- Haýsy haýwanyň awusy has howply? - Töhmetçiniňki!
Meśhurlar hakda...
Bir gezek beýik amerikan ýazyjysy Mark Tweniň eý görýän iti ýitipdir. Ol gazetleriň birine bildiriş berip, itini tapyp berene ýigrimi dollar möçberinde baýragyň garaşýandygyny mälim edipdir. Birki günden ol ýiten it barada, heý, habar eden bolmadymyka diýip, redaksiýanyň işiginden ätläpdir. Görse, redaksiýada garry şweýsardan başga hiç kim ýok diýýä.
- Hany bu işgärler nirede? - diýip, Twen oňa ýüzlenipdir.
Ýazyjyny tanamadyk ýaşuly göwünli- göwünsiz dillenipdir.
- Haýsydyr bir Twen itini ýitiripdir-de, tapana baýrak yglan edipdir. Hemmeler şonuň gözleginde...
Bir ýola Maýakowskiý köpçülikde çykyş edip duran eken. Şol wagt kimdir biri oňa şeýle mazmunly hat ýollapdyr: "Biz - dostum ikimiz siziň goşgularyňyzy okap, hiç zada düşünmedik".
- Akyllyrak dost saýlamaly ekeniň - diýip, şahyr jogap beripdir.
Goşgy ýazmak bilen meşgullanyp ýörenleriň biri belli nemes şahyry Geýneden bir günde näçeräk goşgy döredýändigi bilen gyzyklanypdyr.
- Bir goşgy, käwagt bolsa şol goşga bir aýymy sarp edýän - diýip, Geýne jogap beren.
- Men bolsam, günde onlarça goşgy ýazyp bilýän - diýip, goşgy ýazýan öwnüpdir.
- Onyň dogry, ýöne seniň eserleriň ömri gysga - diýip, şahyr jogap beripdir.
Nobel baýragynyň eýesi meşhur fizik Nils Bor faşistleriň gabawundan gutulmak üçin 1943-nji ýylda Kopengagenden gaçyp gidýär. Ol laureatyň altyn medalyny ýany bilen äkitmäge töwekgellik edip bilmän, ony eredip, şa aragyna(düzümi azot we duz kislotasy) garýar. Çüýşäni kümede goýup gidýär.
Uruşdan soň gaýdyp gelensoň, Bor elektrik ýoly bilen garyndydan gyzyly saýlap alyp, täze medal ýasadýar.
Diogenden sorapdyrlar:
- Haýsy haýwanyň awusy has howply?
- Töhmetçiniňki!
Matematik Bossýue erbet kesälläpdir. Onuň ýanyna dost-ýarlary ýygnanypdyrlar.
- Munuň eýýäm dem almasy galaýan ýalyla - diýip, kimdir biri dillenipdir.
Häzir, azajyk tagapyl ediň, men ondan sorap göreýin - diýip, hekim onuň sözüni bölüpdir.
- Bossýue, on ikiniň kwadraty näçe bolar?
- Ýüz kyrk dört - diýip, syrkaw jogap beripdir.
Rim serkerdesi Gaý Ýuliý Sezar öz esgerlerine galkandyr ýaraglaryny gymmatbaha daşlar bilen bezemegi buýrupdyr.
- Näme üçin? - diýip, onuň gol astyndakylar geňirgenipdirler.
- Asgynlap yza çekilenimizde, esgerler ýaraglaryny taşlap gaýtmazlygy ýaly - diýip, Sezar düşündiripdir.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.