-Bir gaýynenesi söýen-ä geldi. 1
Kakamyrat ATAŸEW / NAMYRAT.
Hekaýa
Gyşdy. Çille döwrüdi. Daşarda şatlama aýaz hojaýynlyk satýardy. Bulutlar sähra guşlaryny, süri- süri gargalary goýnunda gizläp biljek derejede ýere juda golaý gelipdiler. Ýüzüni garaňka tutup, gyýalap, tozgalap, uşaklap, gyşyň ilkinji ak gary ýagyp başlapdy. Aňzakda gulagy-burny çym-gyzyl bolan Nedir iki elini owkalap, hababaýlap işden geldi. Daş işikde durup, aýagyny tarpyldatdy, köwşüniň, üst-başynyň garyny kakyşdyrdy. Howlukmaç içeri girip:
-Öwhe-eý, gyş-a gazabyna tutup ugrandyr, Bagtym! – diýdi. Haşlap, kesege dönen ellerini demi bilen ýylatjak boldy.
-Üşäpsiň. Artyp, birden sowaýdy-la, gyz!
Öten tomusdan bäri Nedir bilen bir düşekden bile örýän Bagty gelin kynlyk bilen ör turup, pejiň ýanyndan ärine ýer berdi. Ol toýlydy, aýagy agralyp
başlapdy, ilkinji perzendini dünýä getirmek üçin gün- günden gabarýardy.
Nedir daşky eşiklerini çykaryp, asawaçdan ildirdi.
-Geçen ýyllaram şular ýaly sowuk bolýamydy?
-Adam pahyryň janyna ýaranma barmy nä? Gyşa sowuk diýýä, tomsa yssy diýýä, tenekar diýýän- ä ýok – diýip, Bagty gelin çäýnek bilen käsäni äriniň öňünde goýdy.
Nedir pejiň alkymyna dykylyp oturyşyna:
-Bagtym, tenekar näm-aý? Kän gaýtalaýaň şu sözi – diýip, düýbünden başga zadyň gürrüňini etdi.
Bagty gelin garaşylmadyk sowala jogap tapyp bilmän, bir pursat oýurgandy. Ol tenekaryň nämedigini anyk bilmeýärdi. Onsoň sowaly jogapsyz galdyrmazlyk üçin:
-Tenekarmy? Janyňa ýaramly zat-da. Gowy zat. Tenekar diýilýä-dä şoňa – diýip, çaklap urdy. – Ejem pahyrdan geçipdir. Şo kän gaýtalardy.
Süňňüne biraz ýyly ornansoň, Nedir dyzyna galyp, äpişgeden daşaryny synlady.
-Bah, gaty uşaklaýar-ow biý-ä. Ertire çenli ýagaýsa gerek. Ýaganam doňar. Ertir iş bir bolarmyka?
-Ertir nan bişirmeli. Nan gutaryp barýar. Artyp, odunam çyg çekendir...
Onsoň ikisem az salymlyk dymyp, ünjä gitdiler. Hersi bir zadyň pikirini etdi.
-Naharymdan habar tutaýyn men. Süňk asdym bu gün – diýip, birazdan Bagty gelin turup gitdi. Derrew dolanyp geldi-de, oturyp uly jama gatap ugran çörek dograp başlady. -Nahar-a taýyn bolýar häzir... Neme, bir zad-a aýdaýyn diýip durdym, gyz. Artyp, eýýäm şu ikarada Şeýtan kakyp aldy-da dilimden.
“Gurduň agzy iýse-de gan, iýmese-de diýen ýaly, Şeýtanam bir gara ýakyn bedibagt. Näme bolsa şoň boýnuna ýüklenäýýär” diýip, Nedir oýlandy. Daşyndan başga zat diýdi:
-Şeýtana gerek bolsa, bize zerurlygy ýok. Jähenneme gitsin! Hany, ýassyk okla maňa. Pej-ä meýmiredip ugrady.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.