Çagalygymyň sezasy (Ogulsenem Taňňyýewa) 2

Kakamyň diýseň gowy görýän Abdylla atly bir dosty bardy. Adamlar ýaşytdaş bolmasalar-da, elbetde, biri-birlerini sulhlary alyp, dostlaşaýýandyrlar-da. Men şol wagtlar kakam bilen onuň Abdylla dostunyň ara tapawudyny saýgaryp durmazdym. Ýöne Abdylla kakamyň kakamdan ep-esli kiçidigini duýýardym. Sebäbi kakamyň eýýäm üç çagasy bardy. Abdylla kakamyň bolsa ýekeje. Özem ol bäbekdi.

Ýakyn garyndaşymyz bolmasa-da, mydama kakam bilen gowy gatnaşykda bolansoň, biz Abdylla «Abdylla kaka» diýip ýüzlenerdik.

Abdylla kakam uzyn boýly, agajet ýigitdi. Näsaglygyndanmy-nämemi, ýüzünde gan-pet ýokdy, duw-akdy. Özem yraň-daraň edip, zordan ýöreýärdi. Süýji dillidi. Mylakatlydy. «Jigilerim» diýip, bizi diýseň gowy görerdi. Başymyzy sypardy.

Onuň aýaly Selbinýaza-da biz «gelneje» diýip ýüzlenerdik. Ba-aý, Selbinýaz gelnejemiň owadanlygyny diýseňiz-läň! Garry aýallar ol barada: «Ýüzüne siňek gonsa bozuljak» diýip gürrüň ederdiler. Biz—çagalar bolsak, oňa seredip-seredip doýup bilmezdik. Çaga aňymyzyň ýetişidir-dä, «Myglaşyp, ýürege düşüp duran siňekleriň biri bir Selbinýaz gelnejemiziň ýüzünde saklanaýmabilseýdir» diýip alada galardyk.

—Ýüzüne siňek gonsa, Selbinýaz gelnejemiziň owadanlygy ýitermi, eje?—diýip, bir gezek men ümbilmezlikden ejemden alada bilen soradym hem.

Şonda ejem hem, kakam hem hezil edip gülşüpdiler. Degişmegi gowy görýän kakam loh-loh gülüp oturyşyna maňa degdi:

—Hökman ýiter, gyzym! Şonuň üçin joralaň bolup üýşüň-de, gelnejeňiziň siňegini kowaweriň!

—Çaganyň eňter-pelegini ters öwürmesene!—diýip, ejem gülüp oturyşyna kakama igenen boldy.—Gepe düşmez-ä bi entek. Näme diýseň, etmänem durmaz.

Soňra maňa ejem «Ýüzüne siňek gonsa bozuljak» diýmegiň has owadan maşgala diýmek bolýandygyny ýanjap-ýanjap düşündiripdi.

—Selbinýaz gelnejeňi Mamur eje gözläp-gözläp, gyzlaryň içinden saýlap-seçip tapypdyr—diýipdi.—Şonuň üçinem ol nähili owadan!

Mamur eje Abdylla kakamyň ejesiniň ady. Onuň çyn ady Mamanurdy. Ýöne aňsadyna bakýarlarmy-nämemi, her kim oňa «Mamur eje» diýäýerdi.

Mamur eje diýseň daýawdy. Melleginiň bar ýerini depip çykardy. Dürli-dümen ekin ekerdi. Kolhoz işine-de giderdi. Malyna-da serederdi. Selbinýaz gelnejem diňe öýüň biş-düşi bilen bolardy. Galan ähli iş Mamur ejäniň boýnunady. Abdylla kakam hiç bir iş etmezdi. Kakam: «Onuň ýarawlygy ýok» diýip, häli-şindi ejem bilen ol hakda ýürek awudyp gürrüň ederdi. Abdylla kakam uruşdan şeýle bolup gelipdir. «Ölmän gezse bolýa. Ýeke balam» diýip, Mamur eje-de häli-şindi kakamyň ýanyna gelende, Abdylla kakamy alada edip gözýaş dökerdi.

«Hiç zat bolmaz, päliňi düzüw tut. Onça adamlar gezip ýör-ä» diýip, kakam Mamur ejä göwünlik bererdi.

Ýöne hernäçe göwünlik berilse-de, niýet gowa düzülse-de, Abdylla kakam uzak ýaşamady. Aradan çykdy... Şonda onuň ilkije perzendi Gülälek oturyp hem bilmeýän bäbekdi...

Beýle-beýle zatlaram bolar eken. Agyr-agyr pürsleri göterip ýören ganar-ganar atlary daşap ýören, pil-kätmeni egninden düşürmän ýören Mamur eje Abdylla kakam jan berenje pursadyndan ýerinden galyp bilmändir. Şoldur-da-şoldur, dag ýaly ene garry göhert kimin gara ýere çökdi-de, gaýdyp boýuny dikläp bilmedi. Otura boldy. Bütin syna lagşady, aýaklar ysmaz boldy. Ol iç-daş çykanda-da, misli aýak bitmedik çagajyk ýaly, süýşenekläp hereket edýärdi. Bosagadan emedekläp geçerdi.

He-eý, ynsan balasy! Sen nähili mert hemem namart! Indi-indiler düşünýän. Ýalňyz gerçegiň yzynda ölmän galyşyň-a mertlik seniň, ene! Köpler tap getirip bilmez beýle ölüme! «Beýdip gynanja halys özüňi aldyraýmaly däl ahyry, Mamur eje! Seniň kimin pälwan aýallar üçin namartlyk dälmidir bi, gal ýeriňden!» diýip, onuň ýanyna gynanç bildirip gelýän daýzalaryň şu sözlerini ýatlap, başymy ýaýkaýaryn. Meniň özüm-ä beýle ýagdaýda galan adama näme diýip boljakdygy hakda henizem pikirimi jemläp bilemok. Şol wagtam tapmazdym diýmäge sözi. Mamur ejäniň gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp: «Wah, yzynda oguljygam galmady-da!..» diýýän sözleri gulagymda ýaňlanýar...

Hemme zat şondan soň başlandy. Bütin oba ýer süýşen ýaly bolup, Mamur ejäniň halyny sorady. Selbinýaz gelnejemleň obasyndanam adamlar gelýärdiler. (Ol başga obadandy). Ýöne her zat edeniňde näme! Gynananyň bilen giden gaýdyp gelýärmi diýsene!

Hernäçe gynanylsa-da, her kimiň öz öýi-işi bar. Öz keşik-aladasy bar. Haçana çenli il gapyňy alyp oturar!

Gün dolandy, aý aýlandy. Mamur ejelerden il-günem çekilişdi. Indi olara hiç kim gelmeýärdi. Diňe meniň kakam bilen ejem baryp gaýdardy. Ejem meni, köplenç, olarda galdyrardy. «Selbinýaz gelnejeň bäbegine serediş! Mamur ejäniň gerek-ýaragyny äber!» diýibem tabşyrardylar.

Galsamam galýardym welin, ol öýde oturaýmak meniň üçin diýseň hupbatdy. Gaýyn-gelin iki bolup gözýaş dökýärdiler. Bäbejigem birsyhly aglaýardy. Çaý-çöregi ortaalsalaram, gaýyn-gelin gözýaş bilen iýerdi. Mamur ejäniň süýşenekläp daşaryk çykyp gelşini dagy biperwaý synlar ýaly däldi. Diýseň ýürekgysgynçlykdy. Her zadam bolsa, Mamur ejä ýüregim awansoň, men çydajak bolup çalyşýardym. Özüme diýseň zor salýardym.

Şeýdip, biz ýeňsesinden itip-itip, bir ýyly ötürdik. Gülälegem indi oturyp, emedekläp bilýärdi. Käte durak-duragam bolýardy. Mamur eje ýarawsyz bolansoň, gün dolamak üçin kolhoz işine Selbinýaz gelnejem gidip başlady. Ol bäbeginem ýany bilen alyp giderdi. Bir ýylyň içinde ol görgülijigiň gül ýüzi soldy. Başynda mydama köne başatgyçdy. Maňlaýyny solup giden ýelýyrtan bilen daňýardy. Köýnekleri gözilginç solakdy, könedi...

Selbinýaz gelnejem işden gelýänçä, Mamur ejä doganlarym bilen men göz-gulak bolýardym. Meniň özümden uly gyz hem oglan doganym okuwa giderdi. Men heniz gidemokdym. Doganlarym okuwdan gelýänçä, Mamur ejäniň ýanynda bir özüm bolýardym. Doganlarym gelenden soň bolsa, hemmämiz bileje oýnardyk. Biziň jagyl-jugul sesimize mamur eje-de açylyşardy. Oýnumyza hezil edip serederdi-de, arasynda-da seresap bolmagymyzy sargap, häli-şindi duýduryş berer oturardy. Gülküli hereketlerimize ýylgyrardam görgüli. Nätsin-dä adam pahyr! Onuň ýasalyşy şeýle-dä! Oňa gülkem berlipdir, agam, gerek ýerinde ýylgyrmasa-da bolanog-a!

Birden üýtgeşik bir wakaýüze çykdy. Bu biziň barymyz üçin tomsuň güni ýyldyrym çakan ýaly boldy. Selbinýaz gelnejemiň üst-başy täzelenip başlady. Başatgyç düýrlenip zyňyldy. Ol döwürde köp maşgalalara toýda-da ýetdirmeýän «bäşgülli» diýilýän gyrmyzy reňk ýüpek hytaý gyňajyny Selbinýaz gelnejem işe oranyp başlady. Egnine-de ýüpek keteni, başga-da dürli-dümen täze matalardan geýniberdi. Ýüzi açylyp, keýpi barha göterildi. Sähel zada jakgyldap gülýärdi. Hemmeleriň daň atanda gidip, gün batanda öýüne köwlenýän işine islän wagty gidýärdi, islän wagty gelýärdi. Sähel eli sypyndygam, şo-ol öýüni süpürer ýörerdi. Bir süpüreni bilen goýmazdy. Günde iki-üçem süpüribererdi. Ýekeje owuntyk gaçsa, süpürip çykardy. Biziň girenimizi diýseň halamazdy. Gaşlary çytylýardy. Onuň hor düşen sypatam ýene öňki kaddyna geldi. Barha görklendi. «Bäşgülli» seçekli gyňajynyň üstünden «gije-gündiz» ýaglygy-da maňlaýyna daňyp, ýalpyldar ýörerdi.

Abdylla kakam ýogalaly bäri, Mamur eje Selbinýaz gelnejemiň tamynda bolardy. Soňabaka Selbinýaz gelnejem «Ysy bar» bahanasy bilen Mamur ejäni ýene öňki köneje tamyna geçirdi. Hatda öz tamy bilen onuň tamynyň daşky işigi-de görünmez ýaly, dokalan gamyş kepbe gerip, aralygy bekledi.

Gelniniň üýtgäp ýörşünden bir many gözledimi-nämemi Mamur ejäniň keýpi barha gaçýardy. Selbinýaz gelnejem şowurdap duran täze köýnegini pasyrdadyp, gabadyndan her ötüp-geçip gidende, uludan dem alyp, oňa mölterip bakýardy. «Abraý bereweri, alla jan!» diýip pyşyrdaýardy.

Günleriň bir güni kakam bir ýerlerden dutar tapyp geldi. Gowy çalyp bilmese-de, uzakly gün bimany tyrňyldatdy oturdy. Tiňňildisiniň ýany bilenem: «Nirde mekan tutduň, gardaş Abdylla-a!» diýip, aýdyma gygyrýardy. Şol aýdymy öwrenjek bolup, azara galýana çalym edýärdi. Şol aýdymy aýdýarka, kakam misli aglaýan ýalydy. Onuň zaryn owazy şindi-şindilerem gulagymda ýaňlanyp dur... Kim bilýär, şol wagt ol hut aglap, ýigitkä solan dosty sebäpli kalbyna çöken gam-gussasyny egsendir. Hut şeýtmek üçinem dutar getirendir.

Ol gygyryp-gygyryp, käte hem bir elini maňlaýyna diräp, pikire batýardy. Menem onuň maňlaýyndan aýrylamokdym. Kakasy dutar çalanda, kimler gowy görmeýär!

—Öwez!—diýip, goly dutarly kakamyň ýanyna gelende, ejemiň ýüzi-gözi üýtgäp gitdi. Tiňkesini dutara dikip gepledi.—Näme dutar öwrenäýsem diýýämiň?!

«Hawa» ýa «ýok» diýmek kyn zatmyka?! Ýa-da şol wagt kakamyň gaharynyň has möwjän çagymyka?! Ol ejeme dogry jogap bermedi-de, azgyryldy:

—Hemme zadyň arasyna sokulyp ýörmezler! Öwrensem, öwrenerin, öwrenmesem, ýatar!

—Birinden aldyňmy?—diýip, ejem özüni düşegiň üstüne goýberip, ýene dutara nazaryny aýlap sowal berdi.

—Näme edemde saňa näme!—diýip, kakam ýene azgyryldy.

Ejem bir salym öýkeli halda dymdy. Soňam ýene pyşyrdady:

—Şol bir aýdyma gygyryp otyrsyň...

Bu gezek nämüçindir, kakam elindäki dutar bilen tas ejemiň maňlaýyna ýelmäpdi.

—Ugra! Senden zat soralanok!—diýibem, bokurdagyna sygdygyndan ejemiň üstüne gygyrdy.—Siz aýallarymy!.. Dünýä inderene nälet!

Ejem nalynjyrady:

—Mende näme günä bar! Kime gaharyň gelýän bolsa, şoňa diý!

—Sem bol!—diýip, kakam birsyhly gykylyklady.—Günäsizligiňiz ýanyňyzdakynyň diriligindedir... Kim bilýär, Selbinýaz ýaly ýalňyz galan halatyňyz haýsyňyzyň günäli, haýsyňyzyň günäsiz boljagyňyzy!

Ejem gaýdyp sesini çykarmady. Daşaryk çykyp gitdi. Menem onuň yzy bilen çykdym. Ejem tamyň arkasyna baryp, ellerini ýüzüne tutdy-da, başyny ýaýkap, pessaý ses bilen aglady:

—Garamaňlaý ýigit ekeniň sen, Abdylla, öňde-soňda bagtdan nyşansyz ekeni-iň!..

Indi-indiler pikir edýän welin, kakamyň şol günki gahary Selbinýaz gelnejem sebäpli eken...

Ejem aglap otyrka, kakam hem daşaryk çykdy. Ol biraz salym hyrçyny dişläp, aglap oturan ejeme seredip durdy. Soň bolsa:

—Seniň bir oglanyňy!—diýip, kimdir birine sögündi. Epeý-epeý basyp, mellegiň aňrybaşyna ugrady. Gidip barşyna-da ýene hüňürdedi.—Agşam düşse bolýa, kelläňi alaryn seniň!

—Gyw!—diýip, ejem ýerinden zöwelip, agy gatyşykly sesi bilen kakamyň yzyndan gygyrdy.—Indi senem gitjekmu-u çagalaňňy dökü-üp! Başlyk her kimiň iýjek aş-a däldir-u-u!

Men bu bolýan zatlara hiç düşünemokdym. Hem haýran galýardym. «Abdylla kakamyň ýogalanyna bir ýyl gowrak wagt geçdi. Onda-da näme üçin ejem onuň adyny tutup aglaýarka? Kakam kimiň kellesini aljak bolýarka?» diýip oýlanýardym. «Ýa-da kakam ejemi öldüräýjek bolýarmyka?» diýen pikir kelläme gelende, ýüregim ýarylara geldi. Ýöne öňem aglap oturan ejeme azar bermejek bolup, ondan hiç zat soramadym.

Ejemiň özi agysyny goýansoň, meniň ýanyma geldi. Biriniň eşidäýmeginden ätiýaç edýän dek, töweregine ýaltaklap pyşyrdady:

—Nunna jan!—Ejem dagy, köplenç, meniň adymy şeýle tutýardy.—Bar, gyzym, ylga kakaň yzyndan. Nirä barýa, näme gep-gürrüň edýä, bil. Soňra maňa aýdarsyň!

***

Men süňňi ýeňiljek çaga bolamsoň, bökjekläp kakamyň yzyndan derrew ýetdim. Kakam ýüzüme gaňrylyp seretse-de¸maňa «gal» diýmedi. Belki, meniň Mamur ejä göz-gulak bolup, iki arada ylgap ýörenim üçindir, ol meni ejem özi üçin ugradandyram öýden däldir.

Gülälek öýüň bir burçunda jugurdap, öz dilinde bir zatlar diýip, oýun edip ýatyrdy. Aýajyklaryny galdyrýardy, ellerini kelemenledýärdi. Selbinýaz gelnejem bolsa, başyndaky gyňajynam bir ýana zyňyp, kiçijik ýaglyklyja otyrdy. Özem üç-dört dürli owadan ýüpek matany täzeje sandyga ýerleşdirjek bolýardy. Dogrusy, şol sandygy men ilkinji gezek görýärdim. Ol şeýle bir owadandy, şeýle bir owadandy, ýalpyldysy gözüňi deşip barýardy. Öňler öýe girenimden, gujagyma almak üçin Gülälege topulýan bolsam, bu gezek sandygyň owadanlygyna haýran galmadan ýaňa öwelip, bosagada gymyldaman duruberdim. Beýle sandyk heniz obamyzda hiç kimde ýokdy: dikligi bir metr, uzynlygy iki metr bolan çaklaňja kiçijik sandyk agaçdan gurnalypdyr. Öňüne dürli reňkli galaýydan owadan nagyşlar edilipdir. Birgeňsije gulplary bar. Agyz iki tarapa serpilip açylýar.

Selbinýaz gelnejem kakamyň hyýrsyz ýüzünden çekindimi ýa-da ilde-günde ýok matalaryny görkezmejek boldumy, hasanaklap, ýerinden gozgandy-da, sandygyň öňüne badalga boldy. Soňam matalary sandyga başly-barat oklaşdyrdy. Sandygyň agzyny ýapdy. Soňam bäbegini gujagyna aldy. Şundan soň ýaşmagy ýadyna düşen bolarly, bir elini gyňajyna ýetirip, başly-barat orandy. Gyňajynyň çowy bilen agzyny ýapdy. Bize bakyp «Töre geçiň» diýen manyda elini düşege salgap goýberdi.

Kakam düşege geçmedi. Gapynyň agzynda çökdi. Birhaýuk içini hümledip oturansoň, ardynjyrady. Oňa geplemek agyr düşýän bolarlydy. Bir ýer dyrmady, bir Selbinýaz gelnejeme seretdi-de, ýene ençeme gezek ardynjyrady.

—Gelin—diýip, soňra ol agraslyk bilen söze başlady.—Abdylla-ha diýseň gowy ýigitdi...

Selbinýaz gelnejem sesini çykarman, ýüzüni ýere saldy. Çagasynyň eljagazlaryny oýnan bolup güýmendi. Kakam dowam etdi:

—Men-ä ony öz jigimden üýtgeşik görmezdim...

Selbinýaz gelnejem birsyhly dymdy. Kakam haşlap, uludan dem aldy:

—Ol ýigidiň yzy dargamal-adäldir.—Kakam her sözüni aýdyp dymýardy. Selbinýaz gelnejemiň ýüzüne gözlerini mölerdip seredýärdi.—Onuň maşgalasy hem il agzyna düşmeli däldir... Hana, gözüň alnynda kempir nädip otyr...—Şeý diýip, kakam Mamur ejäniň tamyna tarap baş atyp goýberdi.—Kim bilýär, ertir seniň, meniň başymda näme boljak! Şonuň üçin ätjek ädimiňi saýgarybrak ätseň gowy...

Selbinýaz gelnejemiň gaşlary çytyldy. Ýüzi kürşerdi. Ýöne sesini çykaryp bilmedi. Kakam gaýtmak üçin ýerinden galdy. Ýöne daşaryk çykybermedi. Ýene geplemäge durdy:

—Näme kömek gerek bolsa-ha, aýt, seni aç-hor etsek, ýüzümize tüýküräý. Isleseň, işlemän oturyber. Özümiz göz-gulak bolarys... Ýok, bärde oňjak däl diýseňem, abraý bilen ataň öýüne ýygnan. Alaç ýok, başa şeýle iş düşdi. Eltip geleli.—Kakam ýene uludan dem aldy.—Abdylla pahyram ölmän gezip ýören bolsa, kim bilýär, başlygam bolsa bolardy, raýkomam...

Kakam şeý diýenden, Selbinýaz gelnejem ýaltyldap, ýüzüni kakama tarap öwürdi. Onuň gözleri şeýle bir gazaplydy welin, içiňden geçip gelýärdi.

—Ýigit seň ýalylarüçin urşa gidip köýdürdi-dä ömrüni...—diýip, kakam soňra sesini birneme gataltdy.

Selbinýaz gelnejem birden ýaşmagyny syryp goýberdi-de, ýuwaşja gepledi. Ýuwaş hem bolsa, onuň sesi gahardan gaýnap durdy:

—Ol özi üçin giden bolaýmasyn urşa?!

Sylanman, öz gepine jogap berleni üçinmi ýa-da öňdenem şu niýeti ýüregine düwüp gelipmi, kakamsag eliniň süýem barmagy bilen howa kesip gygyrdy:

—Erkek kişä, onda-da gaýyn aga ýaly bolup ýören adama ýaşmak syryp, dil gaýtaryp bilýän gelin hiç zatdanam gaýtmaz. Men indi seni tanadym. Seniň her hili wejeralykdan gaýtmajakdygyňa-da ynandym. Başlyk bilen baş goşanyň ile doldy. Bilinmeýändir öýtme. Ýöne sen bir zady ýatda bek sakla, Abdyllanyň adyna ysnat getirseň, millet seni şu obada-ha ýerletmez!

Selbinýaz gelnejem ýene sesine gahar çaýyp, ýuwaşja gepledi:

—Obada kimiň ýerläp, kimiň ýerlemejegini häzir aýdyp bolmaz!

Kakam gaýdyp zat diýmedi. Atylyp daşaryk çykdy. Men bolsam, çaga ümbilmezligi bilen içerde galdym. Kakamyň Selbinýaz gelnejeme käýemesine ýüregim awady. Kakam sebäpli Selbinýaz gelnejemiň ýanynda diýseň utandym. Kakam çykansoň, Selbinýaz gelnejemem gözlerinden boýur-boýur ýaş dökdi. Meniň oňa nähilidir bir ýagşylyk edesim gelýärdi. Düşege geçip, çagajyga topuldym. Öňkülerim ýaly Gülälegi elime almak isledim. Bäbege el uzadanym hem şoldy welin, Selbinýaz gelnejem meni itip goýberdi-de, ýüzümi aldy:

—Tur, ýok bol senem, ganjyk. Şu öýe biriňiziň toýnagyňyz düşäýmesin!

Selbinýaz gelnejemiň bu bolşy meni atdan ýykylan ýaly etdi. Şeýle bir gynandym, şeýle bir gynandym welin, keýpim bozulyp, gursagym dükürdiden doldy. Daşaryk nähili çykanymy duýman galdym. Hiç kimden beýle sögünç eşidip görmämsoň, beýle itilmämsoň, bu boluş maňa diýseň ýokuş degdi. Kemsinmeden ýaňa janym çykaýjak bolýardy. Şeýdeni üçin Selbinýaz gelnejemden diýseň öýkeledim, hem indiden beýläk ony-da, Gülälejigi-de görmän oňmaly boljakdygyma-da gynandym. Men olary nähili gowy görýärdim ahyry! Ol bolsa maňa düşünmedi.

Kakam öýe gaýdan eken. Men ylgap, ýene onuň yzyndan ýetdim. Ol ýolboýy hem sögünjiräp barýardy.

—«Arkaly köpek gurt alar» diýenleri-dä. Arkaly ganjyk-da! Gör, onuň: «Obadan kimiň gitmeli boljakdygy belli däl!» diýşini! Ol maňa: «Seni gidirerin!» diýjek boldy. Başlygyna daýanýa ol. Hany, göreris, Mömin başlyk senem näçe gün oýnaş edinäýerkä?! Elinde pyrlap, saňsar edip goýberýän aýaly diňe sen-ä dälsiň!

Öýe baranymyzda, ejem öňümizden hasanaklap çykdy:

—Waý-eý, eýgilikmi bir? Ýüzüň-gözüň ak tam-la seň?!—diýip, ol içerik sümlüp barýan kakamyň yzyndan atyldy.

Kakam ejemiň ýüzüne-de seretmän:

—Men ony öldirin!—diýip gygyrdy.

—Waý, beýtmäwer!—diýip gygyrdy-da, ejemem kakamyň yzyndan öýe girdi.

Gapy berk çekilip ýapylansoň, men öýe girip bilmedim. Şonuň üçin ejem bilen kakamyň näme gürrüň edenini bilemok. Ýöne olaryň hüňürdisi, ejemiň aglamjyrap ýalbarýan sesi uzak wagtlap dowam etdi. Men diňe ejemiň: «Çagalary döküp gitjekmi?!» diýip nalaýanyny eşidip galdym.

Esli wagtdan soň ejem daşaryk çykdy. Biş-düşi bilen bolup başlady. Gapy açylansoň, kakama seredip görmek üçin içerik kürsäp urdum. Kakam bagryny ýere berip, ýüzin düşüp ýatyrdy. Hatda ol maňa tarap ýüzünem öwürmedi. Özüme-de käýeläýmeginden gorkyma men derrew daşaryk dazyrdap çykdym.
15 лайков 154 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.