GURY AGAÇ (Ogulsenem Taňňyýewa) 7-nji bölüm
—Gaýynesi ýalan sözlemez, Ýusup Soltangülüňem saçlaryny hökman darap berýändir... Ol meňňem saçlarymy daraýady...
—Jan jigim, o heleý ýalan sözleýä, öz gyzyny öwmek üçin şeý diýýä. öz gyzynyň halanmaýanyny bilip şeý diýýä ol. Ogulbike bilen seniň eden gürrüňiň üçin, ar almak üçin diýýä ol! Ýusup seň saçlaryňy darasa-da, Soltangülüňkini daramaz. Onuň sypaty ýürek alar ýalymy! Saçy dagy näteňet! Ömür gulaklarynyň arkasyndan çogyp dur. Ýusup daraýan bolsa, saçlary şeýdip, gulaklarynyň arkasyndan çykyşar durarmy! Sen bolsaň owadan. Ýusup seniň saçlaryňy gowy görensoň darandyr.
Her zat diýilse-de, Jemile bu gezek ynanmady.
Jemiläniň aladasy, günüň-güni bir ýerden gep eşidip gelip, keýp bozmasy, Ýusuby unudyp bilmän dökýän gözýaşlary Döndini-de irizdi. Onuň gaýynenesidir adamsy-da Jemile hakda Döndä gaty-gaýrym zat diýmeseler-de, Jemiläniň öz öýlerinden girip-çykyp ýörmesini halamaýandyklaryny çytyk ýüzlerinden mese-mälim bildirýärdiler. Hatda adamsy birki gezek Döndiniň ýanynda: «Obada dili uzyn adam kän, Döndi. «Seniň-ä günüň geldi. Iki dogany-da öýüňde bileje saklap ýörmüň?» diýip, maňa degýäler» diýen ýakymsyz habaram agzady.
Bu sözler Döndi üçin ýeterlikdi. Gözýaş dökmeden haýyr ýokdy. Jemiläni öýden gidermelidi. «Ýöne nirä giderjek?» diýip, ol küýi-köçesi Jemile bolansoň, ol hakda birsyhly oýlanýardy. «Öweý eje bilen kakamdan-a oňa eýe bolan ýok. Olar öň ne gün görkezdiler bize. Önelgesiz aýal kime derkar?!»
Günleriň bir güni oba bir şum habar ýaýrady. Sary serhoşuň aýaly ýogaldy. «Türkmenlerde erkek kişi ýogalsa-ha aýala merhumyň kyrky geçenden: «Eger başga kişi bilen goş birikdirmek hyýalyň bolsa, rugsatdyr, gelin» diýlen söz hökman aýdylmalymyş, eger aýal ýogalsa, dul galan erkegiň hossarlary merhumyň kyrky geçenden kimdir biriniňkä gudaçylyga barmaly hem-de dul galan erkek kişiniň ýüreginde entekler öýlenme hyýaly bolmasa-da, aýal maşgala söz aýtmaly» diýlen.
Yryma salgylanyp, Sary serhoşuň hossarlary onuň üçin dul aýalyň idegine çykdylar. Olar başga obalary gözlemedilerem. Sary serhoşdan ýaşy juda kiçi bolsa-da, hatda onuň öz gyzlary bilen deň-duş bolsa-da, Jemilä gudaçylyga geldiler.
—Obada şondan başga dul barmy. Boý ýigid-ä seň önelgesiz jigiňi almaz. Ber-de goýber Sara. Deň-duşuny gözläp, ýat obalara çykaranyňdan, öz obamyza bereniň gowudyr. Her zadam bolsa, gözüň alny —diýip, Döndiniň gaýynenesi onuň gulagyny gazamak gazady. Sary serhoşuň hossarlary gelip gidensoň, iňirdäp goýmady.
Adamsynyň kir-çägi, öýüň işi bilen güýmense, belki, Ýusuby unudar, gözýaşlary gurar diýen niýet bilen Döndi ahyry Jemiläni Sary serhoşa bermäge razy boldy. Sary serhoşa barmaga Jemiläniň özem razy boldy. Sebäbi Sary serhoşuň öýi şähere gidilýän uly ýoluň gyrajygynda ýerleşýärdi. Şähere gidýänem, şäherden gelýänem Sary serhoşlaryň gapdaljygyndan geçýärdi. Jemile-de ol ýerde bolsa, Ýusuby günde iki gezek görüp biljegi hakda pikir etdi. Işe gidende-de, gelende-de synlap biljegi hakda pikir etdi. Döndiniňkide ýaşap ýörse, ol Ýusuby hiç wagt hem görüp bilmejegini bilýärdi.
Jemile özüniň Sary serhoşa beriljegine hatda begendem. Ony Sary serhoşuň içegenligem, ýaşynyň ululygam, gyzlarynyň özi bilen deň-duşlugam alada goýanokdy. Bu zatlar Jemile üçin gara şaýydy. Bu zatlar nähili bolanda-da Jemilä parhy ýokdy. Ol her gezek Ýusup Sary serhoşlaryň melleginiň gyrajygyna degip duran şa ýoldan ötüp gidende ony synlap galsa bolýardy. Ol şeýtmegi-de özi üçin uly bagt hasaplaýardy. Onuň Ýusuby görüp ýaşasy gelýärdi. Ýusupsyz düne onuň üçin gara tümlükdi.
Aýalynyň ýogalanyna üç aýa golaý wagt geçensoň, bir gije Jemiläniň başyna başatgyç atyp, Sary serhoşuňka getirdiler.
Sary serhoş Ýusup ýaly Jemiläniň saçlarynam oýnamady. Darabam bermedi. Ony nije ýyllar bäri düşelip-düşelip, depeşek bolup, gülleri tüýdülip ugran köne keçeleriniň üstünden ýazylan, sary giden düşekçäniň üstüne togalap goýberdi-de, özüne degişli işini berjaý etdi. Soň hem beýlesine düňderilip, harlap, uka gitdi.
Jemile üçin bu zatlaryň-da parhy ýokdy. Onuň göwnüne bolmasa, bütin synasy doňan ýalydy. Onuň duýgulary-da, damarlarynda at salmaly ganlary-da doňan ýalydy. Onuň diňe beýnisi pikir öwürmäge ukyplydy. Ýüregi bolsa sork-sork edip, sanjyp durdy. Ol diňe özüniň şu ýagdaýyny duýýardy. Galan zatlar bilen işem ýokdy. Onuň gapdalynda aňyrsyna bakyp, harlap, hor çekip ýatan Sary serhoş bilenem işi ýokdy. Ol haýsy tarapyna bakyp ýatanda-da onuň üçin atyň gulagy ýalydy. Ol gözlerini depesine dikip ýatyşyna Ýusup bilen geçen günlerini ýatlaýardy. Onuň göz öňünde diňe Ýusup gaýmalaýardy. Söen ýarynyň özüni bagryna basan pursatlary, bagtly eden pursatlary göz öňünden hatar-hatar bolup geçýärdi.
«Indem ol Soltangüli bagryna basýandyr. Onuň saçlaryny oýnaýandyr» diýip, birsyhly pikir öwürýärdi. «Soltangül oňa ogul-da dogrup beräýdi-dä» diýip, öwran-öwran gaýtalaýardy. Şeýdip ýatyşyna gözýaşlary ýaňaklaryndan syrygyp-syrygyp gidýärdi.
Sary serhoşuňkyda geçiren ilkinji gijesini Jemile uklaman diýen ýaly ugratdy. Ol irden ylgap daşaryk çykdy. Mellegiň içinde gezmeledi. Mellegiň köçä tarapky çetine kiçiräk depe ýaly edilip, gowaça çöpi basylgy durdy. Onuň gapdalynda-da tut çybygydyr ojar odunlary basylgydy. Odunlar hem-ä köçeden gelýän tozanyň durşy bilen mellekdäki göklerdir otlara siňmeginiň öňüni alýardy, hem geçen göz dikip geçmez ýaly, öýi ýolagçylaryň gözünden birneme gizleýärdi. Ýöne odunlaryň ýanyndan öten-geçeni welin, gowy synlap bolýardy. Özüň oduna duwlanyp oturaga-da synlabermelidi.
Jemile gowaça çöpünden basylan odunyň gapdalyna gelip oturdy. Şol wagtam onuň gulagyna uzaklardan tanyş maşynyň sesi geldi. Jemile ol maşynyň Ýusubyňkydygyny derrew tanady. Neneň ony tanamasyn, Jemile ol maşynda nijeme ýyllar öz Ýusuby bilen nije menziller sökdi! Beýnisine çalt uran: «Ýusup gelýä!» diýen habar ýüregini gopdurdy. Böküp ýerinden turdy. Ýoluň aňry başyndan Ýusubyň maşyny göründi. Jemiläniň nije ýyllar münen maşynjygy. Süýt reňkli ak «žiguli». Soň ol maşyn Jemiläniň gabadyna geldi. Maşyna seredip durşuna Jemile bir ýüregi ýarylyp ölmedi. Ýusubyň gapdaljygynda, öňler Jemiläniň oturan ornunda meşik ýaly bolup, Soltangül otyrdy. Özem eýýäm ers-mers bolan ogluny öňünde dik duruzyp barýardy. Çagajyk iki eli bilen zol maşynyň aýnalaryna oýun edip kakýardy. Ýusup bilen Soltangül hem zol ýylgyryşyp, çagajyga bakyp, bir zatlar diýişýärdiler.
«Hut maňa görkezmek üçin dik durzupdyr. Ýogsa gujagyna alyp gidende bolmaýarmy?!» —diýip, Jemile özüniň näme edýäninem bilmän, aglamjyrady. Bütin synasy bilen saňňyldady. Sandyraýan aýaklary göwresini götermedi. Özüni aşak goýberdi. Oturyp aglady. Ýüregini gowzudansoň, el-ýüzüni ýuwup, öe girdi.
Sary serhoşuň öýlenen ogullarynyň-da, durmuşa çykan gyzlarynyň-da öýi aýrydy. Kiçi ogly hem gelni bilen onuň gapdaljygynda ýaşaýardy. Sarynyň öýünde onuň çykmadyk kiçi gyzy Gül bolýardy. Öýüň ähli işini Gülüň özi edýärdi. Nahar-şoruň, syrym-süpürimiň kemini goýanokdy. Mal-gara Sary serhoş seredýärdi. Jemilä bu öýde iş-de ýokdy. Ol islese-hä, Güle öý işlerine kömekleşäýmelidi, islemese-de, uzakly gün oturybermelidi. Oňa öýdäkiler şeý diýip düşündirdiler. Jemile özüne diýlen zatlary diňlänokdy. Otyrdy. Onuň göz öňünde kiçijik eljagazlary bilen maşynyň aýnasyna urup barýan çagajyk hem-de biri-birinden beter bolup, çagajyga ýylgyryşyp bakýan Ýusupdyr Soltangül gaýmalaýardy. «Näme üçin Ýusupdan bolan ogly men gujagyma almadym? Näme üçin?» diýip, ol birsyhly pikir öwürýärdi.
Sary serhoş çaý-suw içip, işi üçin mellegine girenden, Jemile-de ýola çykyp, hiç kime nirä gidýäninem aýtman, Döndiniňkä ugrady. Täze adamsynyňka eltilenine bir günem geçmänkä yzyna öwrülip gelýän Jemiläni görenden, Döndiniň zähresi ýaryldy. Ol şol wagt gapylaryny süpürip ýördi. Döndi elindäki sübsäni taşlap, Jemiläni alyp, dessine öe girdi.
Jemile özüni ýere goýberip, aglap başlady.
—Irden gapdalymyzdan Ýusup geçip gitdi —diýip, agysynyň arasynda düşündirdi. —Maşynly... Gapdalynda-da Soltangül. Ogullaram bar. Eýýäm ol çaga-da ep-esli bolupdyr. Ýusubam ol çaga ýylgyryp seredýär...
Döndi Jemiläniň başyny göterdi-de, aýalary bilen onuň gözýaşlaryny syldy:
—Wah, Jemile jan, Jemile jan, şu zatlary aýtmak üçinem täze baran öýüňi taşlap, bärik gaýtdyňmy?
—Hawa —diýip, Jemile baş atdy. —Soltangülem ogluny gujagynda oturdaýman, maňa görkezmek üçin, hakyt öňünde dik durzupdyr...
—Wah, jigim —diýip, Döndi baş ýaýkady. —Soltangül seniň ol öýdeligiňi nireden bilsin! Sen geçen agşam gitdiň-ä olara. Bu arada Soltangül seniň Sara baranyňy nireden eşitsin! Ol çagasyny şeýdip ýöne saklaýandyr...
—Ýusubam çagasyny gowy görýän eken. Ýylgyryp barýa... —diýip, Jemile ýene uludan dem alyp, gamgyn pyşyrdady.
—Jemile, jigim jan —diýip, Döndi Jemilä ýalbaryp ugrady. —Sen çaga däl ahyry! Hemme zada düşünýäň. Indi boljak iş boldy. Ýusuby unut. Ol seniň üçin bütinleý ýat adam. Ol indi deňiňden nädip geçende-de, işiň bolmasyn. Beýdip ýörseň, ahyr kesel bolup ýykylarsyň sen. Düşün şuňa, jigim jan. Indi öz öýüň, gapyň bar. Hana, Gülem saňa Hudaýyň beren gyzy. Adamyň kiri-çägi bilen güýmen-dejik, akyllyja bolup gez, jigim. Menem, özüňem ile gep etme, jan jigim! Bolýamy?!
—Güli men hiç wagtam özüme gyz edinmen —diýip, Jemile gaharlandy. —Alla jan Ýusupdan çaga bermedimi maňa, indi hiç çaganam çaga edinmen men, arkaýyn bolaýyň.
Döndi aglap ugrady:
—Sen ölenem bolsaň, men şeýdip ýanmazdym, jigim jan. Ýa seniň ýananyňy görmez ýaly, men ölmeli ekenim!
Jemile Döndä:
—Sen bir aglamasana!—diýdi-de, gaýtmak üçin ýerinden galdy. —Men indi gaýdyp seniň ýanyňa aglap gelmen!
—Mert bol, jigim, başa gelenini çekeli —diýip, Döndi oňa ýene hoşamaý sözleri aýtdy. —Barybir Ýusup seňki. O dünede Ýusup diňe seniň bilen bolmaly. O dünede aýal-da, erkek-de diňe ilkinji nikalaşany bilen bolmaly diýýäler...
Jemile sesini çykarman gaýtdy. Şu sözlerem oňa birneme teselli berdi. Ýusup bilen ol dünede bile boljagyna-da begendi.
Ol gaýdyp gelende Sary serhoş ondan nirä gideninem soramady. Onuň üçin owadanja, baýdak boýly Jemile öz gapysyndan girip-çykyp ýörse bolýardy.
Jemile jaýyň bir burçuna dykylyp, öýläne çenli diňşirgendi ýatdy. Giç öýlänler onuň gulagyna ýene tanyş maşynyň sesi geldi. «Ýusup» diýen söz beýnisinde at çapdy. Ol hasanaklap galyp, odunlaryň ýanyna atyldy. Ylgap diýen ýaly baryp, oduna duwlanyp durdy. Ýusup geçip gitdi. Ýene-de Ýusubyň gapdalynda Soltangül otyrdy. Ýöne çagajygy bu gezek Soltangül gujagynda oturdypdyr. Onuň garaja saçly kellesiniň depesi zordan göze kaklyşyp gidýärdi.
«Seniň bagtyň meňkidenem beter gara bolsun, Hudaýym» diýip, Jemile Soltangüle gargynyp galdy. «Sen barmadyk bolsaň, Ýusup hiç kimem almazdy».
Bu gezek Jemile Ýusubyň geçip gidenini aýtmaga Döndiniňkä gitmedi. Ony gaýdyp gynandyrmak islemedi. Doganynyň gaýdyp gözýaş dökmegini islemedi.
«Bu gezeg-ä haram Soltangül çagasyny gujagynda oturdypdyr. Dik duruzmandyr» diýip, ol özbaşyna gepledi. Kimdir birine gürrüň berýän ýaly, sesli gepledi. Ellerini hereketlendirip-hereketlendirip gepledi.
Ikinji gije-de Jemile üçin öňki ýaly geçdi. Sary serhoş ony köne düşekçesiniň üstüne togalap, öz islegini kanagatlandyransoň, ýene tersine öwrülip, hor çekmäge başlady. Jemile bolsa tä daň atýança Ýusuby ýatlap hem gussa çekip, gözýaş dökdi.
Ertesi güni irden ol ýene Ýusubyň maşynynyň öňünden çykmaga ugrady. Bu gezek Ýusubyň maşynynda Soltangül ýokdy. Muňa Jemile diýseň begendi.
—Soltangül ýok eken —diýip, özbaşyna samrady.
Ol şeýdip, her gün Ýusuby synlady. Irden hem öýlän odunlaryna duwlanyp, Ýusubyň yzyndan seredip galýardy. Maşynda Soltangül bolan güni oturyp aglaýardy. Ýusubyň bir özi geçip gitse, begenýärdi. Soltangül bolsa-da, öz-özi bilen gepleşip, samraýardy. «Ol kemçin bar ekeni, ol kemçin bar ekeni» diýip, öýüne girýänçä gepleýärdi. Soň bolsa burça baryp, bir gysym bolup, düýrlenip ýatýardy.
Soňy bilen gyzlygy Gül oňa basdaşlyk edip ugrady.
—Öýüň bir işini edenok. Öňki ärini synlamaly bolsa-ha ökjesi ýeňleýär —diýip, ejeliginiň odunlara duwlanyp, Ýusubyň yzyndan garap galyşyny görüp ýören Gül bir gün Jemiläni kakasyna ýamanlady.
Jemile Güle Sary serhoşdan öň jogap berdi. Özem täze adamsyndan çekinibem durmady. Sebäbi ol iki tarapyny deňläpdi. Özüni öldüräenlerinde-de onuň üçin parhy ýokdy. Ýusupsyz ýaşaýyş onuň üçin gara şaýydy. Ol häzirem dünede Ýusubyň bardygy üçin ýaşap ýördi.
—Seň kakaňa diňe mellegiňiziň ýanyndan Ýusubyň ötüp-geçýänini görmek üçin geldim. Hyzmatyňyzy etmäge gelemok. Şu bolşumy halamasaňyz, äkidip geläýiň yzyma!
Sary serhoş Jemilä hiç zadam diýmedi. Ol özünden ýigrimi ýaş kiçi Jemiläniň söýgi hasratyna düşünip durdy. Onuň öz Ýusuby üçin däliligiň bosagasynda gezip ýörenine-de düşünýärdi. Jemiläniň häzir özünden gorkup, ýaşajyk hem söen adamsyny unudyp, özüni gowy görmejegini Sary serhoş bilýärdi. Ol durmuşa gowy düşünýärdi. «Ýaşy geçdigisaýy unudar Ýusubyny» diýip, Sary serhoş pikir öwürdi. Agşam bolsa ol içip-içip, lül boldy.
—Menem aýalymy hut seniň öz Ýusubyňy gowy görşüň ýaly gowy görýädim —diýip, Sary serhoş Jemiläniň özüni birjik-de halamaýanyna kemsinip, gürrüň gozgady. —Nätjek-dä. Muňa durmuş diýýäler. Türkmeniň: «El bilen düzedip bolmaýar» diýýäni şü, durmuş diýilýän. Onda seniň islemeýän zatlaryň boluberýä. Ine, durmuş ikimizem iň gowy görýän adamymyzdan aýyrdy, ýöne herimizi bir ýol bilen... Nätjek-dä! Alaç ýok. Adam barybir, ýaşamaly. Her zat etmeli, ýaşamaly. Ile goşulmaly...
Bu gije Sary serhoş samrap-samrap ýatyp galdy.
***
Durmuş öz akymyna akyp durdy. Günler Jemile üçin meňzeş geçýärdi. Ol her gün irden hem öýlän ýoluň gyrasyna ylgap baryp, Ýusuba seredip galýardy. Onuň üçin her gün şeýdip gaýtalanýardy. Kimler üçin üýtgeşiklik kändi.
Ýyl yzyna ýyl geçdi. Soltangül Ýusuba ýylda bir çaga dünýä inderip berdi. Oňa goşa ogul, goşa gyz dogrup berdi. Her gezek ilden Soltangülüň göwrelidigini eşidende, Jemile uzakly gün samraýardy. Hem aglaýardy. «Ine, ol ýene agyr aýakmyş. Ýusuba ýene bir çaga dogrup berer. Ýusup indi ony has-da gowy görer» diýip samraýardy. Soltangülüň çagasynyň bolanyny eşidensoň bolsa: «Onuň ýene çagasy bolupdyr» diýip, özbaşyna gepläp aglaýardy. Özem gün-günden işdäsi tutulyp, gurap barýardy.
Güli-de durmuşa çykaransoňlar, Jemile Sary serhoşuň çaý-naharyna özi seretmeli boldy. Ol her gezek odun getirip, ojak otlanda şatyrdap ýanýan odunlara seredip, samrar oturardy:
—Ine, şu ýanýan agaçlar men. Gury agaç bular. Bular ýanýar-da, küle öwrülýär. Külem döküp goýberýäler... Gury agaç... Gury agaj-a men... Soltangül bolsa öl agaç. Ol ýylda miweläp otyr... Şonuň üçin ol gerekli...
Soňy bilen ol radiodan eşidýän aýdymyny-da aýtmaga başlady:
—Öl agaçdan-eý hasyl öner,
Gury agaçlar ýanar-söner...
Däli döwran kime döner!
Geçdim ýana-ýana, begler...
Onuň ojakda ýanýan gury odunlara serede-serede, naharyny ýatdan çykarýan pursatlary köpeldi. Aýdym aýdýan wagty köpeldi. Ýusubyň maşynynyň yzyndan seredip geplemesem köpeldi. Soňabaka ol odunlara bukuljagam bolmady. Hut ýoluň gyrasyna baryp, Ýusuba arkaýyn seretdi. Ýusup ýany Soltangülli geçse, Soltangüle gargynyp galdy. Ýeke geçse, ýylgyryp galdy. Ýusup oňa tarap ýüzüni öwürmän geçip gidýärdi. Onuň beýtmesi, Jemilä has-da agyr täsir edýärdi. Bir wagt bu ýoldan ýöräp, ikisiniň gol tutuşyp, Aşgabada okuwa gidişini, okuwdan gelşini, şonda Sary serhoşuň aýaly bilen özlerini gözi gidip synlaýşyny ýatlaýardy. «Şol günler men nähili bagtly ekenim!» diýip, ol sesli gaýtalaýardy. «Indi bolsa men Sary serhoşuň öýünden Ýusup bilen Soltangüli synlap ýörün...»
Kellesi göçüp, naharyny ýakyp ýörensoň, Sary serhoş Jemilä nahar-şor etdirmänem goýdy. Onuň iýjek-içjegini gapdalynda ýaşaýan gelni taýýarlap berip başlady. Sary serhoş soňky günler Jemiläniň kellesiniň üýtgäp ugranyny duýup ýördi. Ýöne her zadam bolsa, has beterläýmese, ony kowmakçy däldi. Näme-de bolsa, ýeke ýatyp-turup ýörenden, gapdalynda garady.
Jemiläniň ýanyna birki gezek klasdaşy Gunça-da gezmäge gelip gitdi. Gunça bilen Allamyrat çagalar öýünden ogullyk aldylar. Ol eýýäm ýöreýärdi.
—Hana, Hudaý saňa-da çaga beripdir, maňa bolsa bermedi —diýip, Jemile tä Gunça gaýdýança şol bir zady gaýtalady oturdy. Gunça hernäçe: «Muny biz çagalar öýünden aldyk» diýip, düşündirse-de, Jemile düşünmedi.
—Saňa-da Hudaý beripdir, maňa bolsa bermedi —diýip, ýene şol bir diýenini gaýtalady.
Jemiläniň üýtgänini Gunça duýdy. Onuň halyna aglap-aglap gaýtdy. Öýüne gelýänçä aglady. Gelip, ýagdaýy Allamyrada aýtdy. Jemiläniň halyna Allamyrat-da diýseň gynandy.
—Hä, haramzada! Nähili gowy gyzyň ömrüni kül etdi! —diýip, öz ýanyndan Ýusuba sögündi. Ýagdaýa alaç tapar ýaly däldi. Şonda-da ol Gunça: «Agşam Ýusuby çagyr, men onuň bilen gepleşjek» diýdi.
Gunça Ýusubyňka dessine gitdi-de, Allamyradyň çakylygyny aýdyp gaýtdy.
Ýusubyň Allamyradyňka Soltangülüň yşgyna düşüp ýören wagty gelip gidişidi. Ol Allamyrat bilen gatnaşanokdy. Ondan çekinýärdi. Allamyradyň Jemiläni ýatladyp, käýejeginden çekinýärdi.
Soltangülüň öz öýüne yzly-yzyna ogulmydyr gyz bäbekleri hatarlap getirip oturmagyna gyzyp, soňy bilen Ýusup toý-ýas bolmasa, hiç kimiňkä-de gidip durmady. Çagalar iz-de-izdi. Soltangül-ä zordan arlyk ýuwup ýetişýärdi. Daşyna siňek gonduryp otyrdy.
Gepçi aýallaryň aýdyşy ýaly, Ýusup Soltangülüň arlygyn-a ýuwanokdy. Ýöne galan işini welin edýärdi. Öýi süpürip, düşeklerinem kakýardy. Nahar-da bişirýärdi. Onuň Soltangülüň hyzmatynda şeýdip ylgaýşyny görse dagy Jemiläniň ýüregi duran ýerinde çat açjakdy. Onuň bu zatlary görmeýänem bir gowudy.
Ýusup Soltangülüň hyzmatyndan gaçmady. Ol şeýle bir çaga mährine suwsapdy welin, Soltangülüň kiri gözüne görnenokdy. Özüne gyz ýerine gyz, ogul ýerine ogul dogrup berýäni üçin ony diýseň gowy görýärdi. Ol gijelerine Soltangül ukusyny gowy alyp bilmedik wagty sallançak üwräbem çykýardy. Ol öz maşgalasynyň keşigi bilen ýaşaýardy. Soltangül oňa Jemiläniň Sary serhoşa berlendigini aýdan güni keýpi bozulmanam durmady. «Şol ýaşy bilen özünden şeýle kiçi maşgalany nädip alyp bildikä, haramzada!» diýip, Sary serhoşa gaharlandy. Özüni kemsidilen ýaly duýdy. Soňam: «Özüň-ä taşladyň, indikiň näme!» diýip, öz-özüne käýindi. Jemiläni özi kowsa-da, Ýusup üçin ol hiç kime barman gezäýse kem däldi. Ol özüniň owadanja Jemilesini başga bir erkegiň bagra basaryny islänokdy. Jemile başga kişä bararam öýdenokdy. Baryp biler öýdenokdy. Onuň birdenkä özi bilen deň-duş kişä-dä barman, kakasy bilen ýaşytdaş Sary serhoşa aýal bolup barmasyna Ýusup nähili düşünjegini bilmedi. Dogrusy, haýran galdy. Bu habar onuň üçin tomsuň güni ýyldyrym çakandan enaýy bolmady.
Soň çagalaryň gyk-bagy, öýüň aladasy bilen kem-kemden Jemiläni unutdy. Jemile onuň üçin günsaýyn ýat adama öwrülip ugrady.
Ol Gunça gelip gidensoň, agşama-da garaşman, eýýäm dört ýaşyny dolduran ogly Maksady gapdalyna mündürip, maşynyny otlap, Allamyradyňka ýöneldi. Agşama garaşmaga takady ýetmedi. Ýüregi bir zat syzýan ýaly boldy.
Ýusup baranda Allamyrat daşarda üzümiň kölegesine atylan düşekde ogullygyny dyzyna mündürip, çaý içip otyrdy.
Ýusup Maksatjygy maşyndan göterip düşürdi. Soň Allamyradyň ýanyna baryp, oňa elini uzadyp, sessiz salamlaşdy. Mürähet edilmezden, düşege geçip oturdy. Ogluny gujagynda oturdyp, misli, «Men oglumy has gowy görýän» diýýän ýaly, onuň saçlaryny sypap, ýaňagyndan ogşap goýberdi. Soňam Allamyrada ýüzlendi:
—Çagyran ekeniň. Aýdyp otur.
—Sen Jemiläni ýakdyň, Ýusup, ýakdyň —diýip, Allamyrat baş ýaýkady.
—Şondan başga gürrüňiň ýokmudy?
Ýusubyň gaharly nazaryndan onuň Jemile hakda gürrüň gozgalmagyny halamaýanyny mese-mälim duýup bolýardy. Şeýle-de bolsa, Allamyrat ondan çekinmän dowam etdi:
—Men Jemile hakdaky gürrüňimi hiç wagt goýman! Sebäbi ol aladasy edilmeli adam. Eger sen öýlenmedik bolsaň, ol beýle betbagt bolmazdy!
—Seň aýdýanyň näme, Allamyrat! —diýip, Ýusup barha gaharlandy. —Şony başga kişi alanam bolsa, çagasy bolmasa, kowardy. Men günäkär däl-ä onuň önelgesizligine!
—Başga biri alan bolsa, belki, kowmazdy. Jemiläni bagtly ederdi. Ine, men Gunça bilen ýaşaşyp ýörün-ä! —diýip, Allamyrat öz sözüni gögertmäge çalyşdy.
—Seň ýaly tapylarmydy, tapylmazmydy —diýip, Ýusup sesini peseldip, ýer dyrmalady.
Allamyrat Ýusubyň gözlerine dikanlap seretdi:
—Betbagtlyga uçrajak bolup duran adamy bagtly etmek lykmy eýsem?! Häzir men Gunçany seniň Jemiläni kowup goýberişiň ýaly, urup-enjip kowup goýbersem, ol seniň Jemiläňden gowy güne düşermi?!
—Gunçany kowmanyň üçin seniň özüň betbagt bolup galypsyň —diýip, Ýusup hem öz pikirinden dänmän gepledi. —Dogry, seniň-de ogluň bar. Ýöne ol seniň ganyň däl, seniň nesliň däl, başga biriniňki...
Allamyrat Ýusubyň sözüni böldi:
—Belki, şeýle-de bolsa, seniň ogluňdan meňki has mährem bolup ýetişer... Goý, bularyň nähili adam bolup ýetişjekleriniň gürrüňinem etmäli. Ýöne il meň ogullygyma-da «Allamyradyň ogly» diýer... Bularyň ogullary bolsa ýetişen halatlary Allamyrat bilen Ýusuby ýa ýatlarlar, ýa ýatlamazlar. Adamzat nesli şeýle dowam edýä. Ýadyňda bolsa, saňa bu zatlar hakda men öňem aýdypdym...
Allamyradyň sözleri Ýusuby birneme pikire batyrdy. Allamyrat dowam etdi:
—Ine, şonuň üçin men-ä çaga sebäpli özüňe ýürek beren bir naçary betbagtçylyga itmek adamkärçilik dälmikä diýýän. Dogrusy, özüm-ä Gunçany gowy gördüm, häzirem şol, öňkim ýaly gowy görýän. Onsuz ýekeje günem ýaşap biljek däl. Atasy öýüne gezmäge gitse-de, köçä çykyp durýan. Meniň üçin-ä Gunçasyz durmuş durmuş däl. Senem Jemiläni nähileler gowy görýädiň, Ýusup! Nädip onsuz gijeleriňi geçirip bilýäň?!
—Men aýaldan çagany gowy görýän!
—Jemile seň üçin ýöne bir aýal däl. Ol seniň ýüregiňe ilkinji bolup ornan söýgiň ahyry! Söýgiňi terk edip, nädip ýaşap bilýäň sen?!
—Ine, meniň söýgim! —diýip, Ýusup gujagynda oturan oglunyň saçlaryny sypap goýberdi.
—Bir wagt menem, senem kakamyz şeýdip, gujaklaryna alyp, guwanandyrlar. Ýöne bizden olara näme haýyr bar?! Ine, ýetişdigem-dä! Azarymyz ýetmese, haýrymyz ýetenok. Çaga guwanma-da adam üçin salgym ýaly bir zat. Salgyma kowalaşypjyk ötmeli... Çagasyndan razy bolup ötýän adam näçekä şu dünede?! — Allamyrat ýene Ýusubyň göni göreçlerine seretdi.
—Sen maňa näme diýjek bolýaň? —diýip, Ýusup onuň hörpüni aňman sorady.
Allamyrat agras gepledi:
—Jemile däliräpdir...
Bu habara Ýusup tisginip gitdi. Ýüzi ýedi ýuwlan ak esgi ýaly boldy. Ýüregi gorkuly dükürdedi.
—Wah-eý... —diýip, bu habara çyny bilen gynandy. —Näme bolduka oňa? Adamsy bir zat etdimikä ýa?
—Ol seni nähili gowy gördi! —diýip, Allamyrat ýene gaharlanyp ugrady. —Ol seniňem özüni gowy görýäniňe ynandy. Seniň özüni Soltangülçe görmän goýbereniňi çekip bilmändir ol. Gunça baryp geldi ýanyna. Diňe seniň adyňy agzap otyr diýýä. «Ýusup meni kowup, Soltangüli alaýdy» diýip, Gunça gaýdýança müň gezek agzapdyr...
—Be... Ol-a bolmandyr-aý... —diýip, Ýusup keýpini gaçyryp, uludan demini aldy. —Men beýle bolar öýdüp pikirem etmeýärdim...
—Pikir etmeseňem, şeýle iş-ä bolupdyr —diýip, Allamyrat gama batyp, agraslandy.
Ýusuby az salymlykça wyždany diýseň horlady. Onuň Jemile bilen bolan bagtly pursatlary ýadyna düşdi. Jemiläniň müň-näz-kereşme bilen gülüp-oýnap, durmuşyny ala-ýaz eden halatlary göz öňünden geçdi.
—O görgülini indi näderkäler, dost?! —Şeý diýip, Ýusup Allamyradyň ýüzüne bakdy.
—Bilmedim —diýip, Allamyrat uludan dem aldy. —Belki, keselhana salarlar... Ýöne oňa bejergi haýyr edermikä? Oňa diňe sen gerek, Ýusup! Häzir sen Soltangüli atasy öýüne eltäge-de, Jemiläni ýanyňa alsaň, ol göni sagalar. Sen ony beýdip taşlama!
Ýüregi awasa-da, Ýusup akyly üýtgän Jemiläni öýüne äkitmek hakda pikir edip bilmedi. Ol hatda öz akylynda däl adamlar hakda gürrüň eşitmegem halamaýardy. Bu zatlara ýüregi bolanokdy. Jemilä hem ýüregi awady, hem ondan gorkdy. Allamyrada näme jogap berjegini bilmedi. Üstesine-de, indi Jemiläniň başga adamsy bardy. «Ikinji äre giden aýalyny yzyna ýygnan türkmen heý, görlüp-eşidilen zatmydyr» diýip, Ýusup pikir öwürdi. Içki pikirini daşyna çykardy:
—Onuň adamsy bar ahyry, dost! Men ondan heý, Jemiläni diläp bilerinmi! Ol meniň kellämi almazmy!
—Ýagdaýy adamkärçilikli düşündirseň, düşüner. Akyly üýtgän aýal bilen ýaşamak Sary serhoşa-da ýeňil düşüp durmaz. Ol belki, ony kowjak bolup ýörendir. Seniň özüň barma-da, onuň ýanyna adam iber. Jemiläniň bu ýagdaýa hut sen sebäpli, senden aýrylanlygy sebäpli düşendigini aýtmaly oňa.
—Bu zatlara Soltangül razy bolarmyka? —diýip, Ýusup alada galdy.
Ýusubyň sözlerine Allamyradyň gany depesine urdy:
—Soltangül näme bolsa şol bolsun! Ol asla seniň deňiň däl! Gynansagam, bu dünede şoň ýalylar bagtly bolýar!
—Deňim bolmasa-da, ol meniň çagalarymyň ejesi ahyry!
—Ol seniň çagalaryňa eje bolmaga-da mynasyp däldi. Ýöne onuň maňlaýy güýçli eken. Ondan beýle gorkýan bolsaň, ýalbar-da, ýagdaýy düşündir. Iň bolman klasdaşlygyň hatyrasyna ol seniň Jemile bilen gaýtadan ýaşaşmagyňa razylyk bersin. Ol senden aljagyny aldy. Goý, biraz atasy öýünde ýaşasyn. Sen bolsaň, halys aýrylyşyp bilmeseň, Soltangülüňem ýanyna gatnaber.
—A biri «Iki aýally» diýäge-de, hökümete ýamanlaýsa näderin?! Işimden-ä aýrarlar.
—Ony ýamanlanan çagyň göräýmeli bor.
—Bir ýamanlanaňsoň, düzedip bolarmyka? —diýip, Ýusup alada galdy. —Işimden kowmasalar...
Ýusubyň bolşuna Allamyradyň içini it ýyrtdy. «Be, munuň özüni gowy göräýşini» diýip, gahar bilen oýlandy. «Indi bildim munuň näme üçin Jemiläniň aladasyny etmän, diňe öz gaýgysyny edenini. Özüni gowy görýän adamlar hiç wagt başganyň aladasyny edip bilmez!»
—Ow! Jan dost! Sen işiň aladasyny edýäň, bir bendäniň seň üçin ömri zer-zaýa bolup dur-a! Ýüregiň awanokmy-how bu zatlara! —diýip, Allamyrat ýene Ýusubyň üstüne gygyrdy. —Beýtme ahyry ony!
Ýusup gaýtmak üçin ýerinden galdy. Allamyradyň gaharyna gahar bilen jogap gaýtarmaga çekindi. Sebäbi bu wagt myhman hatyrasy üçin Allamyradyň öz gaharyny zor bilen içinde saklaýany mese-mälim bildirip durdy. Onuň gözlerine gan öýüp, gahardan gögeren dodaklary titreýärdi.
—Men entek pikirlenip göreýin —diýip, Ýusup maşynyna münensoň, Allamyrada jogap berdi.
Ol öýüne gelenden, maşynyndan düşüp, içeri girdi. Ýassyga bagryny berip, pikire çümdi.
Ýusubyň aladaly ýüzünden bir gepiň baryny aňan Soltangülem onuň ökjesini sydyrdyp, içerik girdi-de, myşlap, agyr göwresini ýere goýberdi.
—Näme boldy? —diýip sorady.
—Hiç zat —diýip, Ýusup başynam galdyrman jogap berdi.
Soltangül bu jogap bilen kanagatlanmady:
—Keýpiň-ä ýok. Ýüzüň-gözüň aýdyp dur.
Ýusup ýagdaýy Soltangülden gizläp durmady:
—Jemile däliräpdir.
—Hih —diýip, Soltangül bu habara birbada allaniçigsi boldy. —Daş edewersin, daş düşen ýerinde ýatsyn —diýip, soňam mydama açyk, bagjyksyz ýakasyna birki gezek tüýkürdi. Birdenem, Ýusubyň gamgyn bolmasyny halaman, gabanjaňlyk duýgusyna özüni aldyryp jedirdedi. —Asyl, söýgülijigiňe nebsiň agyryp, keýpiň ýok diýsene! Meň üçinem şeýdip, keýpiňi bozarmykaň sen!
—Onuň däliränini menden görýäler. Meniň kowanlygymdan görýäler! —diýip, Ýusup gamgyn gepledi.
—Ah-eý, aslynda, tohumynda bir dälilik bardyr-da, ýogsa, heý, ärinden aýrylany üçinem bir aýal dälirärmi! Heý, eşidipmidiň şeýle zady? Јrinden aýrylyp ýören aýal-a kän şu zamanda. Onuň bolup ýörşi öňem bir saga meňzeş däldi. Başyna ýaglyk bogup, şo-ol ot daşamadan başga zady bilmezdi. Heý, ile goşulanyny görüpmidiň şonuň? Öýümdäkiler öldürýänem bolsa, men-ä ullakan gyz halyma ot daşamazdym... Kim bilýä, öweý ejesi urup-urup, kellesine zeper ýetirendir-de, ol indi bildirýändir...
Soltangülüň sözleri Ýusuby ymykly oýlanmaga mejbur etdi. Ol: «Dogrudanam, şeýle bolaýmasyn» diýip, pikire batdy. «Dälilik ýedi arkasynyň birinde bolýanam bolsa, geçip biler-ä nesle!» Birdenem, ol bütin ýaşaşan wagtynda onda dälilikden nyşan görmändigi hakda oýlandy. Näme edip, näme goýjagyny bilmedi. Başy çaşdy.
—Hany, «Seň üçin däliredi» diýip, kim aýdýan bolsa, şoň salgyny ber maňa! —diýip, Soltangül iki elini ýere diräp, myşlap, ýerinden galdy. Adam kellesiniň ululygyndaky göwüslerini titredip, çaýkanjyrady. —Eddil meýdini ýakyp geleýin şonuň!
Ýusup oňa jogap bermedi.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.