Jemile Ýusubyň öz saçlaryny sypamasyna ynanyp bilmedi. Kineden onuň gözlerinden paýrap ýaş döküldi-de, aglamadan çişen ýüzlerinden ýol ýasady. Ýusup onuň gözýaşlaryny aýalary bilen süpürdi. Özem pyşyrdap, oňa ýalbardy:
—Jemiläm, bagyşla... Agşam öz akylymda däldim... Akylym ýerinde bolsa, heý, men saňa barmak batyrjak adammy!
Bu sözlere Jemiläniň Ýusupdan doňup duran ýüregi günüň howruna çydam etmedik gar kimin, pagyş-para eredi. Јhli kinesi düw-dagyn boldy. Ol hut şu pursatda Ýusuba düşündi. Ýusubyň bu gohlary özüni ýigrenmekden däl-de, perzentsizlik jebrini çekip bilmeýänliginden edýändigine düşündi. Ýerinden galdy.
—Sen günäkär däl, Ýusup jan. Men senden birjigem gaty göremok —diýip, Jemile Ýusubyň öz gözýaşlaryny sylýan elini eline aldy. Oňa dodaklaryny ýetirdi. —Men günäkär, ezizim...
—Ýok, sen günäkär däl —diýip, Ýusup Jemiläniň alyn saçlaryny timarlady. —Sen günäkär däl... Düşünýän-ä men bu zatlara...
Jemile birden başyny Ýusubyň dyzlaryna goýdy-da, horkuldap, aglamaga başlady:
—Ýusup jan, indi men şeýdip, ene bolman ötäermikäm?!
Ýusup onuň başyny galdyrdy:
—Aglama, Jemiläm, hemmesi gül ýaly bolar. Alla bardyr.
Edil şol pursat gapa ýeňil maşyn gelip durdy. Ýusup bilen Jemile daşaryk çykdylar. Maşyndan Gülsoltan daýza, Gurban aga, Jemiläniň dogany Döndi, Ýusubyň jigisi Ahmet düşdi.
Ýusup bularyň üýşüp gelmesiniň sebäbini aňdy. «Eýýäm agşamky gohy ýetiripdirler-ow. Tüweleme, gybat-gürrüňe zor adamlar bar-ow!» diýip, ol pikir öwürdi.
Gülsoltan daýza dessine Jemiläni gujaklap, onuň ýüz-gözüni süpürişdirdi. Ýusuba haýbat atdy:
—Ene ýekeje gezek şu çaga barmajygyňy batyraýsaň, eddil eliňi döwerin! Çagasy bolmasa-da, şuny urdurjagam däl, kowdurjagam däl. Çaga gerek bolsa, hana, al, Ahmet janyň ogullarynyň birini. Öz ataň nesli. Keseki däl.
—Sen-ow, eliňi kän süýndürme! —diýip, Gurban aga-da ogluna haýbat atdy. —Jemile urulmaly çaga däldir!
Döndi bolsa Jemiläniň gününe gynanyp, sessiz gözýaş dökdi durdy.
—Alaý-how meň ogullarymyň birini, men berjek —diýip, Ahmedem Ýusuba ýüzlendi. —Saňa meňzäbem dur şolar... Beýdip ile gürrüň bolup ýörme, gije oba ýaň salyp!
Ýusubyň kalbynda ejesine-de, kakasyna-da, jigisine-de gaýtargy bardy. Ýöne ol Jemiläni gynandyrmajak bolup, hijisine zat diýmedi. Özem bu ýerden basymrak saýlananyny kem görmedi. Sesini çykarman, maşynyna münüp, işine gitdi.
Jemiläni köşeşdirip, gaýynlarydyr Döndem gaýtdy.
Agşam Ýusup ýene gijäniň bir mahaly içip gelip, Jemilä ýapyşdy. Ony köçä çykaryp, kowdy, urdy.
—Sen näme üçin çaga dograňok? —diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy.
Ertesi ýene Jemilä ýalbaryp, ötünç sorady. Ýene Gülsoltan daýzadyr Gurban aga gelip, Ýusuba käýýäp gitdiler. Hatda Gurban aga eline ýarty kerpiji alyp, Ýusuby urjagam boldy.
Her zat etselerem, Ýusup endigini goýmady. Ol günde gije içip gelip, Jemiläni urýardy, irdenem ötünç soraýardy. Jemile soňy bilen Ýusubyň geler uçurlary beýleki jaýa girip, içinden gulplap oturdy. Şeýdende-de Ýusup gapyny depip-depip, oňa agzyna gelenini sögüp, gijesini geçirdi.
—Bolmasa, sen meňkide ýaşa —diýip, Gülsoltan daýza Jemilä ýalbaryp gördi. —Belki, Ýusubam soňy bilen köşeşer...
—Aý, ýok, öldürýänem bolsa, şu ýerde ýaşajak —diýip, Jemile gaýynenesi bilen ylalaşmady. —Meni diňe ölemde äkiderler Ýusubyň ýanyndan!
Ýusup içip-içip, bozulyp barýardy. Munuň öňüni almagyň gerekdigine Gülsoltan daýza-da, Gurban aga-da düşünýärdi. Bir gün olar seri sagka Ýusuby ýanlaryna çagyrdylar. Ahmediň ogullarynyň birini Ýusubyň adyna geçirmek barada maslahat etdiler.
—Gerek däl! —diýip, Ýusup olar bilen razylaşmady. —Men öz neslimiň ýörärini isleýän...
Gülsoltan daýzadyr Gurban aga-da oňa näme çäre etjegini bilmän, bialaç bolup galdylar.
Öz durmuşyna Ýusubyň özi-de nä alaç etjegini bilenokdy. Öz bolup ýörşüne özi-de düşünenokdy. Öňler onuň gözüne Jemileden özge gelinler ilmezdi. Onuň Jemilesi bütin obanyň gelin-gyzlaryndan saýlanyp durdy. Boý ýerine boýy bardy. Onuňky kimin owadan hem janalgyç göz-gaşy, birgeňsije gunça mysaly dodaklary, alma ýaly ýaňaklary Ýusup hiç gelin-gyzda görmeýärdi. Hatda görmeksizräk gelinli ýigitlere haýran galýardy. «Görmeksiz aýal bilen nädip ýaşaşyp bilýärkä?» diýip, pikir ederdi.
Ol aýallaryň nähilisiniň owadan bolýanyna, mähirli görünýänine indi düşünýärdi. Indi Ýusup üçin eli çagaly aýallar owadan görünýärdi. Olaryň sölpüldäp, ebtini agdyryp barýanlaram, köýnekdir gyňaçlaryna kir siňenlerem, çyrlap-çyrlap sögüp gygyrýanlaram, köne galoşyndan aýaklarynyň çory görnüp, çagasynyň elinden tutup, idenekledip barýanlaram Ýusubyň gözüne owadan hem bir geňsi bolup görünýärdi. «Ýa hakyky mähir gelin-gyzlara diňe ene bolandan soň siňýärmikä?» diýip, ol pikir öwürýärdi. «Näme üçin meniň Jemiläme şeýle bagty dözmediň sen, Allam!» diýip, ol käteler Hudaýa nalyş edýärdi.
Bir gün ony klasdaşy Allamyrat myhmançylyga çagyrdy. Allamyratdyr Gunçadan-da henizem çaga önenokdy.
Ýusup baranda Allamyradyň bir özüdi. Gunça atasy öýüne gidipdi. Iki klasdaş bolup, ilki çaý-suw içdiler. Soň gürrüňçilik başlandy.
—Sen Jemiläni harlaýamyşyň diýip eşidýän —diýip, Allamyrat ahyry özüniň Ýusuby näme üçin çagyranyny duýdurdy. —Şo hakda gürleşeýin diýdim.
Ýusup birbada näme diýjegini bilmän, başyny aşak saldy. Allamyrat dowam etdi:
—Jemile harlanmaly maşgal-a däldir, dost! Sen öňler ony nähili gowy görýädiň?! Ýadyňa düşýämi, okaýarkak, saçyna çenli darap berýädiň-ä!
—Men ony häzirem gowy görýän! —diýip, Ýusup pessaý gürledi. —Ýüregimem awaýa oňa.
—Häzir gowy görýäniňe men-ä ynanamok, dost —diýip, Allamyrat gönüledi. —Bütin oba siziň gürrüňiňizi edýä. «Ýusup her gün agşam köçede Jemiläni ýençýä» diýýäler. Utanaňokmy?! Nädip dözýäň Jemile ýaly gelni urmaga! Öň ony Hudaýyň urany azmy?!
Ýusup dostunyň igençlerine çydaman, çilim otlandy:
—Özümiň telek iş edýänimi soň bilýän —diýip, müýnli gepledi. —Içgilikäm... ýatdan çykaýýa...
—Men bilýän seniň nämä janyňy ýakýanyňy —diýip, Allamyrat Ýusubyň göreçlerine seretdi. —Sebäbi seniň derdiň meniňem başymda bar. Hana, görüp dursuň, Gunçadanam çaga önenok. Ýöne men ony urmag-a beýlede dursun, onuň ýanynda önelgesizlik hakda dilem ýarmakçy däl. Görnüp duran zat hakda dil ýarmak nämä gerek! Haçan onuň özi çaga küýsese, alaýsyn islän ýerinden.
—Çagasy bolmasa-da, sen ony kowjagam dälmi? —diýip, Ýusup haýran galyp sorady.
—Men onsuz ýaşap biljek däl, sebäbi men ony hakykatdanam gowy görýän. Gunçasyz durmuş meniň üçin puç —diýip, Allamyrat jogap berdi.
—Sen onda söýgi-söýgi diýip, nesilsiz ötäýjeg-ow düneden?! —diýip, Ýusup Allamyradyň bolşuna haýran galdy.
—Meniň atamyň nesli dowam edip dur —diýip, Allamyrat arkaýyn gepledi. —Jigimlerimde, doganlarymda çaga ýetik. Hemmesem meniň atamyň dowamy... Gerek bolsa, şolaryň birini alaryn... Düneden giden wagtyň gapyňy açyp oturmaga biri bolsa bolýa-da. Çaga dogurýan aýal aljak diýip, men ömrümi söýgüsiz ötürip bilmen!
—Ýok! Men seniň ol pikiriň bilen ylalaşamok —diýip, Ýusup Allamyrada garşy çykdy. —Men il arasynda «Ýusu-byň çagalary. Ýusubyň nesli» diýen sözüň ýöränini isleýän.
—Birinjiden-ä, sen bir çagany alyp, ony öz adyňa geçirseňem, il oňa «Ýusubyň ogly, Ýusubyň nesli» diýer —diýip, Allamyrat öz sözüni bek tutdy.
—Hakykatda welin, ol barybir, meniň neslim bolmaz —diýip, Ýusup Allamyradyň sözüni böldi. —Onuň gany meňki bolmaz.
—Ine, seniň damaaryňda kimiň ganynyň urýanyny, seniň kimiň neslidigiňi il bilýämi häzir!—diýip, Allamyrat hem Ýusuba ýeň bermedi. —Seniň özüň ataňdan öňki ata-babalaryňy tanaýarmyň? Asyl, bilmänjik geçäersiň...
—Bu zatlar saňa nämä gerek?!
—Ine, bizem şeýle... Biziň adymyz ýörese, üç arka ýörär. Diňe ogluň, agtyklaryň, çowluklaryň diýer «Biz Ýusubyň nesli» diýip... Galan nesilleriň ýadyna sen düşmersiňem...
—Maňa bolýa şonça nesil ýatlasa... —diýip, Ýusup dostunyň dawasyndan ýadap, gaharlandy. —Sen gepi uzaldyp oturma-da, aýtsana esasy aýtjak zadyňy...
—Aýtjak bolýan zadym şü, sen nesil diýip, Jemile ýaly maşgalany harlama. Durmuş ýanyňda gowy görýäniň barka süýjüdir, ýüregiň almaýan adamsy bilen ýaşamak kyn düşer diýjek bolýan. Ile gürrüň bolup, maşgalaňy dargatma diýjek bolýan...
—Men seni gowy görýän, dost —diýip, Ýusup gaharyndan ýaňa çiliminden dişlerini geçiräýjek boldy. —Ýöne biri-birimiziň maşgala durmuşymyza goşulmaly, bolýamy?!
Şeý diýip, ol gaýtmak üçin ýerinden turdy.
—Sen öz söýgiňi «Ýiti gyzyl tiz solar» etjeg-ow onda? —diýip, Allamyrat hem ýerinden turup, oňa ýene sowal berdi. —Sen Jemiläni nähili gowy görýädiň! Bütin obanyň gürrüňi siz hakdady. Indi bu zatlaryň baryny ýalana çykaraýjakmy sen?!
Ýusup Allamyrada:
—Sag bol—diýdi-de, daşaryk çykdy. Onuň sowallaryna bolsa jogap bermedi.
Allamyrat onuň yzyndan garap galdy.
Bu wagt Allamyradyň sözleri, diýen zatlary Ýusubyň gulagyna-da ilenokdy. Gaýtam ol öz ýanyndan Allamyrady saýdy. «Söýgi diýen bolup, nesilsiz geçjeg-ow ol paňkelle» diýip, içini gepletdi. «Nesilsiz durmuşdanam bir durmuş bolarmy!»
Ol diňe ogully bolmagyň höwesi bilen ýaşaýardy. Ýöne Jemiläni näme etjegini bilenokdy. Jemiläniň özüni gowy görýänine düşünýärdi. Onuň özünden aňsat aýrylmajagyny-da bilýärdi. «Aýal tapsam bolýa, her zat ederin, aýraryn» diýip, öz-özüne göwünlik berýärdi. Özem günsaýyn Jemileden sowaşýardy. Indi Ýusuby Jemiläniň owadan keşbem özüne çekenokdy, syratam. Ony görse, gahary gelýärdi. Çagasy bolmaýanlygy üçin ol Ýusubyň gözüne aýal däl-de, eşik geýdirilip goýberilen garantga mysalydy.
Ýusup şeýdip, aýlandyrylyp goýberilen ýaly bolup ýörkä oba «Soltangül çagasyny alyp, adamsyndan aýrylyşyp gelipdir» diýen habar ýaýrady. Onuň aýrylyşmasy hakda her kim bir zat diýýärdi. Kim «Nahar bişirmäni oňaranokmyş» diýýärdi. Kim «Kir ýuwmagy oňaranokmyş» diýýärdi. Ýöne hemme gepleriň ahyr netijesi deň gelýärdi. «Soltangülüň özi aýrylyşyp gaýtmandyr-da, adamsy kowupdyr, halys ony ýüregi almandyr» diýýärdiler.
Kim näme diýse-de, Ýusubyň göwnüne bolmasa, Soltangül hut özi üçin gelen ýalydy. Ol bu wagt onuň kir ýuwup bilmeýänligi hakda-da, nahar bişirip bilmeýänligi hakda-da pikir edenokdy. Ogla, nesle suwsan Ýusubyň bar pikiri häzir Soltangülüň ene bolup bilenligi hakdady. «Çaga dogrup bilýä, şol bes» diýip, ol öwran-öwran pikir öwürdi. Hem razy edip bilse, Soltangüle öýlenmegi ýüregine düwdi. Oňa öýlenäýse, öz gapysyndan-da özüne meňzeşje oglanžyklaryň girip-çykyp ýörjegini ýatlap, begendi. Öz gapysynda-da gelin toýlaryň, gyz toýlaryň boljagyna begendi. Jemile bolsa onuň gapysynda bolmaly ähli toýlaryň üstüne atanak çekip otyrdy.
Soltangülüň ejesi Ogulgül obada mata-marlak satardy. Şonuň üçin mydama ýolagçydy. Ýa şähere barýandyr, ýa beýleki obalara barýandyr. Onuň öýünde bolýan wagtyndan bolmaýan wagty köpdi.
Ogulgülüň söwdanyň ugruna giden günleriniň birinde, perzent küýseginden dälilik hetdine ýeten Ýusup gijäniň bir mahaly, utanmazlyk üçin birazajyk içip, Soltangülüň gapysyndan bardy. Gapylar ýapyk, çyralar sönükdi. Bütin oba ukudady. Soltangülleriň bir otagyndan ölügsije yşyk görünýärdi.
Ýusup gapyny çalaja tyrkyldatdy. Içerden Soltangülüň:
—Kimsiň? —diýip gygyrýan sesi eşidildi.
—Men, Ýusup, klasdaşyň —diýip, Ýusup biri eşidäýmesin diýen gorky bile çalaja jogap berdi.
Soltangül derrew gapyny açdy-da, gep soraman, Ýusuby içeri saldy. Çyrany ýakdy. Hamala ol Ýusubyň geljeginden öň habarly ýalydy. Juda arkaýyndy. Ortada çalam-çaş bolup ýatan arlykdyr çaga balaklaryny ýygnaşdyrdy. Bir çetde arkan düşüp, iki ýaşlaryndaky oglanjyk uklap ýatyrdy. «Şeýdip, meniňem öýümde çaga uklasady» diýip, Ýusup pikir öwürdi.
—Jemilä mata diýip geldiňmi? —diýip, Ýusubyň ýadyna özi düşýändir öýdüp, hiç wagt pikir etmedik Soltangül morta sowal berdi. —Häzir ejem ýok. Ejem gelensoň...
Ýusup onuň sözüni bölüp:
—Ýok, sen diýip geldim —diýip, oňa ömründe düýşüne-de girmedik jogaby berdi.
Ýusubyň bu jogabyna Soltangül agzyny öweldip galdy. Birbada ynanmady. Ýusup nire, Soltangül nire! Soltangül mekdepde-de, obada-da gülki ýassygy bolup geçdi. Hemmeler onuň üstünden güldi. Ýusup bolsa obanyň-da, klasyň-da «men-men» diýen gyzlarynyň armanydy. Onuň ugrunda köýüp-köýüp, oňa özüni söýdürip bilmän geçen gyzlar hakda Soltangülem bilýär-ä. Iň bolman kolhoz işläp ýörkälerem gyzlaryň bar gürrüňi Ýusup bolardy ahyry! Üstesine-de, onuň aý ýaly Jemilesi bar! Bu zatlar hakda pikir edip, Soltangül: «Munuň akyly üýtgedimikä? Ýa-da içgiden açylyp bilmän geldimikä?» diýip oýlandy.
Soltangülüň dymmasy Ýusuby gorkuzman durmady. Birden özüniň kowlaýmagyndan gorkdy.
—Men birneme içdim —diýip, Ýusup Soltangüle seredip gepledi. —Ýöne meniň aňym ýerinde. Men dogrudanam, sen diýip geldim, klasdaş!
Aýaly öýündekä «Sen diýip geldim» diýip duran Ýusup hakda Soltangül ýene üýtgeşik pikir etmedi. Bir ýumşy bardyr öýtdi. Ýöne onuň näme ýumuşdygyny sorabam ýetişmedi. Ýusubyň özi dillendi:
—Eger sen razy bolsaň, men saňa öýlenmekçi, Soltangül!
Soltangül üçin bu gürrüňler düýşde bolup geçýän ýalydy. Heý-de, şäheriň uly wraçy, ençe gyzlaryň ýüreginde arman bolup galan syratly ýigit öýlenjek diýer-de, Soltangül etmezmi! Ol başyna şeýle bagtyň gonýanyna heniz ynanyp bilmän durdy. Ýüregi begençden dükürdäp, agzyndan çykaýjak bolýardy. «Men razy!» diýip, Ýusubyň üstüne towsaýasy gelýärdi. Ýöne sähel gymyldasa, Ýusup özünden gaçyp gidäýjek ýalydy.
Ýusubyň göwnüne bolmasa, Soltangül özüne razy bolmajak ýalydy. Ol Soltangülüň ýanyna bardy. Onuň boýunlaryndan ellerini geçirdi. Saçlaryny sypalady. Ýüzüni ýüzüne golaýlaşdyryp, ýyly demini çabradyp pyşyrdady:
—Maňa ogul gerek, Soltangül! Jemileden çaga önenok... Sen maňa ýekeje ogul dogrup bermäge razy bol!
Soltangül bu bagtly pursatdan huşuny ýitirdi. Bagtlylykdan dili tutuldy. Näme geplejeginem bilmedi. Erkini Ýusubyň eline berdi. Öz hereketlerine garşy bolmaýan Soltangülüň özüne razy bolanyny duýup, Ýusup serden geçdi. Huşy başyndan uçup, Soltangülüň daýaw göwresini bagryna basdy. Onuň saçlaryndan, ýüz-gözünden ogşap, däli boldy. Çaga dogranlygy üçin Soltangül onuň gözüne adaty aýal däl-de, perişde ýaly bolup görünýärdi. Ýetilmesi kyn arzuw ýalydy. El uzadyp bolmajak belent şaha ýalydy. Häzir bolsa, şol şaha, şol arzuw Ýusubyň gujagyndady. Ýusuba ol arzuw, ol şaha ýetdirdi. Ýusup indi ony öz islegine tabyn edip bilýärdi...
Ýusup Soltangüli öpüp-guçup, keýpden çykansoň, daňyň öň ýanynda gaýdarman boldy.
—Men çagany saňa ejemiň öýünde dogrup bermelimi? —diýip, Soltangül Soltangüllügini edip, Ýusuby ugradyp durka morta sowal berdi.
Onuň bu sowaly Ýusup üçinem gödek hem laç eşidildi.
—Sen göwräňde çaga baryny duýan halatyň men seni öe äkiderin —diýip, Ýusup jogap berdi.
—Heleýiň bar-a öýüňde —diýip, Soltangül indi näzirgäp ugrady. —Men-ä oň bilen bir ýerde ýaşaman!
Ýusup:
—Seni eltsem, ol gitmeli bor—diýdi-de, çykyp gitdi.
Soltangül bu bolup geçen zatlar düýşünde bolanam bolsa, begenmän durmazdy. Bu zatlara begenmekden ýaňa onuň ýüregi çat açaýjak bolýardy. Ol begenç duýgularyndan ýaňa uklabam bilmedi. Ýusup ýaly ýigidiň özüni soraglamasy onuň üçin bagtyň çür depesidi...
Ýusup Soltangülüňkä ertesi agşam-da geldi. Soňky agşam hem. Asyl, ejesi gelýänçä, on günläp aýagyny çekmedi.
—Ejem gelensoňam geliber, ol saňa hiç zat diýmez! —diýip, Soltangül Ýusuby arkaýyn etse-de, Ýusup gaýynlygy gelensoň, bu öe gelmäge utandy. Biraz daşda gezdi.
Ýusubyň Soltangülüňkide bolup gidýäni oba ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady.
—Ýusup Jemiläni kowup, Soltangüli aljakmyş—diýşip, iki adamyň başy çatylan ýerde gürrüň edýärdiler.
Bu habar Jemilä-de ýetdi. Şeýle-de bolsa Jemile Ýusubyň gaharynyň gelerinden gorkusyna sesini çykarmady. Ýöne özüni Soltangül bilen çalyşmaga mynasyp gören Ýusupdan kine edip, ýüregini sançdyryp-sançdyryp aglady.
Radio bolsa häli-şindi günortanky konsertinde Jemiläniň ýüregine ot berýän aýdymy aýdyp, ony möňňürdýärdi:
—Öl agaçdan-eý hasyl öner,
Gury agaçlar ýanar-söner!
Däli döwran-eý kime döner!
Geçdim ýana-ýana, begler!
Jemile bir wagt, heniz durmuşa çykmanka gören düýşüni, düýşünde öz başyna gonjak bolup duran Bagt guşunyň birdenkä uçup gidip, Soltangülüň başyna gonuşyny ýatlady. «Düýşe ynanmaly däl» diýýäler. Onda bu näme boldugy?!» diýip, Jemile gussa batyp, aglap oturyşyna oýlandy. «Bagt guşuny meň başyma gondurjak bolup, oňa ýalbaryp gygyrýanam Ýusup, bagty menden alyp, Soltangüle berýänem...» Ol garşysynda kimdir biri oturan ýaly, sesli gepläp nalaýardy.
Soltangülli gybatlar oba ýaýransoň, Gülsoltan daýza bilen Gurban aga ylgap gelip, ýene Ýusubyň daşyna geçdiler.
—Sen akylyňdan azaşypsyň! Öň-soň ärinden aýrylan aýal almakçy bolsaň, Soltangül-ä almarsyň. Uly iliň pisläni bize gelin bolmalymydyr! —diýip, Gülsoltan daýza Ýusubyň maňlaýyna ýumruk çenedi. —Onsoňam indi aljak aýalyň bu öýde ýaşamaz! Bu ýerde Jemile jan bolar. Indikiňi şähere äkit-de, şol ýerde ýaşat!
Ejesi-kakasynyň öz işine goşulmasyna Ýusubyň gahary geldi:
—Kim maňa şähere gidip aýal bolar! Nirede bar beýle akmak adam?!
—Sen Jemiläni kowsaň, onuň kakasy, öweý ejesi nähili heşelle kakar! Olar bize Jemiläni bermejek bolup, nähililer bolupdylar! —diýip, Gülsoltan daýza gözlerini ýaşlady. —«Söýýän» diýip, Jemilä öýlenenem özüňdiň ahyry, oglum! Diýmek, seniň ony gowy göreniňem ýalan eken-dä?!
—«Söýgi» diýip, men düneden perzentsiz ötmelimi?! —diýip gygyrdy-da, Ýusup ýumrugy bilen pola gütledip goýberdi. —Goşulmaň meniň günüme!
—Sen her zat etseňem Jemilänem kowaňok, Soltangüle-de öýleneňok! —diýip, Gurban aga oglunyň üstüne düwledi.
Ýusup bar gazabyny gözlerinde jemledi:
—Diýmek, sen meniň zürýatsyz ötmegimi isleýäň-dä, kaka?! Meň ýerimde özüňem goýup gör käte!
Gurban aga gaýdyp Ýusuba zat diýmedi. Gülsoltan daýza-da bialaç dymdy. Allanyň özi bir tarapa syraýmasa, olaryň hijisi-de bu meselede näme etjegini bilenokdy.
Ahyr bolmaly zatlar öz ugruna bolup başlady. Gaýynlygynyň mata gözlegine giden günleriniň birinde ýene Soltangülüň ýanyna baranda, Ýusup ondan hoş habar eşitdi. Soltangül erinlerini gulaklaryna ýetirip, utanyp-çekinjegem bolman, bu habary Ýusuba aýtdy:
—Aý, oglan, göwrede çaga-ha dörändir. Ile-güne ryswa etmän, äkideweri öýüňe. Ejeme-de aýtdym bar zady. Ol hem razy saňa barmagyma.
Ýusup begenjinden:
—Çynyňmy? —diýip, Soltangüli nähili gujaklanynam bilmedi. —Ertiriň özünde äkiderin!
«Çaga! Meniňem çagam boljak! Menem çagaly adam bolaryn!» diýip, Ýusup birsyhly pikir öwürýärdi. Çaýkanjyrap, meşik ýaly bolup, girip-çykyp ýören Soltangül häzir onuň gözüne dünýädäki bar aýallardan eziz göründi. «Bolanda näme ikilikçi!» diýip, Soltangülüň geçmişini ýatlady. «Aýal bolmak üçin ikilik bilen bäşligiň tapawudy barmy näme! Aýal aýallyk borjuny berjaý etse bor. Baha hiç!»
Ýusup agşam Soltangülüň ýanyndan gelende Jemile ýatmandy. Ol dyzlarynyň üstünde gowşuran ellerine eňegini diräp, oýa çümüp otyrdy. Ýusuba garaşýardy.
Ýusup gelenden, onuň gapdalynda çökdi:
—Jemile, sen indi çaga däl, ýaş däl, ikimiz dogry gürrüň edeli —diýip, oňa ýüzlendi.
Jemile: «Aýdyber» diýen terzde Ýusubyň ýüzüne seretdi. Ýusup dowam etdi:
—Senden çaga önmejeg-ä görnüp dur, Jemile! Sen meni haçana çenli şeýdip, özüňe daňyp goýjak?!
—Men seni daňamok, Ýusup jan, arkaýyn öýleniber —diýip, Jemile Ýusubyň öýlenmegini näler islemese-de, razylyk bildirdi.
Ýusup elini daldalatdy:
—Men nädip öýleneýin! Sen öýde otyrkaň, men nädip öe başga aýal getireýin!
—Sen başga kişä öýleneňde çagaň bolar öýdýäňmi? —diýip, Jemile pessaý ses bilen sorady. —Belki, bu ýagdaý sen sebäplidir...
—Soltangül eýýäm menden göwreli!
Ýusup bu sözleri aýdanda Jemile üçin öe bomba düşen ýaly boldy. Gulaklary şaňlap, kellesi güwledi. Gyzgynynyň galýanyny duýdy. Ol Ýusubyň Soltangüli aljagyny eşitse-de, olar eýýäm bu derejelere ýetendir öýdenokdy. Jemile Ýusubyň sözlerine dälirän ýaly boldy:
—Diýmek, sen eýýäm onuň saçlaryny-da sypap ýetişipsiň-dä?! Ony bagryňa-da basyp ýetişipsiň-dä?!
—Hemme zadam boldy! —diýip, Ýusup biperwaý gepledi. —Ertir men ony öe getirmeli boljak. Sen gitmeseň bolmaýa!
Jemile aglap, özüni Ýusubyň üstüne oklady:
—Sen nädip ony meniň ornumda goýup bildiň, Ýusup ja-an?!
—Ol meniň çagamyň ejesi bolmaly. Ol meniň üçin beýik adam —diýip, Ýusup şol bir durkuny saklap gepledi. —Kelläňi galdyr-da, agyňy goý, Jemile! Men bizar boldum seniň gözýaşlaryňdan! Meniňem gözýaşsyz durmuşda ýaşasym gelýä!
—Meni kowma, Ýusup jan! —diýip, Jemile ýene oňa ýalbardy. —Gapyňda hyzmatkäriň bolaýyn! Ikinjiň bolaýyn. Men sensiz nädip ýaşaryn! Seni görmän, men nädip oňaryn! Onsoňam, men indi nirä gideýin?! Meniň üçin atam öýüm-de bekli ahyry!
—Soltangül seniň bärde bolaryňy islänok!
Ýusubyň soňky sözleri Jemiläniň beýnisini doňdurdy. «Islänok?» diýip, sowaly beýnisinde gaýtalady. «Soltangül islänok... şol Soltangül! Kiçi klaslarda partasyny ölläp oturan Soltangül! Meşik ýaly bolup, mydama iliň soňunda süýrenip ýören Soltangül. Soralan sapagy bilmän, ikilikden gözi açylmadyk Soltangül... Gözleri kiçijik, dodaklary sallanyp duran, ýüzi gara ört Soltangül... Şoň ýaly maşgalany meň ornumda goýmaga mynasyp gören bolsa...»
Ýusubyň ýagdaýy Jemilä düşnükli boldy. Ol: «Ýusubyň kellesi ýerinde däl» diýen netijä geldi. «Çaga küýsegi ony şu derejelere ýetiripdir».
Jemile aglamasyny goýdy. Kaýyllyk bilen ýerinden galyp, köýneklerini düwünçege düwdi. Düwünçegini gujaklap, kellesine taýak degen ýaly bolup, Ýusuba kelam-agyz zat diýmän, çykyp gitdi. Baryp, dogany Döndiniň gapysyna maňlaý diredi.
Goltugy düwünçekli gelen jigisiniň ýagdaýyny Döndi aňdy.
—Zyýany ýok, gynanma, bary Allanyň işidir —diýip, ol Jemilä göwünlik berdi. Jemiläni aglatmajak bolup, özi aglady. —«Irki güni çoýmadygyň öýlän güni çoýmaz» diýleni-dä. Başdan ykbalyň ters boldy-da, jigim...
—Soltangül eýýäm ondan göwrelimiş —diýip, Jemile içerik girenlerinden soň gamgyn gepledi. —Ýusup ony söýüpdir. Ýogsa beýle bolmazdy.
—Söýüp-söen däldir-le —diýip, Döndi Jemiläni köşeşdirmek maksady bilen, oňa ýaraýjak sözleri tapdy. —Çaga üçin edýändir. Hakykatda ol seni gowy görýändir. Ilki ýürege giren adam hiç wagt ýürekden çykýan däldir. Ine, görersiň, ol küýsäbem ugrar seni.
Doganynyň bu sözleri Jemiläniň ýüregine birneme teselli berdi. Hamala Ýusup özüni äkitmäge gelen ýaly boldy.
—Alla jan, şony kowup, menem bir äkidäýbiseýdir —diýip, dileg etdi.
—Јkider, hökman äkider. Seň ýaly owadan gelni barka, ol Soltangül bilen ýaşarmy! —diýip, Döndi Jemilä göwünlik berdi.
Jemiläni doganynyň öýi-de gysyp-gowurdy. Wagtyny geçirmek üçin ol öý işlerine-de kömek eden bolýardy. Ýöne her zada güýmense-de, günler ötmeze döndi. Obada welin, gürrüň köpeldi. Indi iki adamyň başynyň birigen ýerinde Ýusup bilen Soltangülüň gürrüňi edilýärdi. Aýallar eňegine jaň dakylan dek jammyldaşýardylar:
—Ýusup Soltangüli ejelerine-de maşynly äkidýärmiş.
—Ony asyl ýöredenokmyşam. Elinde göterip gezýärmiş.
—Kirinem Ýusup ýuwup berýämiş, naharyny-da bişirip, öňüne eltip berýämiş.
—Eýýäm näçe sany pombarh köýnegem alyp beripdir.
—Öýünde-de pombarh geýdirýämiş.
Gürrüň kändi. Hut Jemile eşidip, içi ýansyn diýýän ýaly, Jemile dükana barsa-da şol gürrüňlerdi, köçä çyksa-da, toýa-üýşmeleňe barsa-da. Bu gürrüňler Jemiläniň ýüregine ok bolup çümýärdi. Ol özi duýmazdan, sagatsaýy ýere siňip barýardy. Gelibem, doganynyň ýanynda zar-zar aglaýardy.
—Ýusup Soltangüli maşyndan düşürenokmyş.
—Sen aýallaryň gepine ynanma! —diýip, Döndi oňa birsyhly göwünlik berýärdi. —Olar seniň içiňi ýakmak üçinem aýdýandyrlar. Meniň özüm näçe gezek gördüm Ýusubyň maşynly geçip gidenini. Içinde hiç kimem ýokdy.
Döndiniň bu sözleri Jemiläniň kemsinmeden ýaňa sorkuldap, durşuna yza bolup duran ýüregine birneme teselli berdi. Ýüzi ýagtylyp gitdi:
—Şeýlemi?
—Hawa.
Jemiläniň ýüzi az salymdan ýene bulut çökene döndi:
—Ýusup Soltangülüň kirinem ýuwup berýämiş, naharynam bişirip berýämiş. Eýýäm näçe pombarham alyp berenmiş...
—Heý, erkek kişem bir kir ýuwarmy! Seniň kelläň bir ýerindemi! —diýip, Döndi birsyhly Jemiläni köşeşdirýärdi. —Erkek diýeniň hiç wagt aýalynyň öňüne nahar bişirip, getirip goýmaz. Soltangüle sansyz pombarh äberer ýaly, Ýusupda üýtgeşik pul bardyr öýdýäňmi! Olam iliň alýan aýlygy bilen ýaşaýar-a. Soltangülüň-ä egnindäki köýnekleri şol bir öňki köýnekleri.
—Şeýlemi? —diýip, Jemile ýene birbada köşeşen bolýardy.
Ýöne rahatlygy uzaga çekenokdy. Onuň göz öňünde ýene syratly Ýusuby janlanýardy. Onuň özüne ýylgyryp bakyşlary, saçlaryny darap berýän pursatlary göz öňünden hatar-hatar bolup geçýärdi. Birdenem onuň özüni urup-enjen günlerini ýatlap, ejizleýärdi. Beýnisinde şol bir aýdymyň sözleri gaýtalanýardy:
—Öl agaçdan-eý hasyl öner,
Gury agaçlar ýanar-söner!
Däli döwran kime döner!
Geçdim ýana-ýana, begler!
Bagt guşuny gören düýşüni ýatlaýardy. Bu zatlaryň näme üçin beýle bolýandygyna hiç akyl ýetirip bilenokdy.
Gijelerine ýene Döndiniň gulak etini guradýardy:
—Ýusup Soltangülüň saçyny-da darap berýändir... Bileje oturyp, gülşüp, çaý içýändirler...
Döndi käte ýaltanman, Jemilä köşeşdiriji sözler aýdýardy, käte hem näme diýjegini bilmän, uludan dem alar goýardy.
Bir günem oba «Ýusubyň ogly bolanmyş» diýen habar ýaýrady. Ol gün Jemile bir ölmedi. Aglap-aglap, ýüz-gözi çişdi. Hiç zat iýip-içip bilmedi. Ýüregi sorkuldap-sorkuldap, tas ölüpdi. Döndidir adamsy iki gezek «Tiz kömegi» çagyryp, ony sançdyrmaly boldular.
Bu habardan soň gepçi aýallar oba dürli-dürli gepleri ýaýratdylar:
—Ýusup ogluna uly toý tutjakmyş!
—Ogluny şeýle bir gowy görýärmiş welin, gijelerine-de Soltangüle bermän, öz gujagyna alyp ýatýamyş.
—Arlygyny-da özi ýuwýamyş.
Gepler ondan-oňa çapdyryldy. Jemile indi bu habarlary Döndiniň ýanynda-da agzamady. Ol her gepi eşidende, sygyr dölä girip, aglap-aglap, ýüregini gowzudýardy. «Meni näme üçin gury agaja dönderdiň, Alla jan?! Näme üçin Ýusubyň ogly menden bolaýmady!» diýip, gaýtalap-gaýtlap, Alla ýalbarýardy.
Bir gije, garaňky mazaly gatlyşansoň, ol Döndä-de nirä gidýänini aýtman, öňki goňşusy Ogulbikäniňkä myhmançylyga gitdi. Özüniň söýgüli ýigidi bilen ençe ýyl bileje ýaşan jaýyna gözi düşende ýüregine pyçak urlan ýaly boldy. Gapydaky ýüpe serilgi arlyklary görüp, gözlerini ýaşlady. «Näme üçin meň gapymda kişiniň arlygy asylgy, Alla jan!» diýip, pyşyrdap nalady-da, aglamjyrady. «Hudaýym, seň başyňa meňkidenem beter gün düşsün» diýip, adamsyny elinden alan Soltangüle gargynjyrady. «Ýusup görünmezmikä?» diýip, boýnuny süýndürip seretse-de, ony görüp bilmedi.
Jemile baranda Ogulbike çagalarynyň baryny ýumruklap, birine şarpyk çalyp, gyran-jyran edip otyrdy. Özem agzyna gelen hapa sözleri paýradyp, çagalaryna aldygyna sögýärdi:
—Gyran degenler! Ajal alanlar! Birki sanyňyzy ajal alsa-da, men biraz rahatlanjag-a!
«Eý, Hudaý jan! Saňa öwretme ýok. Ýöne näme üçin şeýdip, çaga gerekmejegiň üstüne-hä dökübileniňi döküp, gerege-de ýekejesinem bereňok sen?!» diýip, Jemile Ogulbikäniň bolşuny synlap, dem salymda pikir öwürdi.
—Jemile jan, geleweri. Ýitig bolduň-la! diýip, Ogulbike köne goňşusyny güler ýüz bilen garşy aldy. Jemiläniň guran, hor düşen göwresine, gamgyn ýüzüne nazar aýlap, oňa ýüregi awady. —Biderek zatlara janyňy ýakýaň-da sen! «Geçenden geç!» diýýändir türkmen. Özüňi unudany sen has beterräk unut-da, bar Ýusupdan-da gowy ýigidi tap-da! Seň ýaly owadan maşgalany kim almaz! Näme bi ýalançyda gaýgy-gama batyp ýörüp.
Jemile Ogulbikäniň gapdalyna geçip oturdy.
—Ol menden geçse-de, men ony ýeke salym hem ýadymdan çykaryp bilmen! —diýip, gözlerine ýaş aýlap, Jemile Ýusubyň adyny tutman gepledi. Bogazy doldy.
Ogulbike Jemilä şu pursat gerek sözleri bilipjik durdy. Onuň ýüregine hoş ýakaýjak sözleri eşidesiniň gelýänini bilýärdi. Horlanyp, gama çümüp oturan Jemiläni galkyndyrmak üçin Ogulbike gürrüňini Ýusuba gönükdirdi:
—Sen, Jemile jan, Ýusupdan aýryldym diýip, birem gam çekme. Uzagyndan ol seni ýygnar, gör-de duraý. —Ogulbike töweregine garanjaklap, sesini birneme peseltdi. —Ol Soltangüli birem gowy görenok. Günde agzyna gelenini sögýä. Oňa diňe çaga üçin öýlenäýipdir. Heý, ol seň ýaly owadan gelnini unudyp bilermi!
Bu sözlere Jemiläniň ýüreginiň yzasy birneme aýrylyşyp, ýene ýüzi ýagtylyp ugrady:
—Şeýlemi? —diýip, içki şatlygyny mese-mälim bildirip, ýene gep eşitmek üçin öňe-öňe omzady.
Öz sözleriniň azajygam bolsa, Jemilä gowy täsir edenine Ogulbike-de begendi.
—Hawa, şeýle —diýip, ol ýene sözüni dowam etdi. —Ýusup Soltangüle: «Kirli meşik» diýibem sögýä. «Seni nireden alypdyryn!» diýýä!
—Ogly bolanda Ýusup gaty begenipdir diýýäler, şol çynmyka? —diýip, Jemile gaýgy bilen sorady.
—Begenip näme, goýnuň guzlasa-da begenilýä-dä, Jemile jan —diýip, Ogulbike ýene Jemiläniň ugrundan turjak sözleri tapdy. —Ençe wagt çagasyz gezip ýören kişidir-dä. Begenen bolmagam mümkin. Ýöne biz-ä duýamzok şoň begenenini. Günüň-güni Soltangüle sögüb-ä dur şo! Soltangülüň öňki adamsyndan bolan çagasyny dagy eýýäm äkitdir-dä Soltangülüň ejesiniňkä. Öýünde sakladanok.
Bu habarlar Jemiläniň aladasyny birneme ýeňletdi. Ol yzyna göwrümi giň dolandy.
Gelip, ähli zady Döndä gürrüň berdi. Şeýdip, bu geplerem oba ýaýrady. Soň oba Soltangülüň Ogulbike bilen bogşanlygy hakdaky habar ýaýrady.
«Köpe gözi düşse, göwni açylar» diýip, Döndi Jemiläni toý bolsa alyp gidýärdi. Bir günem obadaşlarynyň biriniň toýunda Jemile bilmezlikde Soltangülüň ejesiniň ýakynragynda oturmaly boldy.
Ömrüni söwda-satyk bilen onda-munda geçirip ýören, ýüzi ýyrtyk Ogulgül Jemiläniň baryny görüp, gepini Ýusuba gönükdirdi:
—Kä heleý Ýusup jan Soltangüli gowy görenokmyş diýip, agzyny oňa-muňa urýar welin, şeý diýýänleň içiniň tütäpjik durany görnüp dur-a! Ýusup jan-a Soltangülüň kirinem ýuwýa, özünem suwa düşürýä. Saçynam ýuwup-darap, örüp berýä! Oguljygynam bir gowy görýä, bir gowy görýä welin, içine-bagryna dykaýjak bolýa. Agtyjagym hut Ýusup jana meňzäpjik dur!
Jemile Ogulgülüň sözlerini uzak diňläp bilmedi. Kellesine taýak degen ýaly bolup, toýdan turup gaýtdy. Ýusubyň öz saçlaryny daran pursatlaryny ýatlady. «Onuň saçlaryny-da hökman daraýandyr ol, hökman daraýandyr» diýip, ýolboýy aglap, özbaşyna gepläp gaýtdy. «Ýalan bolsa, gaýynenesi aýtmazdy». Ol Döndiniň ýanynda-da tä ýatýançalar şu sözleri gaýtalady oturdy:

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.