Millioneriň syry /Mark Fişer/-2
2-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ADAM GOJA BAGBAN BILEN TANYŞ
BOLÝAR
Şol gün hem biziň gahrymanymyz Basym Millioneriň ýaşaýan şäherçesine tarap ýola düşdi. Täsin, diyip ol ýolda barýarka pikire batdy, millioner garaşylmadyk myhmany kabul edermikä? Munuň üstesine-de, ol baýlygyň syryny açmaga döwtalap bolarmyka?
Baryp Basym Millioneriň öýüniň bosagasynda ýaş adam bilesigelijilikden ot alyp, saklanyp
bilmedi. Daýysynyň duýdurandygyna garamazdan, ol bukjany açdy we ilkibada daýym ýalňyşandyr ýa-da üstünden gülendir öýdüp pikir etdi: bukjada sap arassa kagyz bardy!
Lapy keç bolan ýaş adam bu zatlaryň ählisini goýbolsun edip, yzyna dolanmak isledi, emma
eýýäm giçdi: garawul gelen adamy görüpdi. Garawulyň sarsmaýan galany aňladýan ýüzünde hatda
ýylgyrmagyň sähelçe-de nyşany ýokdy.
—Size näme kömek edip bilerin?—diýip, garawul guraksy sorady.
—Men Basym Millioner bilen duşuşmakçydym...
—Ol siziň bilen duşuşmagy gepleşipmidi?
—Ýok, ýöne...
—Sizde hödürnama haty barmy?—diýip, garawul soraýar. Hat bardy, ýöne onda ýeke setir hem ýazylmandy. Uzak pikirlenip durman ýaş adam ýagdaýdan çykalga tapmak kararyna geldi we jübüsinden bukjanyň bir ujyny görkezip, ony dessine yzyna saldy. Garawuly bu ýagdaý kanagatlandyrmady.
—Haýyş edýärin, haty görkeziň.
Biziň gahrymanymyz kyn ýagdaýda galdy. ―Eger men öňa daýymyň hatyny bersem, ol, megerem, meniň üstümden güljek bolýarlar diýip pikir eder, eger şeýle pikir etmese-de bary bir meni goýbermez diýip, ol pikir etdi.
Ine, şu ýerde-de ol daýysynyň aýdan, emma özüniň düşünmedik sözlerini ýadyna saldy:
—Eger sen
haty okasaň, sen ony okamadyk ýaly özüňi alyp barmaly bolarsyň.
Biziň gahrymanymyza başga çykalga galmandy. Ol jübüsinden haty çykardy-da, ony garawula
berdi. Ol, hamala, ony okady, emma şol pursat onuň ýüzünde hiç hili duýgy alamaty duýulmady.
—Örän gowy, girip bilersiňiz.—diýip, ol aýtdy.
Ol ýaş adamy kaşaň öýüň girelgesine alyp geldi. Gapyny birkemsiz geýnewli hyzmatkär açdy.
—Size näme gerek.—diýip, ol sorady.
—Men Basym Millioner bilen duşuşmakçydym.
—Ol häzir boş däl we sizi kabul edip bilmez. Baş üstüne, bagda garaşaýyň. Gapy hyzmatçysy ýaş adamy esasan seýilgähe çalym edip duran, merkezinde howuz ýerleşýän bagyň girelgesine çenli ugratdy. Ýodajyklar bilen gezelenç edip we ajaýyp daragtlary synlap, ýaş
adamyň gözi daşyndan seredeniňde ýaşy ýetmişden hem agan goja—gülüň uçlaryny çyrpyp ýören bagbana düşdi. Giň etekli saman şlýapa onuň ýüzüni ýapyp durdy. Baga gelen adamy görüp, bagban öz
işini goýupdyr we oňa seredip ýylgyrypdyr. Onuň ýiti, şadyýan gök gözleri ýaşlyk hyjuwy bilen şöhle saçýardy.
—Sizi bu ýere näme alyp geldi.—diýip, bagban mähirli soraýar.

— Düşnükli. Eger gizlin bolmasa näme sebäpli?
—Bilýäniňi näme, men...Düşünýäňizmi, men ondan maslahat soramakçydym...
—Düşnükli...
Bagban öz gülleriniň ýanyna dolanyp barmakçydy, emma birden pikirini üýtgedip, gelene ýeýle
sowal bilen ýüz tutdy:
—Ýogsam-da bolsa, sizden bir bäşlik tapylmazmy?
—Bäşlik?—diýip, ýaş adam gyzaryp, ondan gaýtalap sorady.—Mende diňe...diňe 5 funt bar, ol mende bar bolan ähli pul.
—Örän gowy. Maňa şondan köp pul gerek hem däl. Bagban bu ýaş adamdan onuň iň soňky puluny almaga mähetdeldi, emma, geň galaýmaly, şeýle
ýagdaýda-da onuň daşky sypatynda nähilidir bir asyllylyk, beýan edip bolmajak özüne çekijilik bardy.
—Men höwes bilen bererdim, ýöne beýtsem, soňra mende yzyma dolanmaga pul galjak däl.—diýip,
ýaş adam aýdypdyr.
—Siz näme şu gün yzyňyza dolanmakçy bolýaňyzmy?
—Ýok...Has dogrusy nahili boljagyny heniz bilmeýärin.—diýip, ýaş adam has aljyrap
hüňürdedi.—Men Basym Millioneri görmän yzyma dolanyp biljek däl.
—Eger şu gün size pul zerur däl bolsa, näme üçin siz ony maňa karz bermäge çekinýärsiňiz? Ertir hem olar size zerur bolmaz. Kim bilýär, belki siz ertir millioner bolarsyňyz.
Bu sözler ýaş adam üçin mantyga gabat gelmeýän ýaly göründi, emma başga bir bahanalary ol
tapyp bilmedi. Ol puluny çykaryp bagbana berdi. Gojanyň ýüzi ýylgyryşdan ýagtylyp gitdi.
—Adatça adamlar bir zatlar soramakdan ýaýdanýarlar, haçanda karara gelenlerinde bolsa, olara tutanýerlilik ýetmeýär. Munuň özi uly ýalňyşlykdyr.
Şol pursat bagda hyzmatkär peýda boldy.
—Ser,—diýip, ol goja uly hormat bilen ýüzlendi.—Siz maňa 5 funt berip bilmersiňizmi? Aşpez
işden çykyp gidýär we doly hasaplaşmagy talap edýär, mende bolsa 5 funt ýetenok.
Bagban ýylgyrdy we jübüsine elini sokup, ondan galyň, birnäçe müň funtdan ybarat pul daňysyny
çykardy—ýaş adam olaryň arasynda ýigrimi we elli funtlyk pullaryň bardygyny görüp ýetişdi. Ol bu ýere geleniň şeýle kynlyk bilen bermäge mejbur bolan 5 funtlyk puluny olardan sogrup aldyda hyzmatkärine uzatdy. Ol minnetdarlyk boldirdi, baş egdi we çaltlyk bilen hem bu ýerden gitdi. Ýaş adam tolgundy. Nähili bihaýalyk—haçanda öz jübiň puldan doly wagty iň soňky 5 funtuňy
almaklyk—bu akla syganokdy. Näme üçin siz menden pul soradyňyz?—diýip, ol bar güýjüni gaharyny sakllamaga sarp edip,
hüňürdedi.—Olar size zerur hem däl ahyryn.
—O nähili ―zerur däl,—diýip, bagban garşy çykdy.—Serediň, mende ekeje-de 5 funtlyk pul
ýokdy.—Ol bir bogy pullary gözden geçirip, düşündirmäge durdy.—Men oňa 50 funtlyk puly berip bilmezdim ahyryn, dogry dälmi?
—Aýtsaňyzlaň, näme üçin şonça puly öz ýanyňyzda göterýärsiňiz?
—Bular meniň sowalga pullarym,—diýip, bagban jogap berdi.—Men mydama-da gapjygymda 10
müň funt puly saklaýaryn. Ýöne şeýle, bir iş ýüze çakaýsa gerek bolar.
—10 müň?—diýip, ýaş adam gümmi-sümmi etdi.
Ahyrsoňunda-da, ol düşündi. Diýseň mylakatly hyzmatkär, jübüsinde bolsa ummasyz köp
möçberde pul...
—Siz Basym Millioner ahyryn, şeýle dälmi?
—Häzirki wagtda şeýle.—diýip, bagban aýtdy.—Sizi görenime şat. Aýtsaňyzlaň, sizi kim bu ýere iberdi?
—Meniň daýym. Ol bir wagtlar siziň onuň bilen öz syrlaryňyzy paýlaşandygyňyz barada aýtdy.
Siziň bu syry ilkinji ynanan adamyňyz meniň daýym bolmaly.
—Hawa-la, meniň ýadyma düşýär. Bu ir wagtlar bolupdy. Diýlişi ýaly, ähli zehinli adamlar kimin,
ol aýratyn üýtgeşik pikirlenmegi başarýardy. Siz näme, siz näme üçin şu wagta çenli baýap bilmediňiz? Haçan-da bolsa bir wagt siz özüňize şu sowaly berip gördüňizmi?
—Umuman, ýok.
—Ine şundan-da başlamak gerek. Eger isleseňiz, bu babatda , hut häzir açyk pikiriňizi aýdyň, men bolsa siziň pikirleriňiziň akymyny yzarlaýyn.
Ýaş adam birnäçe ýygra, şowsuz synanyşyk etdi we aljyrap dymmaly boldy.
—Gördüňizmi,—diýip Basym Millioner aýtdy.—Siz öz pikirleriňizi daşyňyzdan aýtmaga endik
etmedik adam. Siziň ýaşyňyzdaky adamlaryň arasynda hakyky baý adamlar az däl. Käbirleri birwagt millioner boldular, beýlekileri indi-indi özleriniň ilkinji millionlaryny gazanyp başladylar.
Ýeri gelende
aýtsak, haçanda Aristotel Onassis, şol wagt onuň 26 ýaşy bardy, Günorta Amerikadan Angliýa gämi
gurluşyk imperiýany döretmek arzuwy bilen gidende, onuň bank hasabynda eýýäm 350 000 funt bardy.
—26 ýaşda?—diýip, ýaş adam gaýtalap sorady.
—Munuň özi Edgar Ponyň hekaýasyndaky hat bilen bagly waka çalym edýär,--diýip, Basym
Millioner sözüni dowam etdi.—Ýadyňyza düşýärmi? Polisiýa işgärleri öýden bir haty gözleýärler, tutuş
öýi agdar-düňder edýärler, emma bary bir haty tapyp bilmeýärler, çebäbi hiç kim ony gizlemändi, ol iň
göze görnäýjek ýerde ýatyrdy. Bu hekaýa Emersonyň ýörelgeleriniň birine ajaýyp goşundy. Polisiýa
haty hyýala getirmegiň ýetmezçiligi sebäpli tapyp bilmeýär. Ýa-da bolmasa, başgaça aýtmaly bolsa, ozaldan gelýän ýalan ynam sebäpli.Olar gözlenilýän hatyň aç-açan görünäýjek ýerde ýatyp biljekdigine
garaşmaýardylar, şol sebäpli-de olar ony nazardan sypdyrypdylar.
Ýaş adam dykgat bilen, barha artýan gyzyklanma bilen ony diňleýärdi. Hiç kim we hiç wagt oňa şeýle zatlary gürrüň bermändi. Onuň çaltrak gymmatly syry bilesi gelýärdi. Ol bir zada ynanýardy, eger
hatda millionerde hakykatda hiç hili syr ýok bolsa-da, bary bir ol parasatly, hatda çylşyrymly zatlary-da
ýönekeý we düşnükli düşündirip bilýän gürüňçil adam.
(dowamy bar)
Mark FIŞER

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.