milyonerin syry 1-njy bolum

Diýseň baýasy gelýän zehinli bir ýaş adam bolupdyr. Elbetde, şol wagta çenli, muny gizläp dyrmagyň hajaty ýok, onuň ähli synanyşyklaryndan tamasy çykmandyr we olar şowsuz tamamlanypdyr, ýöne ol özüniň bagt ýyldyzynyň dogjakdygyna çyn ýürekden ynanypdyr.Öz işiniň ahyrsoňy şowly boljakdygyna garaşyp, biziň bu ýaş ýigidimiz ikinji derejeli reklama agentlikleriniň birinde assistent bolup işleýärdi. Bu ýerde oňa şeýle bir gowy zähmet haky tölenmänsoň, ýaşadam bu işiň özüne barha ýaramaýandygyny duýup başlady. Bu işe höwesi asla ýokdy ol dagy näme etsin!Ýaş adam haýsydyr bir başga iş bilen meşgul bolmak barada arzuw edip başlady. Meselem, meşhur ýazyjy bolmak. Özüniň ähli pul meselelerini çözüp biljek kitaby ýazmaly we munuň üstesine-de bu iş awtora meşhurlyk getirip biljekdi. Gynansak-da, ýaş adam hakyky edebiýat nusgasyny döretmek üçin özýniň zehininiň we başarnygynyň ýetjekdigine ynamy ýokdy. Ynanaýyň, arassa boş kagyz sahypalaryna köňül boşlugyňy we ruhy garyplygyňy çyrşap oturmakda, eýsem many barmy?Şeýlelikde, gün yzyna gün geçdi, ýyl aýlandy.Ýaş adam üçin onuň gündelik işi çydap bolmajak jeza öwrüldi. Her gün ir bilen wagtyny gazetleri okamak weöz gol aşagyndakylara gulluk hatlaryny ýazmak bilen meşgullanýan, soňra bolsa tagamlyja günortanlyk nahary garaşýan restorana tarap ýumlugýan başlygyny bolsa asla görmek islemeýärdi. Munuň üstesine-de, bu başlyk her 5 minutdan öz pikirini üýtgedip durmak we bir-birine düýbünden çapraz gelýän buýruklary bermek sungatyna ussatlarça emel edip bilýän adamdy. Eger bar iş başlik bilen bagly bolsady... Gynansak-da, ýaş adamyň daşyny olaryň işi-de ýüreklerine düşen kärdeşleri gurşap alypdy. Göwnüňe bolmasa, olaryňählisi-de öz ykballaryna kaýyldylar we gelejek barada arzuw etmegi bes edipdiler. Olara özüňiň baş maksadyň—ähli zady äpberip, ýaziji bolmak baradaky arzuwyň barada gürrüň bermek dogrusynda pikir etmek hem mümkin däldi. Hiç kim ol sözleri dogry kabul hem etjek däldi. Ýaş adam kärdeşleriniň arasynda özüni edil nätanyş ýurda düşen ýaly we ýerli dili asla bilmeýän ýaly duýýardy.Her duşenbe güni ol öňdäki iş hepdäni nädip geçirerkäm diýen duýgular bilen ukudan oýanýardy. Oňa iş stolunyň üstündäki kagyz üýşmegi-de, reklama agentliginiň üsti bilen öz awtoulaglaryny, çilimlerini, piwosyny... satmak isleýän müşderileri-de asla gyzykly däldi. 6 aý ozal bu ýaş ýigit işden çykmak barada arzasyny ýazypdy. Şondan bäri ol azyndan 10 gezek dagy başlygynyň otagyna jübüsi arzaly giripdi, emma ony başlygyň stolunyň üsünde goýmaga milt edip bilmedi. Mundan 3-4 ýyl ozal ol, belki-de, beýle ikirjiňlenip durmasa-da durmazdy, emma indi her gezek ony nämedir bir zat, haýsydyr bir güýç... saklaýardy,belkide, ol zat gorkaklykdyr... Ozallar ol has gujurlydy. Indi ol zatlar nirä ýok boldy? Wagt geçýärdi, biziň ýaş ýigidimiz bolsa haýsydyr bir zada garaşýardy, üstünlik barada arzuw edýärdi, ýöne mydamalyk arzuwçyl adama öwrülip, hiç bir hereket etmeýärdi. Belki-de munuň bary onuň durşuna bergä batanlygy sebäpli şeýle bolandyr? Belki-de, ol garrap başlandyr(sebäbi bu proses haçanda adam özüniň geçmişini görmegini bes eden pursatlary herekete gelip başlaýar)?Dogrusyny aýtsak biziň gahrymanymyz özi bilen nämeleriň bolup geçýändigi barada hiç bir zat hem bilmeýärdi. Ine-de, ajaýyp günleriň birinde, haçandahas gussaly pursatda otyrka, ol birdenkä özüniň millioner daýysynyň bardygyny ýadyna saldy. Megerem, daýysy ýegenine gowy maslahat berer, belki-de, biraz puljagaz eçiler...Biziň gahrymanymyzyň daýysy, mylakatly we mähirli adam, dessine öz ýegeni bilen duşuşmaga razylyk berdi, emma oňa ýeke şaý hem bermedi. --Sen näçe ýaşyňda?—diýip, daýysy ýegeniniň iç dökmelerini diňläp bolandan soň sorady.--Otuz iki—diyip, ýaş adam daýysynyň gepi nirä çekýändigini aňyp, çekinjeňlik bilen pişirdady.--Gepiň gerdeşine göra aýtsak, Jon Pol Getti ilkinji millionyny 23 ýaşyna çenli gazanypdy. Mende-de seniň ýaşlaryňda eýýäm ýarym millionym bardy. Näme üçin sen şu wagta çenli pul karz berilmegini sorapgelýärsiň? --Ýöne men eşek ýaly işleýärin, kähalatlarda hepdede 15 sagatdan hem düşýär...--Sen, hakykatdan-da, agyr zähmet baýlyk getigýändir diýip ynanýarmyň?--B-bilmedim, iň bolmanda maňa şeýle diýip öwredipdiler.--Bir ýylda sen näçeräk gazanç edýärsiň? 15 müň funta bir ýetýärmi?--Takmynan şeýleräk.--Kimiň ýylda 150 müň gazanjy bolýan bolsa, ol senden on esse köp işleýändir öýdüp pikir edýärsiňmi? Elbetde, beýle däl. Bu asla fiziki taýdan mümkin däl: her näçe ylgasaň-da, hepdede 168 sagatdan köp wagt ýok.—diýip, daýysy aýdypdyr.—Diýmek, eger kimdir biri senden on esse köp gazanç edýän bolsa, özem şunda senden on esse köp hem işlemeýän bolsa, onda seniň ýaly däl-de, düýbünden başgaça hereket edýän bolmaly. Onda seniň pikir hem etmeýän zadyň-- haýsydyr bir syr bolmaly, şeýle dälmi?--Megerem, şeýle bolsa gerek.--Gowy ýeri sen muňa ahyrsoňy düşündiň.Adatça adamlar şuňa-da düşünmeýärler. Olar gündelik zerurlyklar üçin gazanç etmek bilen şeýle bir meşgul welin, hatda olaryň biraz aýak çekip we özleriniň maliýe meselelerini nädip düýpli çözüp boljakdygy we näme üçin muny şu wagta çenli etmändikleri barada oýlanmaga hem wagtlary ýok.
Ýaş adama ylalaşmakdan başga çäre galmaýar. Özüniň namysjaňdygyna we arzuw-hyýallarynyň uludygyna garamazdan, ol şu wagta çenli öz ýagdaýy barada hiç-hili pikir etmändi. Mydama-da bir zatlar onuň ünsüni sowýardy. Daýysy biraz salym dymyp oturdy, soňra bolsa ýegeniniň gözüne dikanlap seretdi. Onuň dodaklary mylakatly, ýeňiljek ýaňsyly ýylgyryş zerarly çekilipdi. --Eşidýäňmi, men saňa nähili kömek edip boljakdygyny bilýärin. Bir adamyň ýanyna bararsyň, bir döwür ol maňa baýamaga kömek edipdi. Oňa Basym Millioner hem diýýärler. Onyň barada eşidipdiňmi?--Ýok, ýeke gezegem däl.--Ol hamala, dessine, edil bir gijäniň içinde diýen ýaly baýandygy barada hemmelere aýdypdy, sebäbi ol baýlyga barýan ýolyň syryny açypdy. Bu adam islendik adama şeýle çalt baýamaga kömek edip biljekdigi barada, iň bolmanda edil millioner ýaly pikir etmegi öwretmäge ýardam edip biljekdigi barada ynandyrýar. Hany, aýtsana, sen, hakykatdan-da baýamak isleýärsiňmi?--Hawa, bu meniň iň uly islegim.--Munuň özi ilkinji we baş şert—zerur şert bolup durýar, emma ol hem ýeterlik däl.Ýene-de nähili edilmelidigini bilmek gerek.Ýaş adam çalaja egnini çekdi. Daýysy diwarda asylgy duran uly karta tarap öwrüldi we çeträkde ýerleşýän az ilatly kiçijik bir şäheri görkezdi.--Ol şu ýerde ýaşaýar. Sen ol ýerde bolup görüpdiňmi?--Hiç haçan.--Onda näme, töwekgellik et, ol ýere git, onuň bilen duşuş, bolup biler, ol saňa öz syryny açar. Sen onuň öýüni dessine taparsyň, ol tutuş şäherçede iň owadan öýdür.--Daýy, eger siz şol syry bilýän bolsaňyz, näme üçin ony maňa ynanmaýarsyňyz? Şonda maňa haýsydyr bir näbelli ýerlere gidip ýörmek hem gerek bolmaz.--Onuň sebäbi, muňa meniň hukugym ýok. Basym Millioner meniň bilen öz syryny paýlaşanda, ol dessine maňa bu syr barada hiç haçan we hiç kime aýtmajakdygym barada kasam etdirdi. Ýöne ol maňa bu syry kimden eşidendigim barada islendik adama gürrüň bermäge rugsat berdi.Ýaş a dam barha artýan gyzyklanma, geň almak we bilesigelijilik bilen diňleýärdi.--Daýy, dogrudan-da siz hiç bir zat aýdyp bilmeýärsiňizmi?
--Hiç bir zat. Meniň bar edip biljek zadym saňa teklip bermeklik.Işi uzaga çekdirmän, onuň daýysy äpet dub stolyň çekerini açdy we ondan ýalpyldawuk ak kagyz çykardy. Galamyny eline alyp, ol gyssagly birnäçe setir hat ýazyşdyrdy, haty epledi, ony bukja saldy we ýylgyryp ony ýegenine uzatdy.--Ine, saňa hödürnama,--diýip, ol aýtdy.—Ine-de, Basym Millioneriň salgysy. Ýöne bir zady berk belle, sen bukjany açmajakdygyňa maňa söz bermelisiň. Eger sen haty okasaň seniň bahaň gara şaýa-da degmez. Şonda sen haty okamandygyň barada jögülik etmeli bolarsyň, emma bary bir, mälim bolşy ýaly, temeni haltada saklap bolýan däldir.Ýaş adamdaýysynyň näme barada gürrüň edýändigini biljek bolup alada galypdy. Ahyrsoňy ol şeýle netijä geldi, goý, ähli zat öz ugruna gidibersin. Onuň daýysy mydama-da geň häsiýetli adam hökmünde tanalýardy. Şonuň üçin hem ýegeni ony sowallary bilen heläk edip oturmady-da, minnetdarlyk bildirip, çykyp gitdi.2-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ADAM GOJA BAGBAN BILEN TANYŞ BOLÝARŞol gün hem biziň gahrymanymyz Basym Millioneriň ýaşaýan şäherçesine tarap ýola düşdi. Täsin, diyip ol ýolda barýarka pikire batdy, millioner garaşylmadyk myhmany kabul edermikä? Munuň üstesine-de, ol baýlygyň syryny açmaga döwtalap bolarmyka?Baryp Basym Millioneriň öýüniň bosagasynda ýaş adam bilesigelijilikden ot alyp, saklanyp bilmedi. Daýysynyň duýdurandygyna garamazdan, ol bukjany açdy we ilkibada daýym ýalňyşandyr ýa-da üstümden gülendir öýdüp pikir etdi: bukjada sap arassa kagyz bardy!Lapy keç bolan ýaş adam bu zatlaryň ählisini goýbolsun edip, yzyna dolanmak isledi, emma eýýäm giçdi: garawul gelen adamy görüpdi. Garawulyň sarsmaýan galany aňladýan ýüzünde hatda ýylgyrmagyň sähelçe-de nyşany ýokdy.--Size näme kömek edip bilerin?—diýip, garawul guraksy sorady.--Men Basym Millioner bilen duşuşmakçydym...--Ol siziň bilen duşuşmagy gepleşipmidi?--Ýok, ýöne...--Sizde hödürnama haty barmy?—diýip, garawul soraýar.
Hat
2 лайков 71 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.