Millioneriň syry /Mark Fişer/-4
4-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ADAM BENDILIGE DUÇAR BOLÝAR
Ynha-da biziň ýaş adamymyz şeýle bir owadan bezelen, myhmanlar üçin niýetlenen otagda ýeke özi galdy. Öýüň bezegini synlap, ol gymmatly hatyň bardygyny-da unutdy. Ýerden örän ýokarda
ýerleşýän ýekeje penjire seýilgähe bakyp durdy. Şol ýerden bag hem görnüp durdy. Şol bagda biziň
gahrymanymyz ilkinji gezek gülleri mylaýym söýgi yhlas bilen ideg edip ýören goja millionere gabat
gelipdi. Sabyr-kanagatsyzlykdan ot alyp, ýaş adam gymmatly syrly bukjany eline alanda daş-töwerege
tutuksy ýagtylyk saçyp, doly aý dogupdy. Köp ýyllaryň dowamynda baýlyk onuň üçin ýedi gulpyň aşagyndaky syr bolup galypdy we ynha indi mukaddes açar onuň elindedi.
Ol bukjany açdy, içindäki hatyň gatlaryny açyşdyryp ak, sap arassa kagyza aljyraňňylyk bilen
seretdi. Ol gyssagly kagyzyň arka ýüzüne seretdi. Hiç zat ýok. Iki tarapda-da ýekeje-de belgi ýok. Goja adam ýaly ony aldap urupdy. Hiç hili ýok syr üçin şeýle uly möçberdäki çeke gol çekmek!
Ýöne goja diýseň halal adama çalym edýärdi. Biraz ägä bolmaly eken, ýöne ýere hakyky halal
adamlar hiç wagt hem baý bolmaýarlar diýip ýöne ýere aýdylmaýan bolsa gerek. Näme-de bolsa bu sözlerde belli bir hakykat, megerem, bar bolsa gerek. Belki-de mende hiç hili işewürlik duýgusy ýok,
şonuň üçin-de eşşege şeýle ýeňillik bilen düşendirin diýip ýaş adam pikir etdi.
Ýaş adam gaharyny saklap bilmän haty bölek-bölek etdi we onuň böleklerini galyň ýumşajyk halynyň üstüne seçip goýberdi. Ýekeje duýgy oňa kanagatlanma berýärdi, onuň howul-hara hereketinden hiç kim zeper çekjek däldi, başgaça bolanda onuň durmuşy ähli manysyny ýitirjekdi. Indi näme etmeli? Bolup geçýän zatlaryň ählisi onuň üçin hakyky zatlar däl ýalydy. Ol ýagdaýdan ýekeje çykalgany görýärdi—gaçmalydy. Bu ýerden mümkin boldugyndan çaltrak gaçyp gitmeli. Belki-
de bu ýerde haýsydyr bir howp gizlenip ýatandyr. Oýlanyp oturmaga wagt ýokdy, ýaş adam bu geň-taň mülkde ýene bir gije asla galmak islemeýärdi. Ýuwaşlyk bilen ýöräp, ol gapa golaýlaşdy we hüşgärlik bilen tutawajy çekdi. Nälet siňmiş! Gapy daşyndan ýapylgydy. Ol erbet ýagdaýa düşüpdi. Ýaş adam penjirä tarap okduryldy. Ol ýeňillik bilen açyldy, emma ýere çenli azyndan otuz fut dagy bardy. Megerem, bökäýseň boýnuňy omursaň gerek. Nähili bu ýerden çykmaly? Ýeke täk çykalga hyzmatçyny çagyrmak galypdy. Duýdansyz bu ýerden gitmek indi başartmasa gerek.
Ýaş adam çagyryjy jaňy basdy, emma hyzmatçy gelmedi. Ol ýene bir gezek çagyrdy. Hiç kim
habar almady.
Öýde gum-guklykdy. Megerem, hemmeler ukuda bolsa gerek. Belki-de jaň işleýän däldir. Diýmek, gygyrmak gerek. Ýöne ýaş adam gygyrmaga ýürek edip bilmedi. Eger ähli delilleriň tersine, millioner hakykatdan-da dogruçyllyk eden bolsa näme? Hiç bir esassyz daş-töwweregi öz gykylygyň bilen
oýaryp bolmaz ahyryn. Ahyrsoňy biziň gahrymanymyz ukusyny almagy ýüregine düwdi, emma hiç uklap bilmedi: göz öňünde öten günleriň wakalary janlanýardy. Ol islendik delili tapmaga çalyşdy, emma olaryň
bary-da bolup geçýän zatlaryň düýbünden akla sygmajak zatdygy baradaky barha berkeýän duýga urlup çym pytrak bolýardy. Ak kagyz listi! Bir list ak kagyz üçin on müň funt! Ahyrsoňy gözüne uky geldi, ýöne ol hem ýeňillik döretmedi. Ýaş adamyň düýşüne tutuş gelejekki durmuşy bagly bolup duran
aýratyn möhüm galyň resminama dessine gol çekmegi talap edýän nätanyş bir adam girdi, emma biziň gahrymanymyz oňa aýgytly garşylyk görkezýärdi, sebäbi resminama hakyky arassa ak listlerden ybarat
bir bogy kagyz üýşmegidi...
(dowamy bar)
Mark FIŞER

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.