IDEALLIDER-den "Ne öli ne diri. 4-nji bölüm"
Ne öli ne diri. 4-nji bölüm.
...Ondada Mukam-aga ýaşulylaryň ýanynda edebi saklap, ýumrugyny gysyp:
— Näme ol oglan awariýa düşeninde erkekligi gopup galaýypdyrmy? Inni ol oglan lola öwrüläýipdirmi? Özi gelmän sizi ugradypdyrweli janybir sagmy ýigidiňiziň? — diýdiweli, ýaşulylar ýüzlerini salladylar. Olar uludan dem alyp:
— Ini-batyr, duzlamaweri. Gaharlanma, haýşt-edýäs köşeşeweri. — diýişip zordan seslendiler. Soňra olar:
— Ol dogmamyzyň edenini hiçzat bilen ýuwup bolmaz, size ýetirilen jebiriň öwezini hem hiçzat bilen doldurup bolmaz. Siziň maşgalaňyza agyr jepalar berdik. Şondada iň-bolmanda, az-owlagam bolsa azabyňyzy azaltmak üçin biz nämeler etmeli!? — diýip ýene ýüzlerini ýere salladylar. Beýle diýildigi, owadanlap "Para-peşgeş, pul, gymmatly zatlar alyňda, oglumyzy türmä basdyrmaň" diýildigidi. Näme jogap beräýmelisihä bellile weli, arman ak-sakal ýaşulylarda. Ak-sakal gojada bolsalar aga-gara düşünýändirler, diýse bolar içiňi-döküp ýürek-bulaýjy hapa-paýş sözler, ýöne eneler hem barda. Mukam-aga hyrçyny dişläp:
— Ýigidiňiziň ýeke-özüni ýanyma ugradyň. Diňe ýeke-özüni. Inni bolsa ýaşulylar, meni bagşlaň. Gyzym dynç almaly. Gidip bilersiňiz. — diýip olardan ýüz öwürdide gyzynyň ýanyna geçip, Serwiniň elinden tutup oturdy. Gojalar mundan beter islendik sözüň, hatda "Bagşlaň" sözüniň hem artykmaç bolup işi has-bulaşdyrjagyny aňyp sessiz gapydan çykdylar. Mukam-agada gyzynyň ýanynda az oturup, soň bazara telewizor almaga gitdi. Çykyp gideninden ep-esli wagt soň Serwi, gapynyň ýanynda bir saçsyz, gaşsyz, ak-bedenli bir çagajygyň özüni synlap duranlygyny gördi. Ol çaga Serwini boýdan-başa içgin-içgin synlaýar. Serwi içinden "Çaga agyr keselli öýdýän. Keselinden ýaňa saçlary-gaşlary galmandyr. Şu ýatyşym hem ýetik, çaganyň keseli ýokançly bolup ýanyma geläýse, bu halyma onuň keseli hem maňa ýokuşaýsa!? Allajan özüň gaýrat-bereweri" diýip gorkup dileg etdi hem gözlerini ýumdy. Belki çaga "Gyz uklady" diýip aňry gider. Serwi hem şeýle pikiri edip uzak-wagtdan soň çalaja gözlerini açyp jyklady. Ýok. Çaga entegem synlap dur. Ol çagajyk, aňyrdan başga bir adamyň, ýagny Mukam-aganyň gelýänini görüp öz-palatasyna ýöneldi. Mukam-aga hem bazara baryp, gyzynyň görmegi üçin telewizor satyn aldy hem bir gurnaýjy-ussa tutup gelip gyzynyň palatasynda gurnatdy. Mukam-aga:
— Gyzym, gowmy ýagdaýlaň? — diýeninde Serwi näme jogap berjegini bilmän kakasyna aňkaryldy. Ýaňky "gapydaky çagajyk" gelmesin diýip nädip aýtmaly!? Telewizory işledip, gyzynyň hem krowadyny telewizor görerýaly gurnap ýaňybir birinji kinony goýanlaryndan, palata bir ýaş oglan kürsäp girdi. Üsdi-başy geýnüwli, ak-ýagyz, durmuşda ejir-görmänligi bes-belli. Mukam-agada, Serwi hem bu oglana aňkarylyp galdylar. Oglan, az wagt seretdide, nämeler diýjegini bilmän Mukam-aganyň aýagyna ýykylyp gujaklap:
— Ýaşuly meni öldürmeli, meni... Ine men agam näme etseňiz sesimi çykarman duraryn. Näme etseňiz ediň ýaşuly... — diýip aglamaga başlady. Serwiniň gözlerinden gahar-gazap odunyň uçgunlary syçraýar. Mukam-agada:
— Hany ýigit geç şu ýerik otur. — diýip göni Serwiniň dik maňlaýynda Oglany oturtdy. Nämçündir oglanyň göz-ýaşlary hakyka meňzänok. Mukam-aganyň özi hem Serwiniň gapdalynda oturup:
— Niýeti gowy adam nähili bolandada "Taňry-salamyny" berer. Niýeti hapa-pis adam salamsyz hereket eder. Sen inim şol maşyny süreňde içgilidiňmi? — diýende oglan ýaşlaryny ýeňi bilen süpürüşdirip:
— Howwa ýaşuly, agşam toýdan soň ýatyp-galyp soň irdenem az-owlak alaýdykda...
+ Onsaň janyň sagmy?
— Howwa. Maňa zat bolmady...
+ Onda inim bar sen öýüňize git. 50-60-yňa hiçzadam bolmaz. Gowja ýüklenip gel. Onsaň gürleşäýers. — diýende oglan aňka-taňka bolup "Bolýa bolýa" diýen äheňde kellesini ýaýkap palatadan çykyp gitdi. Serwi içinden "Kakamjana näme boldy!? Men bärde beýle bolup ýatyryn. Kakama bolsa pul-para alada. Näme meň arymy alman para alyp göýberäýjekmikä" diýen dumanly pikirleri kellesinde aýlap, kakasyna ýüz-berjeginem, gaty-görjeginem bilmän gözlerini ýumdy. Halk arasynda aýdylýan "Lalyň diline ejesi düşüner" diýileni. Mukam-aga hem gyzynyň nämeler pikir edýänine düşündi we, düşünşmegi soňa goýmagy makul bildi. Aňyrsy 1 ýa 2 sagada ýetmän, hälki towsanaklap çykan oglan, palatanyň içinde, 2 sany uly paket-puldan doly, ýükli peýda boldy. Her elinde 1 paket pul. Bu gezek Mukam-aga, gyzyndan rugsat soraman palatadan çykyp ýigide garap:
— Düş yzyma! — diýip oglany yzyna tirkäp hassahanadan çykdy...
4-nji bölümiň soňy. Dowamy bar.
Awtor: IDEALLIDER.
Bellik: Awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerlerde paýlaşmak gadagan edilýär.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.